Ahmed ShadTürkmen aýdymçy.

Ahmed Shad
Doglan wagty we ýeriAhmet Atajanow
Mart 8, 1993 ý
Mary, Türkmenistan
Galam adyAhmed shad
KäriAýdymçy
DiliTürkmen dili
RaýatlygyTürkmen

Terjimehaly

düzet

Aýdymçynyň hakyky ady we familýasy Ahmet Atajanow. Saza bolan söýgüsini ýaşlygyndan görkezip başlady. Ene-atasy ýigidiň islendik işini höweslendirdiler we onuň hemmetaraplaýyn ösmegi bilen gyzyklandylar.

Çagalar bagynda A.Atajanow aýdym-saz mugallymy bilen goşmaça işledi. Ahmet 5 ýaşyndaka, Mary aýdym-saz mekdebine girdi we başarnygy sebäpli taýýarlyk synpyna gitdi. Ýaşlygyna garamazdan, köp sanly aýdym-saz ýaryşlarynda ýeňiş gazanmagy başardy. Bularyň biri “Merjen daneleri” bolup, Ahmed inkär edip bolmajak ýeňiş gazandy. [1] Ahmet yzygiderli konsertlere we festiwallara gatnaşýardy. Boş wagtlarynda öz deň-duşlary ýaly köçede däl-de, aýdym-sazyň üstünde işleýärdi. Orta bilim alandan soň, Ahmet uniwersitetiň Ykdysadyýet fakultetinde okaýar. Mundan başgada ýigit watan öňündäki borjuny ýerine ýetirip gulluk etdi.

Ýaş hünärmen harby ýa-da ykdysadyýet ugrynda karýera gurup bilerdi. Döredijilige bolan hakyky söýgüsi onuň geljekki durmuş ýoluny kesgitledi.[2]

2013-nji ýylda Russiýa göçüp gelen Ahmet aýdym-saz sahnasynda ilkinji orny eýelemäge synanşdy. Aýdymçy "Страдаю без тебя" aýdymy bilen ilkinji gezek çykyş etdi. Bir ýyldan soň "Дорога в никуда" kompozisýasy görkezildi. Soň bolsa sazanda ýene-de birnäçe eseri hödürledi. 2016-njy ýylda döredijilik karýerasyny soňlamagy karar etdi.

Birnäçe ýyl bäri aýdymçy hakda hiç zat bilinmeýärdi. Döredijilik krizisi hyjuwly ýigidi özüni tanatmak üçin täze ýerler gözlemäge mejbur etdi. Emma ähli synanşyklary netijesiz boldy. AhmedShad näme etse-de, mydama aýdym-saza gaýdyp gelýärdi.

2019-njy ýylda aýdymçy döredijilik bilen täzeden täzeden meşgullanmak kararyna geldi.

Salgylanmalar

düzet
  1. ru, 1text. "AHMEDSHAD (1text.ru)". 1text.ru. 
  2. "AHMEDSHAD biografiýasy". biogr.net.