Amerikanyň Birleşen Ştatlary taryhy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döredilmegi
düzetMEỲILNAMA
1. Baknalyklaryň esaslandyrylmagy.
2. Demirgazyk Amerika baknalyklarynyň durmuş-ykdysady ösüşi.
3. Garaşsyzlyk ugrunda uruş.
4. ABŞ-ň döredilmegi.
Amerikany Kolumbyň açmagy we onuň Ỳewropa deňiz ýurtlary tarapyndan özleşdirilmegi Täze Dünýäde günbataryň siwilizasiýasynyň ýaýramagynyň başyny başlady. Demirgazyk Ameriikanyň ykbaly üçin onuň XVIII asyrda Britan baknasyna öwrülmegi aýgytlaýjy waka boldy.şol sebäpden ol ýerlerde göçme baknalar emele geldi, olar ösüşiň uzak döwrüni, ýagny 160 ýyldan gowrak döwürden soň Angliýadan bölünip aýryldy we günbatar ýarym şarynda uly döwleti döretdiler, geljekde ol dünýäniň beýik döwletleriniň biri bolan ABŞ boldy.
Ispan Amerikasynyň uly baýlyklary britan harsy dünýälerini öz gününe goýanokdy. Olary esasan hem amatly ekerançylyk ýerleri (ol ýerlerde az sanly indeýler ýaşaýardylar) gyzyklandyrýardy.
Şonuň üçin London we Plimut hususy aksioner kompaniýalary ilkinjiler hatarynda şol ýerleri baknalyga öwürmeklige girişdi. Olar şa Ỳakaw I Stýuartdan sylag hatyny alyp, täze ýerlere göçüp barmaga başladylar. Demirgazyk Amerikada iňlisleriň ilkinji hemişelik ýaşamaga baran ýeri Jeýmistaun şäherçesidi, ol 1607-nji ýýlda geljekde Wirginiýa baknalygy boljak ýerde emele gelipdi. Ilki-ilkiler göçüp baranlar uly kynçylyklara duçar boldy, açlyk, sowuk howa, keselçilik, indeýler bilen bolan çaknyşyklar. Dine 1616-njy ýýlda ol ýerlere temmäkiniň we öndürilişiniň ýola goýulmagy we ony amatly nyrhda Angliýa satmak ol ýerlere täze adamlaryň gelmegini üpjün etdi. 1625-nji ýýlda tagta çykan Karl I Wirginiýany şa baknalygy diýip jar edýär we ol ýerde öz häkimini belleýär. Wirginiýadaky jemgyýetçilik gatnaşyklar we sosial düzüm beýleki baknalyklara nusga bolýar. Soňky döwürlerde Demirgazyk Amerikada baknalygyň beýleki görnüşleri ýagny, şa baknalaryndan başga hususy baknalar hem döräp başlady. Bu diýildigi indi şa Angliýanyň uly baýlaryna ýer berip başlaýar. 1632-nji ýýlda Karl I lord Baltemora Werginiýanyň demirgazyk bölegini eýeçilige berýär. Meri Lend 1681-nji ýýlda Karl I Uilýan Tenna ýerleri eýelemek hatyny gowşurýar, şol ýerler hem onuň ady bilen baglanyşykly Pensilwaniýany emele getirýär. Penniň özi 1682-nji ýýlda Filadelfiýa şäherini esaslandyrýar. Hususy ýerlere şeýle hem Demirgazyk we Günorta Karolina şeýle hem Nýu-Ỳork obasy ýerleri hem öwrülipdi. 1685-nji ýýlda Nýu-Ỳork obasynyň eýesi gersog Ỳork şa ỲakawII diýip yglan edildi. Baknalygy şa baknalygy adyny aldy. Nýu-Ỳork obasynyň günorta bölegi başga birine satylyp ol Nýu-Jersi adyny aldy. 1732-nji ýýlda Jorjiýa baknalygy hususy baknalyk hökmünde emele gelip, 1752-nji ýýlda ol şa baknalygyna öwrüldi. Ýurduň Demirgazyk gündogar bölegi bilen täze Plimut obasyna esasan hem Angliýadan puritanlar (dini garaýyşly adamlar) göçüp gelip başlady we 1620-nji ýýlda olar “raýat jemgyýetini” döredip häzirki massagusets ştatyny emele getirýär. Emma ol hem 1636-njy ýýlda şanyň tabynlygyna geçýär. Emma şeýle bolsa-da Angliýanyň bu baknalygynda saýlawly häkimligi we öz –özüňi dolandyryşyň ýokary edarasy hökmünde umumy ýygnagyny döretdiler.
Massaçusets Täze Angliýada birnäçe obalaryň döremegine getirdi. Mysal üçin Rod-Aýlend, Konnektikut, Nýu-Gemişer we MEN olar esasan hem Massaçusetsde hem giň ýaýran puritançylyk (ýagny XVI-XVIII asyrda Angliýada dini hereket olar päk boluň göze görünmekligi aňladýan).
Demirgazyk Amerikada esasan XVII asyryň ahyrlarynda XVIII asyryň başlarynda sossial-ykdysady ösüş orta asyrlar görnüşindedi. Şonuň üçin hem ýerleri plantasion görnüşinde ösdürmek ýola goýulyp başlandy. Ol bolsa goşmaça işçi güýjüni (serwentler we garagullar) getirmegi talap edýärdi. Şonuň üçin bu döwürde gul söwdasy has girdejili işe öwrülip başlady. Demirgazyk Amerikanyň baknalyklaryndaky ilatyň esasy bölegi (80 ý) fermerlerdi. Olar iki dürlidi birinjisi şa ygtyýarlaryndaky baknalyklaryň fermerleri, olar esasan öz gün-güzeranyny görmäge maksat edinýärdiler. Ikinjisi ýerlerdäki fermerler. Olaryň ýagdaýý has agyrdy, sebäbi olara salynýan (kwitrenta) salgytlar has agyrdy.
Amerikada dolandyrmagyň (ýagny uly bolmadyk toparyň syýasy we ykdysady dolandyryşy) usuly agdyklyk edýärdi. Ýurtda nesilden-nesle geçýän baý we gurply maşgalalar ýurdy dolandyrýardylar. Emma olar Ỳewropa ýurtlaryndan tapawutlykda, baknalyklarda häkimiýet ýumşak durmuş bolsa kesgitli görnüşde bolupdyr.
Täze Angliýada şäher ýygnaklary ýagny buthana wekilleriniň üýşmeleňi adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu ýygnaklaryň maksady esasan hem jemgyýetdäki dürli gatlaklaryň özara syýasy deňagramlygyny saklamaga gönükdirilipdi.
Baknalyklaryň erkin wekilleriniň durmuş derejesi (onuň dowamlylygy we maddy üpjünçiligi boýunça) Ỳewropa ýurtlarynyňkydan birneme ýokarydy. Baknalyklarda şäherleriň çet gyrasynda ýaşaýanlar onçakly kän däldi. (mysal üçin Angliýa stýuartlar döwründäki garyplar, gedaýlar we ş.m ýaş ýerleri ýaly). Şol bir wagtda egerde Ỳewropany tutuş basybalyşylykly uruşlar gurşap alan bolsa, baknalyklarda ilat asudalykda ýaşaýardy, diňe aýry-aýry wagtlar indeýler bilen çaknaşyklar bolup duryardy. Şonuň ýaly hem baknalyklarda Angliýa we beýleki Ỳewropa ýurtlaryna seredeniňde salgyt ulgamy häli döredilmändi, şalyk ähli çykdajylary oz boýnuna alýardy. Umuman aýdylanda, amerikan jemgyýetinde bu döwürde, ýagny ösüşiň irki wagtynda adam öz başarjaňlygy we çekýän zähmetiniň netijesinden arkaýyn peýdalanyp bilýärdi. Protestant dini adamlary ýokary medeniýetli zähmete, zähmetsöýüjilige, ayawlylyga ugrukdyrýardy. Halal gazanylan baýlyk bolsaa adamyň hudaý tarapyndan ýalkalanyny aňladýardy. Umuman Ỳewropa ýurtlarynyň ýaşaýjylaryna seredeniňde giň ykdysady, syýasy we dini azatlyklardan peýdalanýan amerikanlar, olary giňeltmäge we pugtalandyrmaga çalyşýardylar. Emma şol bir wagtda olar şanyň parlamentiniň baknalyklar barasyndaky syýasatyndan, olaryň garaşly bolmak howpundan howatyrlanýardylar.
