Ahmet Şa DürranyOwganystanyñ düýbüni tutujy we Dürranylar dinastiýasynyñ ilkinji hökümdary. 1722-nji ýylda Penjabyñ Multan diýen ýerinde dogulýar we 1773-nji ýylda Toba Maruf diýen ýerde aradan çykýar. Sadozaý maşgalasyndan abdal taýpasynyñ kethudasy Muhammet Zaman Hanyñ ogly. 1737-nji ýylda tussag hökmünde Nedir Şanyñ ýanyna ugradyldy. Az wagtyñ içinde Nedir Şanyñ ynamyna girip 1745-nji ýylda Mazenderanyñ häkimi bolýar. 1747-nji ýylda Ahmet Dürrany Nedir Şanyñ öldürilmeginden soñra kowumdaşlary bolan puştulary bir ýere jemläp Owganystana ýöriş edýärler. Gandagara gelip, Hajy Jemalyñ tabynlygyndaky barekza, Şaweli Hanyñ tabynlygyndaky bamiza, Jahan Hanyñ tabynlygyndaky popelza ýaly puştu taýpalaryny toplap, "Loýa Jirga" diýip atlandyrylan uly gurultaý geçirdi we owganlaryñ patyşalygyna saýlandy. Aýratynam oña hormatlap "Dürr-i Dürran" ("Dürleriñ Düri") lakamyny berdiler. Kabuly we daş-töwereklerini ele geçirenden soñra 1747-69-njy ýyllarda Hindistana dokuz gezek ýöriş geçirdi. Lahory we Multany basyp aldy. Horasana ýöriş edip, 1750-nji ýylda Hyrady we Maşady eýeledi. 1757-nji ýylda Delä ýörişe çykanam bolsa, goşunynda köpçülikleýin ýokanç keseliñ ýaýramagy bilen ýörişden el çekdi. 1758-nji ýylda Penjaba yzly-yzyna ýöriş gurnap, Hindi goşunyny Panipatda derbi-dagyn etdi. Sihleriñ gozgalañyny basyp ýatyran bolsa, Penjaby doly tabynlygyna salyp bilmedi. 1760-njy ýylyñ başynda ol eýýäm Amyderýadan tä Hind okeanyna çenli giñişlikde öz tabynlygyna salypdy. 1761-nji ýylda Maratalara garşy aýgytlaýjy ýeñiş gazandy. 1764-nji ýylda Hindistana ýañadandan uly ýöriş gurnady. Ömrüniñ soñky ýyllaryny Toba depeleriniñ arasyndaky Murgapda geçirdi. Ahmet Şa Dürrany kakabaş owgan taýpalaryny ýeke-täk baýdagyñ aşagynda jemlemegi başarypdyr we häzirki Owganystanyñ düýbüni tutupdyr. Aradan çykanynda onuñ guran imperiýasy Amyderýanyñ kenarlaryndan Hindistana, Tibet daglaryndan Horasana çenli uzalyp gidýärdi. Şeýle-de bolsa, döwlet sistemasy sagdyn döwlet ýörelgelerine oturdylyp ýetişmändi. Döwlet dolandyryşynda öz saýlap alan taýpa kethudalaryndan düzülen dokuz adamlyk geñeşçi topary bardy, şol sanda ýerli han-beglere hem özbaşdaklyk berilendi. Ahmet Şa Dürrany biziñ türkmen edebiýatymyzda giñden beýanyny tapan beýik şahsyýetdir. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyñ Ahmet Şa Dürrana ýüzlenip we onuñ adyny agzap geçen birnäçe goşgusy bardyr. Hatda şahyryñ agalary Abdylla we Mämmetsapa, şeýle-de şahyryñ obadaşy Çowdur Hanyñ hem Ahmet Şa bilen duşuşyk geçirmäge barýan türkmen atly delegasiýasynyñ hatarynda Owganystana gidendikleri we bu Eýran hökümeti tarapyndan duýulyp, şowsuzlyga uçradylandan soñra näbelli ykballary baradaky rowaýat halkyñ dilinden düşmän gelýär.