ABUL HASAN ALY ibn al-Hüseýin al-Masudy (9. asyryň aýagy-956/57)-arap taryhçysy, georafy, syýahatçysy,Gelip çykyşy boýunça arap, Bagdatda doglupdyr. Ol ömrüniň köpüsini syýahat edip geçiripdir. Ol Eýranda, Hindistanda, Seýlonda, Demirgazykda, Afrikada, Hytaýda, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Orta Aziýada we başga ýerlerde bolupdyr. Ol Fustatda (köne Kairde) ölüpdir. Masudy taryhy we geografiýa degişli 7 iş ýazypdyr. Şondan has görnüklileri: "Döwrüň habarlary" ("Ahbar az-zaman") we "Orta kitap" ("Kitab al-ausat") biziň döwrümize gelip ýetmändir. Onuň biziň döwrümize gelip ýeten 1 ýygyndysy "Altyn ýuwyjy we gözel gülleriň mesgeni" ("Muruj az-zahab we maadin al-jawahir") diýen kitap bolup, awtor ony 943 ýylda ýazypdyr. Onda gadymy grekleriň, rimlileriň ýerleri, patyşalary barada, araplaryň taryhy (halif Muta çenli, 946-974) hakynda, bşga-da dürli ýurtlaryň we halklaryň, hususan-da Gündogar Ýewropa halklarynyň jemgyýet gurluşy, durmuşy we başgalar barada maglumatlar berilýär. Ol iş bütin bir taryhy -geografik ensiklopediýadyr. Awtoryň II ýygyndysy "Öwüt-nesihat we ynamdarlyk kitaby" ("Kitab at-tanbih wa-l-işraf") diýen georafik iş bolup, ol 956 ýylda ýazylypdyr. Awtoryň musulmançylyk dini taglymaty we hukugy baradaky kitaplary biziň günlerimize gelip ýetmändir.

Al-Masudy