Albert Eýnşteýn
Albert Eýnşteýn (14 Mart 1879 – 18 April 1955) — Modern fizikanyň 2 sütüninden biri bolan[1] Otnositellik teoriýasyny; kwant teoriýasyny we statistk fizikany esaslandyran Germaniýada doglan fizik.[2]
Albert Eýnşteýn |
Bilimi we zähmet ýoly
düzet1900-nji ýylda Sýurih politehnikumyny tamamlady. Ondan soňra ilki Winterturda, soňra Şafhauzende mugallym, Berndäki federal patent býurosynda ekspert (1902—1909); Sýurih uniwersitetinde professor (1909), Prussiýa we Bawariýa Ylymlar Akademiýasynyň agzasy (1913), Berlin uniwersitetiniň professory we fizika institutynyň direktory (1914) hökmünde işledi. Şol ýyllarda Eýnşteýn otnositellik teoriýasynyň, şöhlelenmäniň kwant teoriýasynyň, statistik fizikanyň, Broun hereketiniň we şöhlelenme teoriýalarynyň üstünde işledi. 1921-nji ýylda Fotoeffekt kanunlaryny açanlygy we teoretiki fizika baradaky işleri üçin Nobel baýragy bilen sylaglandyryldy.
Çeşme
düzetTürkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 10, sah. 269
Salgylanmalar
düzet- ↑ Fujia Yang; Joseph H. Hamilton (2010). Modern Atomic and Nuclear Physics. World Scientific.
- ↑ Albert Eýnşteýniň biografiýasy - Nobel fondy.
Bu biyografiýa sisaýetçi makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biografiýa ylymly makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biyografiýa fizik makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biyografiýa matematikçiler makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |