Altyn asyryň altyn zehinleri
Altyn asyryň Altyn zehinleri - ders bäsleşigi. Altyn asyryň Altyn zehinleri - ders bäsleşigi 6, 7, 8, 9, 10, 11, 12-nji synplaryñ arasynda her ýyl döwlet tarapyndan geçirilýän bäsleşikdir. Ilki başda öz mekdeplerinden synag üsti bilen saýlanyp alynan okuwçylar şäher (etrapda ýaşaýanlar etrap) tapgyryna gatnaşýarlar. Şäher tapgyrynda 1-nji, 2-nji we 3-nji ýer alanlar (10-12-nji synplar) welaýat tapgyryna gatnaşýarlar. Welaýat tapgyrynda 1-nji, 2-nji we 3-nji yer alan okuwçylar (11-12-nji synplar) döwlet tapgyryna gatnaşýarlar. Döwlet tapgyryna çykan okuwçylar döwlet tarapyndan her ugra görä welaýatlara alyp gidilýär.
- Welaýatdan 1-nji ýer alan okuwçylar indiki ýyl göni welaýat tapgyryna çykýar. Döwletden 1, 2-nji ýer alan okuwçylar geljek ýyl göni döwlet tapgyryna gatnaşýarlar. Döwlet tapgyrynda jemi 6 sany ýer bar. Olar: 1 sany 1-nji ýer, 2 sany 2-nji ýer we 3 sany 3-nji ýerlerdir. (Eger gatnaşyjylaryň sany has köp bolsa ýerleriň sany köpelýär.)
- Ähli çykdaýjylar döwlet tarapyndan tölenýär