Altymyrat Orazdurdyýew 1969-njy ýylyň 16-njy iýunynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda eneden bolýar. Maşgalasynda ondan başga-da 4 erkek dogany bar. Altyşka onuň lakamy bolup, ol Aziýa oýunlarynda özüniň nämelere ukyplydygyny, iň esasysy bolsa türkmen topragynyň bihal däldigini, ýiti zehinleri dünýä inderýänligini äleme ýaýdy. Bu zatlary gören daşary ýurtlylar Altymyrada, eger öz ýurtlarynyň adyndan çykyş etse diýen zadyny berjekdiklerini aýdanlarynda, Altymyrat ynamly hem kesgitli “Men diňe türkmeniň ýaşyl tugunyň astynda cykyş ederin” – diýipdir. Çünki Altymyrat türkmeniň mukaddes halal duzuny iýip kemala gelen. Altyşkaň tälimçisi Abramýan Brono Sumbatowiç bolup, Aşgabat şäheriniň “Dinamo” toparynda çykyş edýärdi. Türkmen ştangaçylaryndan ilkinji bolup Ýewropanyň ýeňijisi we üç sapar dünýäde iň güýçli diýip saýlanyldy. Altymyrat 66 we 72 kilogram agramlykda çykyş etdi. 1992-nji ýylda Barselonada bolan Olimpik oýunlarda Birleşen toparyň düzüminde çykyş etdi. Emma ýygyndyň baş tälimçisi Wasiliý Alekseýew oňa çykyş etmäne rugsat bermedi. Olimpik oýunlardan bir ýyl soň Altymyradyň böwregine operasiýa edýärler. Emma 1997-njy ýylda Aşgabat şäherinde Altymyrat Orazdurdyýew 27 ýaşynda bu dünýeden ötýär.

 Dünýä çempionatynda gazanan sylaglary:

1.Afina şäheri 1989 ýyl, 75 kg agrama çenli, gyzyl medal.

2.Budapeşt şäheri 1990 ýyl, 82,5 kg agrama çenli, gyzyl medal.

3.Melburn şäheri 1993 ýyl, 76 kg agrama çenli, gyzyl medal.

Altymyrat Ýewropa çempionatynda gazanan sylaglary:

1.Aalborg şäheri 1990 ýyl, 82,5 kg agrama çenli, gyzyl medal.

2.Wladyslawowo şäheri 1991 ýyl, 82,5 kg agrama çenli, gyzyl medal.

Aziýa çempionatynda gazanan sylaglary:

1.Hirosima şäheri 1994 ýyl, 70 kg agrama çenli, gyzyl medal. Altymyrat ýaly adamzady haýrana goýjak ogullar ýene-de doglar. Emma hiç biri Altymyradyň ornuny tutup bilmez.