Alma – Alymlar dünýäde iň peýdaly miwäniň almadygyny ylmy barlaglaryň netijesinde subut etdiler. Elbetde,almada bar ýokumlar beyleki miwelerde-de bar. Ýöne almanyň düzümindäki ýokumlaryň birleşmesi has ygtybarly hasaplanýar. Halk içinde , esasanam gelin – gyzlaryň arasynda alma adamlary ýaşardýan miwe hökmünde has hem gowy görlüpdir. Arheologlaryň tassyklamagyna görä, adamzat döräli bäri alma iň elýeterli miwe bolupdyr. Ilkidurmuş adamlarynyň gowaklaryň diwarlarynda çeken suratlarynda ähli miweleriň içinden diňe almanyň suraty köp bolup,ony hatda Müsür faraonlarynyň gurup giden piramidasynyň diwarynda hem görmek bolýar. Gadymy Rim alymy Pliniý bolsa şol döwür almanyň 23 görnüşini öz işinde sanap geçipdir. Öňler harby gullugyna gidýän esgerleriň azyk paýlaryna alma hökman goşulypdyr. Şunuň bilen birlikde ,alymlaryň arasynda alma rim esgerleriniň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr diýen çaklama hem bar. Almanyň düzümindäki C ýokumy bedeniň keselden goraýjylyk ukyby pes bolanda ,kämahal ýokanç hem-de sowuklama keselleriniň üstünden eltýär. A ýokumy - bedendäki alyş-çalyş ýagdaýyny kadalaşdyrýar. Deriniň,süňküň,görüş ulgamynyň sagdynlygyny üpjün edýar. G ýokumy iýmit siňdirişiň kadaly bolmagyna hem-de boýuň ösmegine gowy ýardam edýär. Onuň düzümindäki demir bolsa ganazlykdan ejir çekýänler üçin peýdaly ýokumdyr. Alma flawanoidlere hem baý miwe bolup,olar antioksidantlyk häsiýetine hem eýedir. Bu bolsa almanyň ýürek-damar keselleriniň öňüni almak ukybynyň bardygyny aňladýar. Bir almadaky antioksidant üç pyrtykalyňka hem-de sekiz bananyňka garanyňda 1,5 esse köpdür. Almadaky fenollar gandaky holesteriniň işini kadalaşdyrýar. Alma- kaloriýasy pes miwe bolansoň,ony kempuda derek iýmegem bedeniň süýj bolan islegini kanagatlandyrmaga ukyply. Çünki bir almanyň düzüminde 70-100 kaloriý bar. Almanyň şiresi agyz boşlugyndaky dişiň syrçasyny zaýalaýan bakteriýalary ýok edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar her nahardan soň bir almany iýmegi maslahat berýäler.
Paulys Realenzyklopädie der klassischen Altertumswissenschaft, Brockhaus and Efron Encyclopedic Dictionary, Gujin Tushu Jicheng, Metropolitan Museum of Art Tagging Vocabulary, Encyclopædia Britannica 11th edition, Collier's New Encyclopedia, 1921, The New Student's Reference Work