XVIII asyryň ortalarynda Demirgazyk Amerika baknalyklary hojalyk gatnaşyklary ösüpdi. Olarda içerki söwda ýola goýulypdy, ykdysady dagynyklygyň ýerine ykdysady gatnaşyklaryň ýakynlaşmagy duýulýardy. Dogrudan hem hakykat ýüzünde olar öz deňiz flotuny, uly möçberde tokaý önümlerini we ekerançylyk ýerlerini edinipdi.plantatorlar-temmäki, tüwi önümlerini öndürip daşary ýurtlara satyp başladylar, gowaçany ekmegiň ilkinji synanyşyklary boldy. Bu döwürde ilatyň sanynyň artmagy hem duýulýardy. (mysal üçin 1688-nji ýýlda 200 müň adam bolan bolsa, 1775-nji ýýlda 2,7 mln gowrak. Baknalyklaryň sosial-ykdysady ösüşini görkezýän dililleriň biri ol hem duralga (port) şäherleriň ösüşi. Olar içerki we daşarky söwdanyň merkezidi. Mysal üçin Boston, Nýu-Ỳork, Filadelfiýa, Baltimor, Ģarlston we başgalar. Şol bir wagtda baknalyklarda ylym, bilim, medeniýet hem ösýärdi. XVIII asyryň başlarynda ol ýerde gazet-žurnallar çap edilip baslady, jemgyýetçilik we hususy mekdepler we kolledžler döräp ugrady. Şol baknalyk kolledžler geljekde dünýä belli amerikan uniwersitetlerine öwrüldiler. Mysal üçin Garward, Prinston, Kolumbiýa uniwersitetleri. Baknalygyň ahyryna amerikan magaryfynyň görnükli wekilleri Jefferson, Jon Adams, Jeýms Medison, Franklin. Bu ýagdaýlaryň hemmesi ösüp barýan milletiň diňe maddy mümkinçilikleriniň däl, eýsem ruhy güýjüniň bardygyny görkezýärdi. Şeýle şertlerde Demirgazyk Amerika ýurtlarynda garaşsyzlyk ugrundaky göreş meýilleri emele gelip başlady. Emma Beýik Britaniýa XVIII asyryň ortalarynda ýurduň diňe içerki ýagdaýlaryny kadalaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem ol ýediýyllyk (1756-1763) uruşda Fransiýadan üstün çykýar hem-de Demirgazyk Amerikanyň we Kanadanyň we beýleki fransuz baknalyklarynyň doly ygtyýarly eýesi bolýar.
Angliýanyň öz baknalyklarynda telekeçiligiň erkinligini çäklendirmek synanyşygy Garaşsyzlyk ugrundaky urşuň ykdysady sebäplerinden biri boldy. Ondan başga-da 1763-nji ýylyň kanuny adamlaryň günbatara özbaşdak göçmegini gadagan edýärdi hem-de hususy ýer eýelerinden, lordlardan alynýan salgydy artdyrdy. 1764-nji ýýlda kabul edilen karar boýunça harytlaryň birnäçesini gümrük pajy girizilýärdi. Şeýle hem 1765-nji ýýlda Amerikada 10 müň adamdan ybarat goşun saklamak karar edildi. Iň agyr kararlardan biri ol hem möhür salgytlarydy. Şol boýunça ähli doldurylýan resminamalar we çap edilýän neşirler hökmany salgyt tölemeli edilýärdi. Beýle çäklendirmeler baknalyklarda güýçli närazylyk döretdi. Ilkinji gezek Demirgazyk amerika baknalykda adamlar şäherleriň köçelerine çykdylar. Olar iňlis hökümetine öz närazylyklaryny bildirýärdiler. Şol bir wagtda agrar hereket hem ýaýbaňlandyrdy, Nýu-Ỳork, Demirgazyk we Günorta Karolina baknalyklarynda ol uly gerime eýe boldy.
1774-nji ýýlda Filadelfiýada ilkinji kontinental kongres ýygnakdy ol esasan hem baknalyklaryň wekillerinden ybaratdy. Onuň kabul eden kararynda baknalyklaryň öz-özüni dolandyryşa hukugynyň barlygy aýratyn nygtalýardy. Şeýle hem 1775-nji ýýlyň martynda Werginiýada bolan kanun çykaryldy. Ýygnakda azatlyk, erkin durmuş we hususy eýeçiligiň ykrar edilmegi barada kararlar kabul edildi. Şeýlelikde Demirgazyk Amerikada garaşsyzlyk ugrundaky urşuň sosial ykdysady, syýasy sebäpleri bişişipdi. Ol 1775-nji ýýlyň 19 aprelinde şol urşuň başlanmagyna getirdi.
1775-nji ýýlyň Magtymguly aýýnda iki kontinental kongress başlandy (birinjisi 1774-nji ýýlda toplanda baknalyklaryň wekilleriniň maslahaty, şonda baknalyklaryň öz-özüňi dolandyryş hukugy hökmünde meselä seredildi, emma ýurt garaşsyzlygyny häli ykrar edenokdy). Ikinji kontinental kongress ozaly bilen özüni amerikan hökümeti hökmünde ykrar etdi. Onda kongressiň agzalary aýgytly hereketlere başlamalydygyny belläp ilki bilen goşuny döretmek zerurulygyny kesgitledi. Amerikanyň geljekki güýçleriniň başynda Werginiýanyň iri ýer eýesi (plantator) we tejribeli söweşişi, polkownik Jorj Waşington goýuldy. Şeýle hem demokrat Tomas Peýn metbugatda “Sagdyn pikirlenmek” çagyrylyşyny çap edip, onda esasan hem baknalyga garşy göreşmän, azatlygy gazanyp bolmaz, diňe garaşsyzlyk we dolandyryşyň respublika görnüşi Amerikany beýik geljege getirer diýip belleýärdi.
1776-njy ýylyň Gorkut aýynyň dördünde kongress T.Jefferson tarapyndan düzülen Garaşsyzlyk deklorasiýasyny kabul etdi. Bu waka amerikan däl eýsem bütindünýä taryhy resminamady. Ol hakykat yüzünde ilkinji adam hukuklarynyň deklorasiýasydy. Onda “Ähli adamlar deň ýagdaýda dünýä indi, olara beýik ýaradan tarapyndan birnäçe bölünmez huhuklar berlen, olardan ýaşamaga, erkinlige we bagtly bolmaga ymtylyş hukuklarydyr. Her gezek haçanda dolandyrmagyň görnüşi üýtgese, hem-de ol ýokardaky maksatlara ters gelse, beýle ýagdaýda halk şol düzgüni üýtgemeli ýa-da dole ýok etmäge hukuklydyr” diýip belleýär.
Taryhda ilkinji gezek bu resminama döwlet gurluşynyň esasy hökmünde halkyň özygtyýarlylygy kesgitledi. Şeýle hem Deklarasiýa indiden beýläk baknalyklar “erkin, azat we garaşsyz ilatlardyr” diýip beýan edýär. Deklarasiýada ykrar edilen azat we garaşsyz ştatlaryň uruş yglan etmäge, ýaraşyk baglaşmaga, toparlara (soýuzlara) goşulmaga, söwda etmäge hem-de garaşsyz döwlete mahsus ähli hereketleri etmäge hukuklydyr diýip belleýär. Emma garaşsyzlyk pikiri ähli amerikanlar tarapyndan biragyzdan makullanmady. Köp adamlar ykdysady, syýasy we beýleki sebäpler boýunça Angliýadan bölünip aýryljak däldiler. Olara esasan hem iri ýer eýeleri (hususy baknalyklaryň eýeleri), şa gullukçylary (işçileri), iri söwdagärler we başgalar girýärdi. Olara loýalistler diýip at berildi. (ýagny şa we iňlis parlamenti goldaýanlar)Fermerleriň we arendadorlaryň bir bölegi hem şolara girýärdi. Emma şeýlede bolsa garaşsyzlygyň tarapdarlary ýagny amerikan täjirleriniň we telekeçileriň aglaba bölegi, garaşsyzlygy goldamak üçin uly möçberde pul kömegini berýärdiler. Şeýlede garaşsyzlyk deklarasiýasyny ýaş abraýa wezipä kowalaşýan, kontinental kongresde häkimiýet edara we goşunda wezipe ugrunda göreşýän syýasatçylardy.
1775-nji ýylda ilkinji harby üstünliklerden soňra yzygider ýeňilişler başlandy. Britan goşunlary san taýdan hem-de söweş tälimleri boýunça amerikanlardan agdyklyk edýärdi. Emma amerikanlar hem ejiz däldi, Jorj Waşingtonyň kä hüjüm hereketlerini uly batyrgaýlyk bilen edýärdi, käte yza çekilýärdi.
Amerikan goşunlarynyň agyr ýagdaylara düşmegine loýalistleriň özbaşdak harby güýçlerini döretmegi hem-de olaryň iňlisler bilen bile hereket etmegi hem sebäp bolýardy. Waşingtonyň goşunynyň üpjünçiligi hem gowşakdy, ýarag we pul ýetenokdy. Azyk önümlerini kä halatlarda karzyna almaly bolýardy. Iňlis kän gowy däldi, goşun (goşmaça ) getirmek, üpjünleşdirmek gaty agyrdy. Häli 1775-nji ýýlda şa Georgiý III rus imperatory Ỳekaterina II kömek sorap 20 müň esgerli goşun ibermegini haýyş edip sorapdy, emma ol razylyk bermedi. Şonuň üçin ýetişmeýän goşuny german knýazlaryndan uly pula hakyna tutma esgerleri almaly bolýardy. Garaşsyzlyk ugrundaky göreşiň ahyryna Amerikada 56 müňe golaý iňlis esgerleri bolup goşuny 20 müňden gowrakdy.
1776-njy ýylyň güýzünde Nýu-Ỳork şäheriniň golaýynda agyr söweşlerden soň Waşingtona zordan galan goşun bölümlerini saklap galmak başartdy. 1776-1977-nji ýyllaryň gyşynda Waşingtonyň Nýu-Jerst ştatynda duşmana uly zarba urdy. Emma 1777-nji ýýlyň güýzünde amerikanlar bir tarapdan uly ýeňilişe sezewar edildi, ýagny ABŞ-nyňpaýtagty Filadeliýa iňlisler tarapyndan eýelendi, ikinji tarapdan amerikanlar Demirgazykda Saratogada 7 müňden gowrak iňlis goşunyny gabawa aldy. Şeýle hökmünde Fransiýa bilen ýaranlyk baglaşdy. Ondan soň Angliýa garşy 1779-njy ýýlda Ispaniýa, 1780-nji ýýlda Gollandiýa uruş yglan etdi.
Amerikanyň garaşsyzlygy ugrundaky urşa Fransiýanyň milli gahrymany Markiz de Zataýet, rus dworýany Wetter don Kazental, polýak watançysy Toldeum Kostýuşko gatnaşdylar. 1780-nji ýýlda Angliýa urşy dowam edýärdi we birnäçe ýeňişler gazandy. Esasan hem ABŞ-nyň günortasynda olar Ģarltony eýelediler we amerikanlary günorta Karolinoda derbi-dagyn etdiler. ABŞ bilen Angliýa ilki başdaky ýaraşyk şertnamasy 1782-nji ýýlda Parižde baglaşyldy, gutarnyklysy-Ruhnama aýynyň üçi 1783-nji ýýlda. Onuň baş netijesi hem ABŞ-nyň doly ykrar edilmegi bilen tamamlandy, ol resmi ýagdaýda özbaşdak, garaşsyz döwlet hökmünde diýip yglan edildi. Onuň araçägi günbatarda missisipi derýasy günortada 31-nji parallele çenli, Frorida Ispaniýa degişli, Kanada hem Angliýa berildi.
Uruş gidýärkä ýaş respublikançylaryň ýolbaäşçylary uly özgerişleri amala aşyrdy. Uly baknalyklar respublikanyň çägindäki ştatlara öwrüldi. 1776-1780-nji ýyllar aralygynda ol ýerlerde konstitusiýalar kabul edildi.
ABŞ-nyň ilkinji döwlet gurluşy konfederasiýany göz öňüne getiryärdi, şol esasda özygtyýarly ştatlaryň şertnamasy baglaşylýardy. Merkezi häkimiýeti kontinental kongress amala aşyrylýardy. Ol esasan ştatlaryň wekillerinden ybaratdy. Bu häkimiýetiň häli şahalary ýokdy, (Prezident, senat, ýokary sud). Şolsebäpden hem her bir ştatyň öz maliýe ulgamy harby güýçleri, gümrük kadalary (düzgünleri) we ş.m bardy. Sebäbi häli-şindi özbaşdaklygy gazanan, baknalyklardan çykan döwletiň dolandyryş, ulgamyny esaslandyrmak kyndy. Emma şeýle bolsada käbir öňden görüji syýasatçylar federatiw respublikany merkez we umumy milli konstitusiýa esasynda döretmäge kesgitläpdirler. Emma uruşdan soňky ykdysady ýagdaý häli hatda söwdanyň we maliýe ulgamyny hem kadalaşdyrmaga mümkinçilik berenokdylar. Her bir ştat häli özbaşdak ygtyýarly bolan soň, konfederasiýanyň hökümiýetinde býüdžet hem ýokdy, bank hem, şeýle şertlerde merkezleşdirmek zerurlugy ýüze çykdy. Emma eýýam ýurtda närazylyk ösüp başlady. Esasan hem 1786-1787-nji yylda Massaçüsetsde we goňşy ştatlarda fermerleriňöleginiň çýkyşlary başlandy. Şolaryň biri hem Daniel Şeýsiň baştutanlygyndaky gozgalaň. Olar Massaçusetsde häkimýeti ele aldylar. Oňa garşy ştatda ýygnalan goşun iberildi. Kontinental kongres bu işe goşulyp bilenokdy, sebäbi häli merkezleşen döwlet ýokdy. 1787-nji ýylda tomusda federal konstitusiýa işlenip düzüldi, ol esasan hem ähli ştatlaryň wekilleriniň gatnaşmagy bilen. Şonda häkimýetiň konfederasiýa gurluşy tankyt edildi we kemçilikleriň düzedilmegi hödürlenildi. Konstitusiýanyň taslamasyny taýýarlamaga abraýly raýatlar, şol sanda J. Waşinkton, B. Franklin, şeýle hem Amerikan akyldarlarynyň syýasatçylarynyň täze ýaş nesillerden Aleksandr Gamilton, Jeýms Medison we başgalar.
Düzülen konstitusiýa örän göwne jaý häsiýetdedi. Onda merkezi häkimýetiň ygtyýarlyklary üzül kesil kesgitlenipdi. Konstitusiýa täzelik girizmek, üýtgeşmeler girişmek işlenip düzüldi. Emma ýurduň esasy ýagdaýlary häzirki hereket edýän konstitusiýada görkezilen konstitusiýa boýunça ABŞ-nyň Prezidentiniň wezipesi saýlawly bolmalydyr diýip belleýär, onda-da gaty giň ygtyýarlyklar bilen, ABŞ-nyň ýökary sudunyň başda durmagynda garaşsyz sud ulgamy kesgitledi. Federal konstitusiýa diňe 13 ştatyň 9-ň tassyklamagy esasynda güýje girýärdi. 1788-nji ýýlyň Oguz aýýnda täze konstitusiýa güýje girdi. 1791-nji ýýlyň Sanjar aýýnda ABŞ-da hukuklar hakyndaky kanun hereket edip başlady. ABŞ-nyň döredilmegi özboluşly göreşiň netijesidir. Sebäbi bir tarapdan baknaçylyga garşy uruş, ýagny iňlislere garşy uruş hereketleri bilen bir hatardan ýurduň içinde hem özgerişler amala aşyrylýardy.
ABŞ täze döwrüň ilkinji demokratik döwleti hökmünde emele geldi. ABŞ-nyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşiniň häsiýetli aýratynlygy ol hem ABŞ-da (Terroryň) sütemiň ýoklugydy. Mysal üçin XVIII asyr iňlis, fransuz rewolýusiýalary ýalydy. Ýurtda ýekeje şa häkimi (gubernatory) jezalandyrylmady, loýalistlere ABŞ-dan çykyp gitmäge mümkinçilik berdiler. Baknalyklaryň öz garaşşyzlygy ugrundaky göreşi we respublikanyň jar edilmegi öňde baryjy Ỳewropa döwletlerinde gahar-gazap döretmedi. ABŞ-ny esaslandyryjylar öz maksatlaryna ýetmek üçin ýurduň içerki möhüm meselelerini özboluşly serişdeler we usullar arkaly amala aşyrdylar. Takt agdaryşygy, pitne turuzmak ýaly serişdeleriň deregine köplenç ylalaşyklar arkaly wajyp syýasy meseleler çözülýärdi.
Diňe şu ýagdaýlar göreşe baştutanlyk eden adamlary häkimýeti ahyryna çenli saklamagy üpjün etdi. Şonuň üçin hem J. Waşinkton beýik serkerdebaşy bolanlygyna seretmezden onuň täze sezar ýada Kranwel bolmak niýeti ýokdy. Şeýlelikde ABŞ-da ýeňişli tamalanan garaşşyzlyk ugrundaky uruş we ABŞ-nyň döredilmegi bu ýurtda düýpli özgerişleriň amala aşyrylmagy üçin oňaýly şertler döretdi.
1918 – 1939-njy ýyllar aralygynda
düzetMeýilnama:
1. W. Wilsonyň döwründe ABŞ-niň içeri we daşary syýasaty, Ýkdysady durnuklaşmak.
2. F. Ruzweltiň “Täze ýoly” we onuň mazmuny.
3. XX asyryň 30-njy ýyllarda ABŞ-nyň içeri we daşary syýasatyna “Täze ýoluň” täsiri.
Biz ykdysady dartgynlylykdan ähli ýurtlaryň döwlet düzgünleşdirijiliginiň güýçlenmegi arkaly çykandygy barada gürrün edipdik. Germeniýa, Italiýa we beýleki käbir ýurtlar döwlet düzgünleşdirmesiniň berk faşistik ýoluna düşdiler. Çünki bu ugur boýunça ösýän ýurtlar adam hukuklarynyň gödek bozulmalarynyň, demokratiýanyň ýok edilmeginiň hasabyna ykdysady we durmuş dartgynlylygyny gowşadypdyrlar.
ABŞ, Beýik Britaniýa, Skandinaw ýurtlary, Kanada, Fransiýa, Meksika ýaly berk binýatly, halkyň syýasy düşünjeliliginiň ýokary ýurtlarynda zorlukly faşistik düzgünleşdirişini ulanmaga isleg-de, mümkinçilik-de ýokdy. Bu ýurtlaryň halklary syýasy göreşde bişişendiler. Ine, şu sebäplere görä, ykdysady dartgynklylygyndan çykmagyň demokratik ýoluny tapmalydy. Şeýle ugur döwlet düzgünleşdirmesiniň aram-täzeçillik ýoly boldy.
“Aýagy düşmedik” president. 1924 – 1929-njy ýyllar ABŞ-yň gülläp ösen döwri boldy. 1928-nji ýylyň president saýlawlarynda respublikaçy partiýadan bolan öňki söwda ministry Gerbert Guwer ýeňiji bolup, 1929-njy ýylyň Nowruz aýynyň 4-de resmi ýagdaýda öz wezipesine girişdi. Ol döwlet ýolbaşçýlygyna gelen wagty ABŞ dünýäniň senagat önüçiliginiň 40% çemesini öndürýärdi. Amerikan ykdysadyýetiniň üstünliklerinden başy aýlanan Guwer, saýlaw döwri halka ähliumumy rowaçlygy, abadançylygy, ýurdy gülletmegi wada beripdi. Emma onuň edeni tersine boldy. Türkmen aýtmyşlaýyn “aýagy düşmedi”.
Güwer president bolandan alty aýdan soňra, 1929-njy ýylyň güýzünde ykdysady pese gaçyşlyk başlandy. Ol ýurdy ykdysady pese gaçyşlyk döwrüniň ahyryna çenli dolandyrdy. Elbetde, ykdysady pese gaçyşlyk kanuny ýagdaýdy. Ýöne, amerikanlar 1931-nji ýýlyň president saýlawlarynda “aýagy düşmedik” Guwere däl-de, demokratik partiýadan bolan Franklin Delano Ruzwelte ses berdi.
Franklin Delano Ruzwelt. Franklin Ruzwelt 1882-nji ýylda Nýu-Ýork ştatynda eneden dogulýar. Ene-atasynyň ýeke ogly, üstesine-de gaty gurply maşgalada ösüp ulalandygy sebäpli onuň kadaly terbiýe we bilim almagy üçin ähli mümkin bolan şertler döredilýär. Ýaşlykdan nemes we fransuz dillerini öwrenýär. garward uniwersitetini tamamlaýar. Soňra Kolumbiýa uniwersitetinde okaýar.
Ol iki – üç ýyl ýuridiki firmada işläp, galan ömrüni syýasata bagyş edýär. demokratik partiýanyň düzüminde bolup, 1910-njy ýylda Nýu-Ýork ştatynyň senatyna saýlanýar. 1913-nji ýyldan başlap, deňiz Ministriniň orunbasary wezipesinde işläp başlaýar.
1921-nji ýylda suwa düşen mahaly sowuklap, aýaklary ysmaz keseline uçraýar. Ömürlik ýöremekden mahrum bolýar. saglyk ýagdaýy-da ony ruhdan düşürmeýär. 1928-nji ýylda Nýu-Ýork ştatyna gubernator wezipesine saýlanýar. Öz ştatynda rehimdarlygy, adyllygy, täzeçilligi bilen at-abraý gazanýar. Gubernatorlyk onuň özüni halka tanatmagynda ýene bir basgançak bolýar.
Iri baý maşgalanyň, akylly – paýhasly, maksada okgunly mirasdüşeri F. Ruzwelt halkyna “Täze ýoly” söz berip, 1932-nji ýyldaky president saýlawlarynda ýeňiş gazanýar. Halkyň çäksiz söýgüsinden peýdalanýan Ruzwelt ömrüniň ahyryna çenli president saýlawlarynda ýeňiji boldy. Ol ABŞ-nyň taryhynda ýeke-täk, yzygider dört gezek president saýlanan (1932, 1936, 1930, 1944 ýyllarda) üýtgeýşik syýasatçy hökmünde taryha girdi. President saýlawlary 1932-nji ýylyň Sanjar aýynda geçse-de, F. Ruzwelt resmi ýagdaýda öz kanuny wezipesine 1933-nji ýylyň Nowruz aýynyň 4-nde.
F. Ruzweltiň “Täze ýoly”. F. Ruzwelt ABŞ-da ykdysady pese gaçyşlygyň möwjän, ilatyň hökümetden närazylygynyň güýjän döwri häkimiýete geçdi. F. Ruzweltde hem ýurdy kynçylyklardan çykarmagyň synagdan geçen, taýýar meýilnamasy ýokdy. Saýlaw döwri “Täze ýoly” söz berse-de, ol ýörelgäni indi agtarmalygy we tapmalydy. Ol ilatyň durmuş derejesini ýokarlanmazdan ykdysadyýeti dikeltmegiň mümkin däldigine düşünýärdi.
Halk köpçüliginiň satyn alyjylyk islegini we mümkinçiligini artdyrmaklygyň ýollaryny agtarýardy. Ýurduň 60 çemesi maşgalasynyň yekebara (monopolistik) hojaýynçylygyby gowşatmaklygyň zerurlygyny duýýardy. Halkkara diňe bir syýasy deňlik däl-de, ykdysadyýetde deň mümkinçilikleriň zerurlygyna düşünýärdi. Öňde duran wezipeleri çözmek üçin däl bolan ýoldan biraz çepe sowulmalydy. Bu-da jemgyýetiň ýokary gatlagynyň, bähbitlerine zarba urjakdy. F. Ruzwelt ähli adamlara gowy görnüp, ýaranyp bolmajagyna hem düşündyärdi. Ine, şeýle çylşyrymly ýagdaýdan çykalga hökmünde bazar ykdysadyýetli jemgyýeti kämilleşdirmegiň “Täze ýoluny” oňe sürdi. Beýik özgerdişleriň tapgyryna başlady. Bu özgerdişler döwri F. Ruzweltiň “Täze ýoly” ady bilen taryha girdi.
“Täze ýol” döwri 1933 – 1939-njy ýyllary öz içine alýar. Bu döwri hem şertli üç tapgyra bölmek mümkin. Olar haýsylar?
“Täze ýoluň” birinji döwri. Birinji döwri 1933 – 1932-nji ýyllary öz içine alýar. F. Ruzwelt bu döwürde döwletiň ykdysadyýete gatyşmasyny düýpli güýçlendirmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçildi. Ykdysady pese gaçyşlygynyň öňüni almak üçin uzak pikirlenmäge wagt ýokdy. F. Ruzwelt 1933-nji ýylyň Nowruz aýynyň 6-synda ähli banklary wagtlaýyn ýapmak hakynda buýruk berdi. Çünki bank ulgamy bulaşykdy. Prezindent iri, özüni aňarýan, sagdyn banklara döwlet kömegini gurady. Müňlerçe maýda banklar ýok edilip, bank ulgamynyň işinde döwletiň güýçli täsiri ýola goýuldy. F. Ruzwelt, Z. Keýsiň “Döwlet ýene gülläp ösmeklige dolanyp gelmek üçin harç etmelidir” diýen pikirini ykdysady syýasatynyň esasy edip ulandy.
Birinji döwürde iri ýekebara hususy öndürijilere döwlet goldawy berildi. Şolaryň kömegi bilen ykdysady pese çykyşlykdan çykmaklyga synanyşyldy. Işsizligi ýok etmeklige üns berildi. Millionlarça işsizleriň gününe ujupsyz hak tölemek bilen, olar döwlet, yurt bähbitli işlere gönükdirildi. Olar ýatak jaý, egin – eşik bilen üpjün edilip, kanalary gazanmak, agaç etmek, ýol, köpri gurmak we ş.m. işlerde işledildi. Dogry, bu işleer hem ähli işsizlere ýetdirip duranokdy. Işsizleriň üçden birini şu usulda iş bilen üpjün etmek başartdy.
193-nji ýylyň Nowruz aýynyň 12-nde oba fermentlerine kömek bermek hakynda kanun Kabul edildi. Kanunda oba hojalyk önümleriniň bahasyny ýokarlandyrmaklygyň hasabyna obany ösdürmek, dermerleriň girdejiligini artdyrmak bellenýärdi. Bazaar gatnaşyklary şertlerinde oba hojalyk önümleriniň bahasyny ýokarlandyrmak ýeňil-ýelpaý iş däl. bazaar öz kanunlary boýunça işleýär. F. Ruzwelt ekerançylyk ýerlerini we mallaryň baş sanyny azaltmagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürişini kemeldip, bahalary ýokarlandyrmaga synanyşdy. Önümçiligi azaldan fermerlere sylag berildi.
Oba hojalygyndaky özgerdişler maýda fermerleriň tozamagyna, irileriniň has güýçlenmegine getirdi. Ýöne, mäme-de bolsa, oba hojalyk önümleriniň bahasy ýokarlanyp, obanyň ösmegine şert döredildi.
Milli senagaty dikeltmek hakynda kanun Kabul edildi. Ol boýunça gymmat bahaly kagyzlaryň göýberilişiniňüstünden döwlet gözegçiligi dikeldildi. Önüm öndürijileriň arasyndaky özara bäsdeşligi (konkurensiýasyny) düzgünleşdirmäge, önümiň möçberini we bahasyny, zähmet haklaryny kadalaşdyrmaga umuman öndürijilere deň şertleri döretmäge synanyşyk edildi. Bu ýagdaý iri öndürijileriň güýçlenmegine getirdi.
Geçirilen çäreleriň netijesinde ykdysady dartgynlylyk gowşady, ösüş başlandy. F. Ruzwelt “Täze ýoly” oňa abraý getirdi.
“Täze ýoluň” ikinji döwri. “Täze ýoluň” ikinji döwri 1935 – 1936-njy ýyllary öz içine alýar. Bu döwürde F. Ruzwelt president saýlawlarynyň ýakynlaşýanlygyny nazarda tutup, giň halk köpçüliginiň durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmäge başlady. President 1935-nji ýylyň Gorkut aýynyň 5-nde zähmet gatnaşyklary hakynda kanuna (Wagneriň kanuny) gol çekdi. Ol boýunça profsoýuzlara girmäge hukuk berildi. Zähmet gatnaşyklary düzgünleşdirmekde döwletiň gatyşmasy güýçlendirildi.
Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän çäreleriň içinde ähmiýetlileriň biri 1935-nji ýylyň Alp-Arslan aýynyň 14-nde Kabul edilen, durmuş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky kanundyr. Ol boýunça maýyplara, ýetimlere, dul aýallara, işsizlere, işe ýarawsyzlara kömek pullarynyň berilmegi kanunlaşdyryldy. 65 ýaşdan pensiýa bellenildi.
F. Ruzweltiň “Täze ýoly” syýasatynyň ikinji döwründe iri hasusy kärhanalaryň bähbitlerine ters gelýän salgyt ulgamy hakynda täze kanun Kabul edildi. Täze salgyt ulgamy boýunça köp girdejä uly salgyt düzgüni girizildi. Mysal üçin, ýylda 5 million girdeji alýanlar onuň 75 göterimini salgyt hökmünde tölemelidi.
Jemgyýetiň ýokary gatlagy F. Ruzwelt “Täze ýolunyň” ikinji döwründe geçirýän özgerdişlerinden närazy bolup, ony güýçli ýazgaryp başlady. Olar Prezidenti ABŞ-yň bazaar ykdysadyýetiniň däplerini bozmakda, hat-da kommunizme ymtylmakda aýpladylar.
F. Ruzweltiň halkyň durmuş şertlerini gowulaşdyrýan özgerdişleri 1936-njy ýylyň president saýlawlarynda oňa ýeňiş getirdi. Saýlawlarda respublikaçy partiýadan bolan garşydaşy bary-ýogy 16,7 million ses alsa, F. Ruzwelt 27,8 million saýlawçynyň özüne ses bermegini gazandy. Ol “Täze ýol” syýasatyny halkyň goldaýnadygyna göz ýetirip, ony dowam etdi.
“Täze ýoluň” üçünji döwri. 1937 – 1939-njy ýyllar “Täze ýol” syýasatynda aýratyn bir döwür hasaplanýar. F. Ruzwelt ikinji möhlete president saýlanandan soňra hem özgerdişleri öňküsi ýaly dowam etdirjek boldy. Saýlaw döwründe söz beren özgerdişlerini durmuşa geçirmek isledi. Emma F. RuzweltiňÝokary Sudy özgertmek baradaky kanunynyň taslamasyny kongres goldamady. Bu meselede president ýeňildi.
1938-nji ýylda “adalatly zähmet şertleri hakynda” kanun Kabul edildi. Kanuna göä, çaga zähmeti düýbünden gadagan edildi. Zähmet haklary, iş hepdesiniň dowamlylygy düzgünleşdirildi.
1939-njy ýyldan F. Ruzwelt täzeçilligini bes etdi.
F. Ruzweltiň “Täze ýoly” döwletiň täsirini güýçlendirdi. Indi döwlet ykdysady ösüşiň, demokratiýanyň, halkyň durmuş taýdan goraglylygynyň kepiline öwrüldi.
ABŞ-nyň daşary syýasaty. Otuzynjy ýyllarda ABŞ daşary syýasatda dünýä wakalaryna, halkara dawalaryna işjeň gatnaşmady. Ýewropadaky dawalara asyl goşulmak islemedi. 1933-nji ýylda SSSR bilen diplomatic gatnaşyklary dikeltdi.
1935-nji ýylda goşulmazlyk hakynda kanun edilip, dawaly dünýäniň jenjenlerinde ýurdy çetleşdirmek syýasaty alnyp baryldy. Çetleşmek syýasaty tä ikinji jahan urşy başlanýança dowam etdi.
Latyn Amerikasy ýurtlary bilen hoşniýetli goňşüçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy.
XX asyryň 2-nji ýarymynda
düzetM E Ý I L N A M A:
1. Ikinji jahan urşundan soň ABŞ-nyň ykdysady we syýasy ýagdaýy. “Sowuk uruş syýasaty.
2. ABŞ Ž. Kennediniň we L. Žonsonyň demokratik hökümetleri döwründe.
3. ABŞ XX asyryň 70-80-nji ýyllarynda.
ABŞ Demirgazyk amerikan dünýäböleginde ýerleşen döwlet. Onuň umumy meýdany 9,7 mln inedördül km. ABŞ özüniň meýdany boýunça dünýäde Russiýadan, Kanadadan, Hytaýdan soň 4-nji ýerde durýar.
ABŞ-nyň ilaty 270 mln. adam (2001 ý.). Döwlet dili iňlis dili. Ýurtda esasan hem protestant dini (53%); katolik dini (26%) we beýleki dinler hereket edýär. ABŞ-ň döwlet gurluşy – federatiw respublika, ýurduň düzüminde jemi 50 ştat bar. Paýtagty Waşington. Döwletbaşy we hökümetiň baştutany prezident, ýerine ýetiriji häkimiýet - wise-prezident we ministrler Kabinetine degişli. Kanunçykaryjy häkimiýeti iki palataly parlament-kongress amala aşyrýar, ol Senatdan (ýokary palata) we wekiller palatasyndan (aşaky palata) ybarat. ABŞ-da adaty iki partiýa : Respublikan we Demokratik partiýalar ýurduň syýasy durmuşynda esasy orunda durýar.
1950-60-njy ýyllarda ABŞ-da ykdysadyýetiň we halkyň durmuş derejesiniň ösüşi. 1953-1961-nji ýyllarda respublikaçy partiýadan bolan Duaýt Eýzenhauer ABŞ-yň prezidenti wezipesini eýeledi. Onuň dolandyran döwründe amerikan ykdysadyýeti üç gezek çökgünlik döwrüni (1953-1954, 1957-1958, 1960-1961-nji ýyllar) başdan geçirendigine garamazdan, öňküsi ýaly çalt bolmasa-da, ösüşini dowam etdirdi. Eýzenhauer ilkinji nobatda ýurduň býudžetini tertipleşdirmäge synandy. Ol döwlet harajatlaryny azaldyp, salgytlary peseltmekçi we dollaryň hümmetini güýçlendirmekçi bolýardy. Puluň hümmetlenmegi üçin ol işsizligiň artmagyna garşy däldi. “Sowuk uruş” zerarly ýaraglanyşyga goýberilýän çykdajylaryň artmagy ykdysady ösüşe ýaramaz täsir edýärdi.
1950-nji ýyllarda amerikan ykdysadyýetiniň häsiýetli aýratynlygy dürli pudaklarda iri-iri hususy birleşmeleriň döremegidir.
ABŞ-yň oba hojalygy agyr pursatlary başdan geçirdi. Fermerleriň birnäçeleri birleşip, iri fermalar döredýärdiler. Maşgala fermerleri iri fermalar bilen bäsdeşlige çydaman tozýardylar.
Söwdada hem birleşmek meýli güýçlüdi. Dürli görnüşli harytlary satýan iri-iri söwda merkezleri köpeldi. 1954-nji ýylda söwda merkezleriniň sany bary-ýogy 8 sany bolan bolsa, 1960-njy ýylda olaryň sany 3480-e ýetdi. Söwda merkezleriniň ýanynda oňaýly awtoulag goýulýan ýerleriň bolmagy we ähli harytlarynyň bir ýerden tapylmagy alyjylara oňaýlyk döredýärdi.
Ykdysadyýetiň ösmegine ýurduň çet-gyralary bilen merkezi sebitleri arabaglanyşygy ösdürmekde awtoulaglar üçin gara ýollaryň gurluşygynyň artdyrylmagy ähmiýetli boldy. 1956-njy ýylda gara ýollaryň gurluşygyna 26 mlrd. dollar pul goýberildi. Bu amerikanyň taryhynda döwlet işine goýberilen iňňän uly puldy. Ýurduň ähli ýerine birleşdirjek 4 müň kilometr ýollar gurulmalydy.
50-nji ýyllary ilatyň maddy durmuş derejesiniň gowulaşan döwri hökmünde häsiýetlendirmek mümkin. Bu döwürde hususy jaýly maşgalalaryň sany iki esse artdy. Amerikalylaryň ýarymyndan gowragy girdejileriniň möçberi boýunça orta gatlaga öwrüldiler. Maşgalalaryň köpüsi diňe bir telegörkeziji ýa-da sowadyjy we ş.m. durmuş tehnikaly bolman, eýsem awtoulagly, dokuzy düzüw hojalyga öwrüldiler.
