Mowzuk : Angliýa XI-XV asyrlarda

Angliýanyň taryhy
Sahypalar

Angliýa XI-XV asyrlarda
Angliýa XVI asyryň birinji ýarymynda
Angliýa xvı–xvıı asyryň birinji ýarymynda
Angliýa XVII-XVIII asyrlarda

1. Angliýa XI-XIII asyrlarda

2. XIII asyrda Angliýanyň ykdysady ösüşi. Obada synpy göreşiň ýetileşmegi. Iňlis parlamenti.

3. Angliýä XIV-XV asyrlarda.

Sapagyň maksady: Mukaddes Ruhnamada Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli organy Türkmenistanyň Halk Maslahatydyr (265 s.) diýilip aýdylyşy ýäly Angliýada hem 1265 ýylda parlament döredi. Onuň iňlis halky üçin häzirki günlerde-de ähmiýetiniň uludygyny düşündirmek.

Sapagyň wezipesi: Mukaddes Ruhnamadan görmüşi ýaly “Türkmenistanyň mejlisi onuň deputatlary her etrapda halk tarapyndan saýlanýan halk wekileri” şundan ugur alyp Angliýadaky oba we şäherlerdäki öz gerişleri iňlis parlamaneti bilen baglanyşdyryp talyplaryň aňyna ýetirmek.


XI asyryň ortalarynda Angliýada iri ýer eýeçilik düzgüni hokum sürýärdi, ýöne ol ahyryna çenli tamamlanmandy. Daýhanalaryň ep-esli bölegi ýurdyň demirgazyk Günbatarynda azat bolupdyrlar. Olar ýer ýelerine bagly däldi. Üstüsine XI asyryň ýarymynda Normand çözuşlary hem başlandy. Onuň başynda Normand we Gerzogy Wilgelm durupdyr. 1966 ýylyň Ruhnama aýynda La-Manşy ýüzüp geçip Angliýanyň g.o. goşuny bilen düşleýär. Normandlaryň atly we ýer goşuny köp we oňat ýaraglandy, anglo-sokson koroly Garoldyň daýhan ýer goşuny gysagly düzülipdir. Garold şäheri boýün egenden soň Wilgelm Londony eýeledi. Angliýanyň koroly Wilgelm I basybalyjy (1066-1087) boldy. Normond baronlaryň bütin ýurdy boýun egdirmek üçin birnäçe ýyl geçdi. Daýhan gozgalandlary başlandy. 1069 we 1071 ýylda ýurdyň d.g. we d.g. gün dog-da bolan gozgalaňlarda daýhan obalaryny ýakdylar, ýaşaýjylaryň öldürdiler. Boşan ýeler 10-larça ýylap boşap ýatdy. Anglosakson ýerleriniň ýerleride basybalyjylara geçdi. Şeýdip iri ýer eýelerine “baronlar” diýip at beripdir. Orta we maýda ýer eýelerine rysarlar diýipdirler. Buthana we dünýewi administratiw işleride hem anglosaksonlar Fransiýadan gelip çykan normandlar eýelediler.

Korolyň tokaýynda daýhan aw etse onuň gözüni oýpdyr. 1986-nji ýylda ýörite hasaby geçirilýär, ol Angliýanyň taryhynda “Aýlyganç sud kitaby” diýen at bilen girdi. Dünýä ýaşamagyny bes etmeli diýen jümleler bardy. Onda haýsy graflykda, haýsy ýerler patyşa degişli, haysy ruhana, daýhanyň senýora her baronyň näçe wassaly bar, azallarynyň sany, pomestýeleriň takmyny girdeýjileri ýazylypdy.

Şu kitap name maksat bilen ýazyldy. Ýazuwa geçirmegiň iki maksady bardy: 1. Korol öz wassalynyň ýeriniň möçberine bilmek isledi, şeýdip ol kesgitli iş talap etjekdi. 2. Korol dogry maglumat alyp ylatdan alynýan salgydyň möçberini kesgitlejekdi. Xi asyrda Angliýada “Willon” – termini (oba ilaty ýaşaýjysy) ýene-de belli bolmadyk mazmuny bardy. XII asyrda Angliýada, Fransiýadan tapawutly garaşly diýmegi hem aňladypdyr. Norman çozuşlarynyň netijesinde Angliýada ýer eýeçilik duzgüni berkedi. XI asyryň ahyrynda XII asyryň başynda Angliýada “Aýylyganç sud” kitabyndan görnüşi ýäly 1,5 mln ilat ýaşapdyr. Garaýşly daýhanlar monor hojalygyny ýöredipdirler. Ol işläp bermek bilen baglanyşykly bolupdyr.

Willon – garaşly daýhan

Ýer eýesi – domen

Bardari- nadeli bolan garaşly daýhan olar az bolupdyrlar. Oň aşaky gatlak serwlerdi, iň kyn işleri ýerine ýetirip nadellerde bolmandyr. Azat daýhanyň ýagdaýy normand çozuşlardan soň kynlaşdy. XII asyrda krepostnoý daýhana öwrülip bolar, barşinany ýerine ýetiripdirler. Willonlar durmuşa çykanlarynda-da salgyt töläpdirler. Angliýada şaher X-XI asyrlarda ýüze çykýär. Ýüzlerçe şäherler bolup, olarda ilatyň 5% golaý y ýaşapdyr.

Söwda-da uly roly Angliýa oýnapdyr. Golaýy, mal söwdasy, çörek, deri. Bu taýda şowhunly bazarlar uly rol oýnapdyr. Wençesterka, Bosten, Stamdgor, Flandriň Italiýa territoriýasynda söwdagärler gelipdir. Şäherde gatlaklar döräpdir. Korol ýerinde sinýor korolyň özi bolupdyr. Söwda geldiýasyna diňe söwdagärler däl, käbir hünärmentler hem giripdir. Hünärmentleriň gildeýasy (sehi) bolupdyr. Täze gelen normand baronlary korolyň wassaly bolup koralyň goşunyna girýäni köpdi. Buharda-da “Meniň wassylymyň wassaly meniň wassalym” diýen hukuk bolupdyr.

Wilgelm kontrolygy güýçlendirmek üçin dolandyryşda çäreleri gördy. Angliýany graflyklara bölünýärdi, olaryň başynda serifler durupdyr.

Olary korol belläpdir. Olar administratiw sud, salgyt, girdeýji işlerine jogap beripdirler. Şeýdip iňlis halkynyň üstünden eziş güýclendi, beýleki tarapdan söwda ösdi, şaherler janlandy. Koroly rysalar buthan goldaýardy. Korol hem olary ýeňilikler döredipdir. Wilgelmy şäherler hem goldapdyr. Genrih I (1100 - 1135) Wilgelmiň kiçi oglunyň döwründe dolandyryş işini korol maslahaty korol kurýasy uly rol oýnapdyr, oruhud administratiw we maliýa gurama bolupdyr. Oňa iri ýer eýeleri korolyň sülçuleri korolyň iş dolandyryjylary “şahmat tagtasy görnüşndäki palaty” korolyň girdeýjisiniň ýgnapdyr. Genrih I aradan (1135) çykandan soň onuň ogulary bilen Matilda diýen gyzynyň arasynda tagt ugrunda göreş başlanýar, netijede Matildany ogly Genrih II Plantagenet geçýar (1154-1189) oňa diňe Angliýada däl, Fransiýanyň Anžu Men, Turen, Pualu, Akwitaniýä ýerleride degişlidir.

Sutda oturdaşlary belledi. Netijede sinýor kuri birden sud işleri gelip başlady. Genrih II geçiren sud reformasy iri ýer eýeleriniň islegini kanagatlandyrdy. Netijede korolyň girdeýjise artdy. Genrih II harby reforma geçirdi. Azat adam korolyň islän wagty ýarag bilen ýörişe taýýar bolmalydy. Genrih II buthana sudyna gözekçilik etmek synanşygy başa barmady.

XII asyryň 2 ýarymynda Yrlandiýa eýelemeklige başlandy. 1169-1170 ýylarda ýöriş edilipdir. 1171 ýylda Genrih II özi hem gelýär. Irlandlary boýun igdirip berkitme “PEÝL” döredýar. Gelgindiler bilen ýerli ilatyň dil aýratynlyklary XII asyrda ýetipdir. Diňe ýokarky gatlak patyşa ýolbaşçylary we ýuristler iňlis dili bilen bilelekde fransuz, latin dillerini döwlet edaralarynda ulanypdyrlar.

XIII asyrda Angliýada oba bilen şäheri aýrylyp başlady. Bu şäherde çöregiň bahasynyň gymmatlamagyna getiripdir. XIII asyrda pul rentasy giň ýaýrapdyr. Ýöne krepostnoý barşina wotçinasy saklanypdyr.

