Ahal-teke atlary - Türkmenistanyñ taryhy bilen berk bagly. Biziň eýýamymyzdan ozalky giňişlik bar». «Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňburun buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary howada owsun atýar». Biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda ýazylan bu ruhlandyryjy setirler bolsa, gadymy rim taryhçysy Appiana degişlidir. Täze eýýamyň başynda gadymy meşhur grek geografy we taryhçysy Strabon: «Nusaý bedewleri iň iri we owadan atlardyr, olary pars şalary münýärler» diýip tassyklaýar. Parfiýalylaryň gelmegi bilen ajaýyp bedew Mesopotamiýadan Hindistana çenli ägirt uly giňişligi özüne tabyn eden kuwwatly döwletiň mertlik nyşanyna öwrülýär. Parfiýa patyşalarynyň mesgen tutan ýeri bolan Täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly tapylan at şekiljikleriniň arasynda sowut bilen üsti bürelen, söweş tuwulgasy geýdirilen söweşijiniň atynyň şekili tapyldy. Dünýäde ilkinji söweşjeň esgerler hem şu jelegaýda - Parfiýada döräpdir. Soňra bolsa atlary demir sowut bilen örtmek usuly gaýduwsyzlygyň we asyllylygyň nyşany hökmünde bütin dünýä ýaýrapdyr. Ilkinji asylly söweşiji bolsa Parfiýa patyşalygyny esaslandyryjy Ärsak I bolupdyr. Gelip çykyşy boýunça türkmen bolan Ärsak I ýerli taýpalaryň grek - makedon basybalyjylaryna garşy gozgalaňyna baştutanlyk edýär we Parfiýan welaýaty diýlip atlandyrylan Köpetdagyň eteklerindäki sebitleri grek hökümdarlaryndan halas edýär. Şeýdip, ol geljekki kuwwatly döwletiň düýbüni tutýar. Gadymy awtorlaryň biri şeýle ýazýar: «Parfiýalylar onuň hatyrasyny şeýle bir belent tutýarlar we henize - bu güne çenli hem ähli parfiýa patyşalary Ärsagyň ady bilen atlandyrylýar». Ärsak at bolman, eýsem lakam bolan bolsa gerek. Ol lakam öz köküni «ar», «är» diýen gadymy türkmen sözlerinden alyp, «erkek adam», «gaýduwsyz adam» diýen manyny berýär. Plutarh parfiýalylar hakynda şeýle ýazýar: «Birmeňzeş ýeňillik bilen towsup münmäge we zerurlyk ýüze çykanda göze ilmez çaltlyk bilen çar ýana pytrap gitmäge ezber parfiýalylar duşmany peýkam bilen päsgelçiliksiz gyrgyna salmak üçin atly goşunlaryny bölek-bölek ýerleşdirýärler».

«Ganatly bedew», «behişdi bedew», «daglaryň gerşinde ýaşaýan bedew» - bular Hytaýyň we Hindistanyň, Müsüriň hem-de Wawilonyň, Gresiýanyň we Rimiň gadymy rowaýatlarynda hem-de ertekilerinde gudratly bedew hakdaky meňzetmeleriň hemmesi däldir. Bu halklaryň köpüsi üçin atlar arzyly olja we gymmatbaha sowgat bolupdyr. Olar barada hytaý imperatorlary we rus patyşalary arzuw edipdir. Hytaý olary «gan syçradýan bedew» diýip atlandyrýar we biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda behişdi bedewlerini ele salmak üçin Orta Aziýanyň üstüne iki gezek çozýar. Atyň watanyny kesgitlemekde alymlary näme howsala saldyka? Megerem, olary atlaryň bu görnüşiniň dürli asyrlara we müňýyllyklara degişlidigine hem-de biri-birinden juda alyslarda ýaşandygyna seretmezden, ählisiniň meňzeş beden gurluşlary haýran galdyrandyr. Goý, ol Altaý depeleriniň müdimi doňaklyklarynda gowy saklanan, ähli şaý - esbaplary bolan söweşjeň atyň galyndysy, ýa bolmasa müsür şalarynyň araba goşulan atlarynyň şekilleri bolsun, tapawudy ýok, olaryň ählisiniň ahalteke bedewlerine mahsus gurluşy, ýagny guraksy sazlaşykly beden gurluşy, belent gerşi, inçe aýaklary, gyzgyn hyjuwy, gowy gyrkylan ýallary bar.