Amerikan jemgyýetinde negrleriň hukuklary çäklidi. Garaýagyz amerikalylar öz hukuklarynyň akýagyzlar bilen deňeşdirilmegi ugrunda göreşe başladylar. Dogrudan-da, garaýagyz raýatlaryň hukuklary gaty kemsidilýärdi. Mysal üçin, garaýagyz çagajyklar akýagyz deň-duşlary bilen bir mekdepde okadylmaýardy, ýa-da şäherlerde adam daşaýan awtoulaglarda negrler özlerine bellenen yzky bölüme münmelidi.
Garaýagyz ilatyň deňhukuklyk ugrundaky, göreşine diýseň akylly we dilewar ruhany Martin Lýuter King ýolbaşçylyk etdi. Prezident Eýzenhauer özi-de garaýagyzlaryň deňhukuklygynyň tarapdarydy. Netijede, akýagyzlar bilen garaýagyz çagajyklara bir mekdeplerde okamaga rugsat berildi. Şäher awtoulaglarynda jynsy kemsidilmeler ýatyryldy. Garaýagyzlaryň aklar bilen saýlaw hukuklary deňleşdirildi.
50-nji ýyllarda “sowuk uruş” ABŞ-yň diňe bir daşary syýasatyna däl, eýsem içeri syýasatyna-da güýçli täsirini ýetirýärdi. Ýurduň içinde kommunistlere “gyzyl howpa” garşy göreş güýçlendirildi. Kommunistlere garşy göreşde iň bir jeňbaz syýasatçysy Žozef Makartni aýratyn tapawutlanýardy. Ol 50-nji ýylda döwlet gullugynda işleýän 205 adamyň kommunistdigini, olaryň ählisiniň atlaryny bilýändigini aýdyp, kommunistlere we içalylara garşy uly şowhunyň bolmagyny gazanypdy. Ýurtda 2,5 mln. döwlet gullukçysynyň döwlet gurluşygyna wepalylygy barlanyldy. Diňe 50-nji ýyllaryň ahyrlarynda makartniçileriň hereketlerini saklamak başartdy.
Žon Kennediniň we Lindon Žonsonyň aram özgertmeleri. 1960-njy ýylyň prezident saýlawlarynda demokratik partiýadan bolan, 43 ýaşly Zon Kennedi ýeňiş gazandy. Ol ABŞ-yň taryhynda iň ýaş prezident boldy. Ol saýlawçylara täze, düýpli özgerdişleri durmuşa geçirip, täze sepgitleri söz berip, ýeňiş gazanypdy. Şonuň üçin onuň syýasatyny köplenç “täze sepgitler” diýip atlandyrýarlar.
Žon Fisžerald Kennedi (1917-1963). ABŞ-yň döwlet işgäri. Irland asylly baý katolik maşgalasynda dogulýar. Londonyň ykdysadyýet mekdebini we Garward uniwersitetini tamamlaýar (1940 ý.) 1941-1945-nji ýylarda ABŞ-yň harby deňiz güýçlerinde gulluk edýär. 1947-1953-nji ýyllarda Massaçusets ştatyndan wekiller palatasynyň agzasy. 1953-1960-njy ýyllarda senator, 1960-njy ýylda prezident saýlanýar. “Täze sepgitler” hem-de kosmosy özleşdirmek baradaky “Apollon” maksatnamalarynyň awtory. 1963-nji ýylyň Sanjar aýynda Dallasda atylyp öldürilýär.
Žon Kennedi ilki ýurduň ykdysady pese gaçmasyny togtatmagy başardy. Ykdysadyýetini janlandyrmak üçin salgytlary peseltmek isledi. Emma onuň bu teklibini kongress goldamady. Ol aram özgertmeleriň käbirini durmuşa geçirmäge eýgerdi. Ol iş hakynyň ýokarlandyrylmagyny durmuşa geçirdi. Raýatlaryň hukuklary hakynda kabul edilmegini-de gazandy. Emma ol bilimi ösdürmek ýa-da garrylara medisina kömegini bermek ýaly syýasatlaryny durmuşa geçirip bilmedi. Ýöne kosmos barlaglaryny güýçlendirmegi welin, amala aşyrdy.
Kennedi daşary syýasat meselesinde SSSR we sosialistik ýurtlar bilen gatnaşyklarda ylalaşykly syýasatyň tarapdarydy. Ýöne onuň eglişikli daşary syýasatyna N. Hruşýow ABŞ-yň ejizligi hökmünde nädogry düşünipdi. Dogrusy, “sowuk urşuň” soňuna çykmaga Hruşýowda mümkinçilik bolupdy. Kennedi 1963-nji ýylyň Sanjar aýynyň 22-sinde Tehas ştatyndaky Dallas şäherinde üsti açyk maşynda barýarka öldürildi. Ol aram özgerdişler ugrunda göreşen prezident hökmünde halkyň ýadynda galdy.
Ž. Kennediniň ölüminden soňra, ýurduň wise-prezidenti L. Žonson prezidentiň wezipesini ýerine ýetirip başlady. Ol Kennediniň başlan aram özgertmelerini dowam etdirdi.
Žonson ýurtda garyplygy ýok etmek ugrunda göreşdi. Garyplaryň durmuşyny gowulaşdyrjak çäreleriň toplumyny geçirmegi başardy. Garyp gatlagyň sowat almagyna şert döretdi. Aşa garyplara medisina hyzmatynda ýeňillikler döredildi. Garyplary arzan jaý bilen üpjün etmek başlandy. Bu çäreleriň ählisi “garyplyga garşy göreş” diýlip atlandyryldy. Elbetde, bu çäreler garyplaryň azalmagyna ýardam etdi. Žonson salgytlary peseltmek düýbünden ýok etmek oňa başartmady. Žonson salgytlary peseltmek hakyndaky Kennediniň pikirini-de durmuşa geçirdi.
Žonson 1964-nji ýylda “Beýik jemgyýet” meýilnamasyny yglan etdi. Şol meýilnama we Žonsonyň adamlary ynandyrmaga ykybynyň güýçli bolmagy, ökde dilewarlygy 1966-njy ýyldaky Prezident saýlawlarynda oňa üstünlik getirdi.
60-njy ýyllarda jynsy kemsidilmelere garşy garaýagyz amerikalylaryň göreşi täzeden güýçlendi. Olar güýç ulanmazdan, gan döküşmezden, parahatçylykly ýollar bilen jynsparazlyga garşy göreşdiler. Garaýagyzlar deňhukuklylygy talap edip, köpçülikleýin köçelere çykýardylar. Jemgyýetiň sagdynlygyny saklamagyň hatyrasyna jynsparazlyga gadagan edýän kanunlar kabul edildi. Şol kanunlara laýyklykda garaýagyz raýatlary akýagyzlardan mejbury çetleşdirmek düzgüni (segrasiýa) ýatyryldy.
60-njy ýyllar ABŞ-da bidüzgünçilikleriň güýçlenen döwri boldy. Öldürilen Ž. Kennediniň dogany – prezident saýlawlaryna gatnaşmaga meýil bildiren Robert Kennedi 1968-nji ýylda öldürildi. Şol ýyl garaýagyzlaryň deňhukuklylygy ugrunda göreşiji, beýik ynsanperwer, Nobel baýragynyň eýesi Martin Lýuter King öldürildi. Onuň öldürilmegi garaýagyzlaryň tolgunyşyklarynyň ösmegine getirdi.
Wýetnama garşy urşuň ABŞ-yň içeri syýasatyna täsiri. Žonsonyň prezidentlik döwründe Wýetnama garşy başlanan uruş we harby çykdajylar ABŞ ýaly baý ýurtda-da ilatyň durmuş derejesini gowulaşdyrmaga gönükdirilen çäreler üçin maliýe ýetmezçiligini döretdi. Wýetnam urşy üçin biderek puluň harçlanmagy ýaş amerikanlary öz döwletiniň ýöredýän syýasatynyň dogrulygyna ikirjiňlenmäge mejbur edýärdi. Ýaşlar Wýetnam urşunyň ýatyrylamgyny talap edýärdiler. Has-da talyp ýaşlaryň urşa garşy hereketi guramaçylykly häsiýetlidi. 500 müň esgeriň Wýetnama ugradylmagy ABŞ-yň ähli esgerleriniň ýarpysynyň urşa ugradylmagy diýmekdir. Wýetnama garşy uruş Žonsonyň abraýynyň peselmegine-de uly täsir etdi. 1968-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda demokratik partiýa ýeňildi. Wýetnamdaky urşy ýatyrmaklyga we ýurduň içindäki bidüzgünçilikleri tertibe salmaga söz berip, respublikaçy Riçard Nikson üstünlik gazandy. Jemgyýetiň urşa garşy topary ondan Wýetnam urşuny ýatyrmagy talap etdi. Amerikan jemgyýetiniň mundan buýana bölünmeginiň öňüni almak Nikson uruşdan çykmagyň zerurlygyna düşünip, urşy bes etmek barada gepleşiklere başlady. “Çöldäki harasat”. 1990-njy Alp Arslanyň 2-sinde Pars aýlagy sebitinde täze dartgynlyk emele geldi. Yrak Kuweýti basyp alyp, ony Yragyň bir welaýaty diýip yglan etdi. BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň rugsady bilen 1991-nji ýylyň başynda ABŞ, Ýewropa döwletleriniň käbiri Yraga garşy “çöldäki harasat” adyny alan söweş hereketlerini geçirdiler. Kuweýtiň garaşsyzlygy dikeldildi.
