Al-Merwezi — Orta asyrlarynyň görnükli alymlarynyň biri. Oltakmynan 770-nji ýylda Merw (häzirki Mary) şäherinde eneden dogulýar. Al-Merweziniň terjimehaly, onuň döredijilik işleri henize çenli doly öwrenilmändir. Ol hakda käbir žurnallarda we kitaplarda az-owlak çap edilen materiallara duş gelýäris. Al-Merwezi meşhur Muhammet ibn-Musa Al-Horezmi bilen bir döwürde ýaşap, ol Bagdatdaky ,,Akyldarlar öýüniň’’ agzasy bolupdyr. Ol astronomik gözegçilikleri şol ýerdäki obserwatoriýada alyp barýar. Al-Merweziniň ylmy- derňew işlerinde gowy netijeler gazanan ýyllary 825-835-nji ýyllar bolupdyr.Ol astronomiýa bilen köp gyzyklanypdyr, üç sany astronomik tablisany düzüpdir. Şolardan biri hindileriň ,,Sindhind’’ tablisasynyň ýaňadandan işlenip çykarylanydyr. Beýleki ikisi bolsa Al-Merweziniň geçiren ylmy-derňew işleriniň netijesinde özüniň düzenidir. Al-Merwezi matematikanyň köp ugurlary bilen gyzyklanypdyr.Ol trigonometriýadan hem işler ýazýar. Şol işleriň arasynda tangensiň we kotangensiň tablisasynyň berilmegi ylymda Al-Merweziniň adyny has-da ýokary galdyrýar. Birnäçe maglumatlara görä Al-Merweziniň astrolýabiýany , gün sagadynyň konstruksiýasyny ýasanlygy we astronomiýanyň başga birnäçe möhüm meseleleriniň üstünde işländigi hem bize mälimdir. Al-Merweziniň ogly Abu-japar ibn Hebeş hem öz döwrüniň tanymal matematigi we astronomy bolup, birnäçe astronomik esbaplary oýlap tapan , kämilleşdiren we ýasan alymdyr.Al-Merweziniň ýiti zehinli bolanlygy we başarjaňlygy üçin ýurtdaşlary we egindeşleri oňa Hebeşhasib diýen lakamy dakypdyrlar.Onuň bu lakamyna biz birnäçe edebiýatlarda duş gelýäris.Alym Ýewropa ýurtlarynda Almerwanus lakamy bilen tanalýar.

Al–Mamun 813-nji ýyla çenli hökümdarlygyň gündogar ülkeler boýunça dikme-si (hökümdary) bolupdyr we Merwde ýaşapdyr. Onuň Al- Horezmi bilen ilkinji tanyş-lygy şu ýerde bolup, soňra Bagdada işlemäge çagyrlan bolmagy mümkindir. Al- Horezmi öz işleriniň birinde Al-Mamun barada öwgüli sözlerini aýtmak bilen onuň ylmy ösdürmäge goldawyna uly baha berýär.

Ahmet Al-Merwezi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň käbirlerini getireliň:

  1. Üç galtaşýan tegelek barada kitap atly geometriýa ylmyna degişli bolan eser;
  2. Damask diýlip atlandyrylýan tablisa;
  3. Zij (Günüň we Aýyň arasyndaky aralyklar we olaryň hereketleri barada maglumat-lar berilýär);
  4. Mamunyň ziji;
  5. Globusy duýmak we onuň bilen işlemek barada kitap;
  6. Sferiki astrolýabiýa bilen işlemek we onuň täsinlikleri;
  7. Şanyň ziji, “Aralyklar we jisimler baradaky kitap;
  8. Astrolýabiýany gurmak barada kitap;
  9. Gün sagady we gnomonlar barada kutap;
  10. Gorizontal, wertikal, ýapgyt we gyşyk tekizlikleri gurmak barada kitap;
  11. Tekiz astrolýabiýany gurmak barada kitap;
  12. Demirgazyk we Günorta astrolýabiýany gurmak;
  13. Görünýän täze Aý barada kämil traktat;
  14. Bagdatdaky gözegçilik barada kitap;
  15. Damaskdaky gözegçilikler barada traktat.

Ahmet Al-Merwezi Harun Al-Mutasim döwründe hem ylmy işler bilen meşgullanýar we takmynan ýüz ýaşap, 870-nji ýylda (käbir ylmy çeşmelerde 864-nji ýa-da 874-nji ýyllar diýlip görkezilýär) aradan çykýar.