Alaýuntly — Häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşaýan türkmen taýpa-tireleriň düzüminde bu etnonimler duş gelmeýär. Muňa seretmezden, alaýuntly we alat diýen taýpa atlary iňňän gadymy türki, şol sanda türkmen etnonimleriniň biridir, çünki ol baryp gadymy türki we hytaý ýazuw ýadygärliklerinde köp agzalýar. Gadymy türki dillerde ýund sözi «ýylky, at» diýen manyda ulanylypdyr. Hat-da Mahmyt Kaşgarly ýylky ýylyny-da ýund ýyly diýip atlandyrypdyr. Ýunt sözi «baýtal» manysynda häzire çenli türk dilindäki ýona we ýonaçy sözleri hem şu söz bilen asyldaş bolsa gerek. Diýmek alaýontly 一«Ala atly» diýen manydadyr. Hytaýda Tan imperiýasy döwründe ýazylan senenamalarda we «Tun-dýan» diýen hytaý ensiklopediýasynda bu türki etnonim eloçži (okalşy: Alat), Alan, helan görnüşlerde ýazylypdyr we «ala at» diýlip terjime edilipdir. Biziň eramyzyň başlaryndaky hytaý çeşmelerinde bo-ma diýen türki etnonim agzalýar. Ol alat (ala at) diýen türki adyň hytaýça kalkasydyr. Şol çeşmelerde ýazylşyna görä, alatlar baradaky ilkinji maglumatlar şu eranyň IV asyryna degişlidir. Şol döwürde alatlar Hytaýdaky Huanhe derýasynyň boýundaky Ordos düzlüginiň demirgazygynda ýaşapdyrlar. VII asyrda olaryň uly bölegi Altaý daglarynyň demirgazyk taraplaryna göçüpdirler. Özbaşdak taýpalygyny ýitiren alatlaryň uly topary oguz türkmenleriniň (peçenegleriň), bulgarlaryň, gypjaklaryň arasyna siňip gidipdirler. Irki orta asyrlarda alatlaryň bir topary alaýondly, alaýondlyg diýip atlandyrylmaga başlaýar. Bu atlaryň ikisi-de şol bir manyny aňladýar. XI asyr alymy Mahmyt Kaşgarly 22 (hakykatda 24) türkmen taýpasynyň 17-nisi hökmünde Ula-ýondulug diýen taýpanyň adyny ilkinji gezek tutýar. Ol bu taýpanyň tagmasynyň şeklini hem şeýle görkezýär. Reşideddin (XIV asyr), türk alymy Ýazyjy ogly (XV asyr), Salar baba Gulaly ogly (XVI asyr), Abylgazy (XVII asyr) ýaly alymlaryň işlerinde Alaýontly 一adam ady, ýagny Oguz hanyň Dag han oglundan bolan agtygynyň ady hasaplanýar. Reşideddin, Salar baba bu adyň manysyny «gowy Mally», «Maly gurat», Ýazyjy ogly we Abylgazy bolsa «Ala atly» diýip düşündirýärler. Garagalpak alymy, ýazyjy Daulen Aýtmuratow alaýuntly etnoniminiň aslyny alaýunlog (ýagny «alaýüňlek») sözlerinden gözleýär we onuň «alaçokully», «ala saçly» diýen manysynyň tarapyny tutýar. Onuň pikiriçe bu at gadymy türkleriň kellesinde (depesinde) çokul, örülen saç goýmak däbi bilen baglanyşyklydyr. Her biçilen bolsa-da, biz bu etnonimiň «ala atly» manysynyň tarapyny tutýarys,çünki, birinjiden, hytaý çeşmeleri, şeýle-de, Ýazyjyogly we Abylgazy bu adyň hut şu manydadygyny nygtaýarlar. Ikinjiden, türki halklar, şol sanda türkmenler aty mukaddes mal hökmünde eý görüpdirler. Muny «Ertir turup, ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen türkmen nakyly hem tassyklaýar. Häzir alat we alaýontly diýen etnonimler Türkmenistanda duş gelmeýän hem bolsalar, bu taýpanyň wekilleri Çärjew oblastynyň (Lebap welaýaty) territoriýasynda öň ýaşapdyrlar. Muňa Farap raýony bilen serhetdeş bolan Alat raýonynyň we demir ýol stansiýasynyň (Buhara oblastynda), şeýle-de, Üçajy posýologynyň ýakynyndaky Alat diýen guýynyň atlary güwä geçýär[1]. Türk ensiklopediýasynda bu taýpa bagyşlanan makalada bolsa ony şeýle atlandyrýar. Ulaýundlug ýa-da Ulanýundluk taýpasy Oguz han dessanyna görä Oguz Türkmenleriniň 24 taýpasyndan biri bolup, Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwanylugatittürk» atly kitabynda ýigrimi iki Oguz taýpasynyň 17-njisi Ulaýundlugdyr (Alaýuntly). Bu sözüň manysy «Ala "الا ala" "Ala tenli." + "يند yund" "at. Bu jyns atdyr." + "luğ" bolsa köplük goşulmadyr. Häzirki wagtda Anadolyda Kütahýa şäheriniň 11 km günorta gündogarynda ýerleşen «Alaýund» atly bir oba bardyr.[2]. Ol oba Mardin ili, Dargeçit illeri bilen oba bolup oturýarlar[3]. Alaýuntly taýpasynyň guşy awçy guşdyr (falco vespertinus). Süýegi 一uja bilen gapyrga[4].

Çeşme

düzet

[1] Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmeniň şejere daragty). Aşgabat. «Turan一1» 1994. sah-40-42.

[2] A Glossry of Historical place names in Turkey (iňlisçe)

[3] TDK Uly Türkçe Sözlük

[4] Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşgabat 2001. sah-83.