Sowet-amerikan gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga tarap öwrüm. Dünyäde parahatçylygy goramak ilkinji nobatda SSSR bilen ABŞ-yň özara gatnaşyklaryna baglydy. Bu iki döwletiň gatnaşyklary gowulaşsa, halkara gatnaşyklaryna aralaşýardy, erbetleşse dünýä bulaşyp başlaýardy. 60-njy ýyllaryň ahyrynda dünyäniň esasy iki uly döwleti birek-birege garşy durmakdan ýadapdy. ABŞ-y Wýetnam urşy surnukdyran bolsa SSSR-i özüniň Hytaý bilen barha dartgynlaşýan gatnaşyklary biynjalyksyzlanýardy. 1969-njy ýylda ýagdaý has ýitilenip, Amur derýasynyň Daman adasynyň sebitinde uly ýaraglar çaknyşyklar bolup geçdi. SSSR Hytaýyň ABŞ bilen bilelikde özüne garşy çykmagyndan howatyr edýärdi.
60-njy ýyllarda SSSR we ABŞ hiç hili harajat gaýgyrmazdan raketa-ýadro kuwwatlygyny artdyrypdylar. Döredilen ýaraglaryň kuwwatly aklyňy haýran ederlikdi. Olar Ýer ýüzündäki ýaşaýyşy ençeme sapar ýok etmäge ýetjekdi. Rüstemligi görkezmek üçin döredilen bu ýaraglar indi gorkynyň we dartgynlygyň çeşmesine öwrülipdi. Sowet we amerikan ýolbaşçylary herniçigem bolsa ýaraglanyşygyň haýdadylmagynyň düzgünleşdirilen hala getirilmelidigine düşündiler.
Strategik ýaraglaryň çäklendirilmegi. Karib dartgynlylygy beýik döwletleriniň raketa-ýadro kuwwatlaryny deňeçerlikde saklamagynyň zerurdygyny görkezdi. 1969-njy ýylda strategik ýaraglary çäklendirmek barada sowet-amerikan gepleşiklerine başlanyldy. Iki döwletiň baştutanlarynyň duşuşygy dartgynly gatnaşyklaryň birneme ýumşamagyna badalga boldy.
ABŞ-yň prezidenti R. Niksonuň SSSR-e sapary mahalynda (1972 ý. 22-30.05.) bilelikdäki 10-dan gowrak resminama gol çekildi. Olaryň iň möhümi raketa hüjüminden goranyş ulgamyny çäklendimek baradaky şertnamadyr.
L.I. Brežnew bilen ABŞ-yň täze prezidenti J. Forduň 1974-nji ýylyň Sanjar aýynyň 23-24-inde bolan işjeň duşuşygy strategik hüjüm ediş ýaraglaryny çäklendirmekde öňe ädilen ýene bir ädim boldy.
Emma 70-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap sowet-amerikan gatnaşyklaryna ýene-de sowuklyk aralaşdy. Emma taraplar ýene-de gepleşikler stolunyň başyna geçmegi müwessa bildiler.
1979-njy ýylyň Sanjar aýynyň 15-18-inde Wenada L.I. Brežnew bilen J. Karteriň arasynda gepleşikler boldy. Strategik hüjüm ediş ýaraglaryny çäklendirmek baradaky şertnama (OSW-2) bu duşuşygyň möhüm netijesi boldy. Her ýurduň kontinentara we uzak aralyga atylýan raketalaryň 2400 birlikden köp bolmaly däldigi ylalaşyldy.
Kosmosda ýaraglanyşygyň haýdadylmagy. 1980-nji ýylyň prezident saýlawlarynda respublikan partiýa ýeňiş gazanyp, R. Reýgen ABŞ-yň prezidenti boldy. ABŞ ýene-de ýaraglanyşygy haýdatmaga bat berdi. Ol 1980-nji ýylda Moskwada bolan sport olimpiýada oýunlaryna bilgeşleýin gatnaşmady. Ýaraglaryň barha kämil nusgalary öndürilip başlandy. ABŞ orta uzaklyga atýan “Perşing-2” kysymly we ganatly raketalary öndürmäge girişdi. Sowet Soýuzy orta uzaklyga atýan, eýýäm könelişen SS-4 we SS-5 kysymly raketalaryny täze SS-20-ler bilen çalyşdy. Olaryň Ýewropada ýerleşdirilip başlamagy ABŞ-y uly howsala goýdy. Muňa jogap edip ABŞ-yň “Perşing-2”-leri Ýewropa getirildi.
1983-nji ýylyň Sanjar aýynda SSSR-iň ygtyýarly wekilçiligi ABŞ bilen dowam edýän gepleşiklerini kesdi. Sowet hökümeti harby taýdan howp salmak syýasatyny saýlap aldy.
1983-nji ýylyň R. Reýgen “strategik goranmak inisiatiwasyny” yglan etdi. Ol raketalara garşy ýaraglaryň täze “neslini” işläp düzmäge esaslanýardy. Ol göniden-göni kosmosa çykarylyp ulanylmalydy. Şonuň üçin ol “ýyldyzlar urşy” maksatnamasy adyny alypdy.
Beýle ýaragyň peýda bolmagy strategik hüjüm ediş ýaraglaryny azaltmak baradaky ähli şertnamalar ulgamyny puja çykarjakdy. SSSR-iň ABŞ-a garşy çenelen raketalary nyşana ýetmäge ukypsyzdy. Emma ABŞ-yň Ýewropada ýerleşdirilen raketalary Sowet Soýuzynyň Ýewropa böleginiň külüni göge sowrup biljekdi. SSSR we onuň ýaranlary Los-Anjelesdäki (ABŞ) Olimpiýada-84-i boýkot etdi.
1986-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda SSSR-de strategik raketa göterijilerde 10 müň sany ýadro zarýady, ABŞ-da bolsa 14,8 müň zarýad jemlenipdi. Olaryň her biriniň kuwwaty Hirosima we Nagasäkä taşlanan bombanyňkydan ep-esli güýçlüdi.
J. Buşuň prezidentlik ýyllarynda ABŞ-yň içeri we daşary syýasaty. 1981-1988-nji ýyllarda ABŞ-yň prezidenti respublikaçy partiýadan bolan R. Reýgen bolupdy. Onuň 8 ýyl ABŞ-yň wise-prezidenti bolan, agzalan partiýanyň wekili J. Buş häkimiýete geldi. Täze salgytlary girizmegi wada eden Buşuň ykdysady maksatnamasy saýlawçylara ýarady. 54% ses alyp, ol ABŞ-yň 41-nji prezidenti boldy.
Buş prezidentliginiň ilkinji ýylynda salgytlary ýokarlandyrmazlyk baradaky wadasyny berjaý etdi. Ol Reýgeniň salgytlara, harçlanyşyna we bergilere degişli bolan maliýe maksatnamasyny dowam etdirdi. Emma býujet ýetmezçiliginiň göz öňüne tutulandan artyk bolmagy Buşy kyn ýagdaýda goýdy. Buş salgyt syýasatyna täzeden garady. Emma ol býujetiň ýetmezçiliginiň öňüni alyp bilmedi.
Buşyň daşary syýasatdaky esasy üstünligi onuň Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky gapma-garşylygy aradan aýyrmaga işjeň goşandydyr. Buş bilen Gorbaçýow 1989-njy ýylda Maltada duşuşyp, üstünlikli gepleşikleri geçirdiler. Buşuň hökümeti 1990-njy ýylyň Baýdak aýynda Sowet Soýuzy bilen ýaraglanyşygyň üstünden gözegçiligi ýola goýmak barada we Gündogar hem-de Günbatar Germaniýany birleşdirmek hakynda gepleşikler geçirdi.
1990-njy ýylyň Sanjar aýynyň 19-ynda prezident Buş we 21 döwletiň baştutanlary Ýewropadaky adaty ýaraglar we ýaragly güýçler baradaky şertnama gol çekdiler. Bu Helsinki maslahatyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň üç günlük duşuşygynyň barşynda bolup geçdi.
1991-nji ýylyň Gorkut aýynyň 31-inde ABŞ SSSR bilen ýaraglanyşyk baradaky özüniň iň soňky uly şertnamasyny baglaşdy. Ol şertnama strategiki hüjüm ediş ýaraglaryny azaltmak baradaky uzaga çeken gepleşikleriň netijesi boldy. Oňa Buş we Gorbaçýow Moskwada gol çekdiler. Onda iki döwletiň hem ýadro gorhanasyny 30-40% azaltmaklyk göz öňünde tutuldy. Emma bu köp azaltmaklyk Buşyň Russiýa federasiýasynyň prezidenti Boris Ýelsin bilen şertnamasynyň göz öňünde tutany bilen deňeşdirenimizde ujypsyz zat bolup görner. Ol şertnama boýunça bölünýän däribaşly ähli kontinantara ballistik raketalar 2003-nji ýyla çenli ýok edilmelidir. Netijede iki şertnama bar bolan ýadro däribaşlarynyň üçden ikisini, ýagny 21 müňden 6-7 müňe çenlisini azaltmagy göz öňünde tutdy. Sowet-amerikan gatnaşyklaryndaky bu öwrülişik nokady “sowuk urşuň” gutarandygyny alamatlandyrdy.
Buş Yragyň 1990-njy ýylyň Alp Arslan aýynda Kuweýti basyp almagyny aýgytly ýazgardy. Haýal etmän goşunyny gürrüňsiz Kuweýtden çykarmagy ondan talap etdi.
Kongres dartgynlynlygy parahatçylykly ýol bilen çozmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmek haýyşy bilen prezident Buşa we halkara birleşmelerine açyk ýüzlendi. Bu ýüzlenmäniň aňyrsynda ABŞ-yň konstitusiýasynyň düzgüni boýunça uruş yglan etmek hukugynyň kongrese degişlidiginiň ýatlamasy durýar. Başga bir tarapdan aýdylanda, XX asyryň ikinji ýarymynda ABŞ kongresiň resmi ygtyýary bolmazdan ençeme gezek harby hereketlere gatnaşypdy. Wýetnam urşy hem şolaryň biridir. Kongresiň agzalarynyň bir topary Buşa urşa başlamazdan kongresiň goldawyny almalydygyny aýtdylar. 1991-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 12-sinde Yraga berlen talapnamada görkezilen soňky möhlete 3 güň galanda kongres prezidentte soňky 50 ýylda berilmedik ygtyýarlyklary berdi. “Çöldäki harasat” adyny alan söweşde ABŞ we BMG-niň parahatçylygy üpjün ediji güýçleri Yragyň Kuweýtden çykmagyny gazandy.
Demirgazyk Amerika utgaşygy. 1988-nji ýylda ABŞ bilen Kanada erkin söwda baradaky ylalaşyga gol çekdi. Biraz soňra oňa Meksikanyň hem goşulmagy bilen Demirgazyk Amerika utgaşygy (NAFTA) emele geldi. Buşuň we Klintonyň hökümeti NAFTA-nyň arzan harytlaryň bolçulygy we hyzmatlar bilen üpjün etjegini hem-de üç döwletiň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirmäge çalyşýardylar. 1993-nji ýylyň ahyrynda kongres NAFTA-ny resmi taýdan tassyklady. Bu gurama Günbatar ýarymşarda erkin söwda ulgamynyň nusgasy hökmünde garalýardy.
1992-nji ýylyň prezident saýlawlary. Bu saýlawlarda respublikan partiýadan Jorž Buş, tehasly işewür adam Ross Pero we demokrat Bill Klinton esasy bäsdeşler hökmünde gatnaşdy. Saýlawlar iki nesliň göreşi boldy. 68 ýaşly Buş megerem, ABŞ-yň ikinji jahan urşuna gatnaşan iň soňky prezidenti bolan bolsa gerek. 46 ýaşly Bill Klinton hiç haçan goşunda gulluk etmedik we Wýetnamdaky urşa garşy göreşen adamdy.
Billi (Uilýam) Klinton. 1946-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 19-ynda Arkanzasda dogulýar. Ol ýaşlygynda birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýar. Üç aýlyk wagtynda kakasy awtomobil heläkçiliginde ýogalansoň ejesi Billi öz okuwyny dowam etdirmek zerurlygy bilen babasy bilen mamasynyň terbiýelemeginde galdyrýar. 4 ýaşyna ýetýänçe ol Uilýam (Bill) Jefferson Blaýt adyny-familiýasyny göterýär. Ejesi ikinji gezek durmuşa çykandan soň oglunyň ady Bill, familiýasy Klinton diýlip üýtgedilýär.
16 ýaşly Klinton Waşingtonda “Milletiň ýaşlary” atly foruma gatnaşýar. Prezident Kennediniň Ak Tamdaky kabul edişliginde onuň elini gysmagy Klintony öz durmuşyny prezident bolmaga we amerikan halkyny bagtly etmek ugrundaky göreşe iterýär. Klinton Jorgtawn Uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölümini tamamlaýar. 1975-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 11-inde Hillari Rodhama öýlenýär. 1978-nji ýylda Arkanzas ştatynda gubernator bolýar. Ol gubernator bolan wagtynda saglygy goramaga, bilimi ösdürmäge, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge üns beripdir.
Klinton öz kompaniýasyny köne, synagdan geçen usuly – saýlaw syýasatyny özgerişliklere çagyryşy ulanmak esasynda gurnady. 16 ýaşynda prezident Kennediniň elini gyzmak miýesser eden Klinton 30 ýyldan soň onuň dilewarlygyny nusga edinip, amerikalylary özgerişikliklere paýhasly çemeleşmeklige çagyrdy. Ol öz halkyna : “Biziň halkymyz elmydama iki sany taglymy : ertir şu günki günden gowy ýaşap boljakdygyna hem-de her bir amerikanlynyň munuň üçin şahsy ahlak jogapkärçiliklerini öz üstüne alýandygyna ynanypdy” diýip ýüzlendi.
Arkanzas ştatyna 12 ýyl gubernatorlyk eden Klinton ykdysady ösüşiň, bilimiň we saglygy goraýyşyň meselelerini çözmekde öz tejribesine salgylanyp bildi. Jemgyýetçilik pikiriniň jogaplarynyň görkezişine görä ol meseleler Buşuň syýasatynyň iň çylşyrymly ýerleri bolupdy. Eger Buş ykdysady maksatnamasyny pes salgytlarda we köp bolmadyk döwlet harajatlarynda gören bolsa, Klinton baýlardan alynýan salgytlar artdyrmagy zerur diýip hasaplapdy. Onuň pikiriçe hökümet bilimi, ulaglary we aragatnaşygy ösdürmegi maliýeleşdirmelidi, ahyr netijede bolsa býujet ýetmezçiligini peseltmelidi. Klinton saglygy goraýyşda federal harajatlary Buşuňka garanda has köp mukdara artdyrmaga çagyrdy.
1992-nji ýylyň Sanjar aýynyň 3-inde saýlawçylaryň 43% sesini alyp, Klinton ABŞ-yň 42-nji prezidenti boldy. Buş 38%, Pero 19% ses aldy.
Klintonyň prezident saýlanmagy bilen 12 ýyl arakesmeden soň demokratik partiýa gaýtadan dowlet dolandyryşyna geldi. Prezident Klinton ozaly bilen medisina ulgamyny özgertmeklige girişdi. ABŞ-da medisina hyzmaty gymmatdy we hemmä elýeterli däldi. Amerikalylaryň 33, milliony (ilatyň 13,6%-ti) medisina ätiýaçlandyrmasyndan mahrumdy. Esasy saglygy goraýyşa we medisina hyzmatyna ABŞ-yň az harajat goýberilýändiginde däl-de, olaryň paýlanyşyndady. ABŞ dünýäniň baý ýurtlarynyň arasynda öndürýän jemi milli önüminiň iň köp bölegini saglygy goraýyşa harçlaýan döwletdir. 1992-nji ýylda ol bu harajatlar üçin 800 mlrd. dollardan gowrak ýa-da jemi milli önüminiň 13%-den gowragyny harçlady. Ol bilime we goranmak üçin çykdajylardan iki esse köpdür. Emma Klintona öz ýurdunyň ähli raýatlaryny medisina taýdan ätiýaçlandyrmak başartmady.
ABŞ-yň daşary syýasaty. Klinton ABŞ-yň prezidenti bolan ilkinji ýyllarynda daşary syýasatynda örän köp kynçylyklar bilen garşylaşdy. Bosniýa meselesi, Russiýadaky özgerişleriň haýal depginde gitmegi ABŞ-ny biynjalyk edýärdi. Klinton Somalidäki, Kubadaky, Demirgazyk Koreýadaky we Yrakdaky ýüze çykan dartgynlyklary amerikan ugry bilen çözmegi öňe sürdi. Ýöne bu daşary syýasat meselelerini çözmegiň diňe käbiri şowly boldy. Gaitidäki saýlawlarda demokratlar üstün çykdy. Demirgazyk Koreýanyň atom bombasyny edinmek islegine ABŞ garşy çykdy. Klinton Ýakyn Gündogar meselesini düzgünleşdimekde hem birnäçe tagallalary etdi. Onuň hut özi we daşary işler ministri Madlen Olbraýt dünýäniň dartgynly ojaklarynyň ençemesine aýlanyp, dawalaşýan taraplaryň öňbaşçylarynyň gepleşikler geçirmegine goldaw berdiler.