XIII asyrda iňlis obasynda iki garaýyş ýüze çykýär: 1. Konserwatiw, 2. Progressiw. Söwda pul gatnaşyklary ösdügiçe iri ýer eýeleriň salgytlary artypdyr. Renta barşinasyny ýerine ýetirmek Willonlaryň, azat daýhanlaryň ýüregine düşüpdir, bu bolsa syýasy göreşlere getiripdir. Şonuň dolandyran döwründe (1199-1216) Genrih II kiçi oglunyň döwründe göreşiň iki etaby boldy. Netijede halkyň üstünde zulum ediş güýçlendi. Ýerleri ellerinden aldylar halanmadyk magnatlary öldüripdirler. Baronlary buthana goldaýardy (bularda-da näzyrlar döräpdir). 1202-1204 ýylardaky fransuz koroly Flippz Awgustyň döwründe fransuzlar Ioanyň Fransiýadaky käbir ýerçiliklerini basyp alypdyr. Normandiýa Anžy, Ment, Turen, Pantinyň bir bölegini eýeläpdi. 1212 ýylda papa Ipponenty III bulla çykaryp Iona gerek patyşa tagtyna fransuz koroly Filipp II geçirmegi talap edýär. 1213 ýylda Ioan papanyň Wassaly diýip özüni hasap etdi, 1000 marka kmüş tölegi papa tölekikligini halkyň öňünde boýun alýar, bu masgaraçylykly synag närazyçylygy güýçlenderýär. 1215 ýylda rysarlar baronlar korola oňä garşy göreşe başlaýar. Kondonlylar olara şäheriň gapysyny açyp beripdirler. 1215 ýylyň 15 Oguz aýynda “Erkinligiň beýik hatyrasyna” gal çekýär. Onuň maddalarynyň köpüsi baron we buthana iri ýeleriniň hukuklaryny goldapdyr. Korol olary nusag etmejigini eýeçiligine eldegez mesiz edýär. 25 barondan ýörite komitet döredilýär. Olar patyşanyň partiýany berjaý edişine gözekçilik e edipdirler. Ýer ýetirmedik halat oňa garşy uruşa taýar bolýarlar. Ondan suran ýeňillikler rysarlara we azat daýhanlara berilipdir. Azat adamlara korol çinownikleriniň salgytlarynyň kemeltjigini boýun alypdyr. Ölçeg we agşam birlegi kesgitlenipdir. Beýik partiýa ö döwri üçin progressiw rol oýnapdyr. Ýöne partiýa ýerine ýetirelmäk soň uruş başlanýär. Ioan ölýär. Onuň ýaşajyk ogly Genrih III (1216-1272) baronlar. Korol diýip yglan edipdirler. Dapa fransuzlara Angliýanyň basyp alyjylaryny talamaga rugsat beripdir. Sebäbi fransuzlar oňa ýakyn bolupdyrlar. Baronlar patyşadan syýasy reformalara geçirmegi talap edipdirler.

Döwlet işlerine seretmek üçin 15 baronyň geňeşi we 12 baronyň häkman gatnaşýan maslahatlary ýylda 3 gezek çagyrylypdyr. 1259 ýylda rysalar özbaşdak syýasy talaplary öňe sürüpdirler. Genrih III Oksford prowisinden boýun gaçyrypdyr (baron alidarhiýa režemi). Netijede 1263 ýylda graždanlyk uruşy başlanypdyr. Söwda oligarhiýasy agyr ýagdaýa düşýär. Mandgora Londondan 15 müňli goşun iberýär. Genrih III we onuň ogly Eduard ýesir düşýär. Şeýdip Mondgor Angliýanyň dolandyryjysy. Korolyň tarapdarlarynyň pomestiýalaryny ýümrupdyrlar. Prins Eduard ýesirlikden gaçan soň baronlaryň bir bölegi onuň tarapyna geçýär. 1265-nji ýylda Iwşemiň golaýynda Mondgory ýeňip, özüni hem öldürýärler. Genrih III-de baronlar hem rysarlara guruplylara daýanmak halky saklap bolmajygyny duýpdyrlar. Graždanlyk uruşynyň netijesinde mejlis döräpdir. Baron rysar şaherli deputatlar maslahatlar geçiripdirlar. Eduard I (1227-1307) döwürde parlament (mejlis) gutarnyjly döräpdir. Ýer eýeçileriniň döwleti berkitmek, iri ýer eýeleriniň sud ýeňillikleri aýrylypdyr. Mejlis korola rysarlara we şäher dolandyryjylaryna daýanmagy ündäpdir. Iňlis mejlisi fransuz mejlisinden tapawutlandyrypdyr. Olara baş ştatlar geçirilip korolyň çagyran ýepiskoplary salgydyň möçberini korol mejlis bilen ylalaşypdyr. XIV asyrda mejlis 2 palatasy bölünipdir: 1. Ýokary lordlar palatasy; 2. Aşaky obşina palatasy. Oňa rysarlar şaherden iberlenler gatnaşypdyr. Iňlis mejlisi edil beýleki orta asyr asyr aklar ýaly iri ýer eýeleriň synpyna hyzmat edipdir. Nähili bolsada XIII-XIV asyrda mejlis progressiw rol oýbapdyr. Ol eziji synp bolan iri ýer eýeleriň – baronlara garanda korolyň syýasatyny rysar we şäherleriniň islegini nähili bolsada kanagatlandyrmaga çalyşypdyr. Iri ýer eýeleriniň islegini kanagatlandyryp eduard I we onuň orun tutarlary basypalyjylykly uruşlary alyp barypdyrlar. 1282-1283 nji ýyl Eduard I Angliýa Uelsi birikdiripdir. Uels iri ýer eýeleriniň ýerlerini öz iri ýer eýelerini paýlap beripdir. Şotland koroly Aleksandr III (1286) aradan çykandan soň ol ýerleri berikdirmek isläpdir. 1306-1314-njy bolan geňeşe Şotland rysarlary gatnaşyp özbaşdak döwleti saklap galypdyrlar.

XIV asyryň 4 çärýeginde iňlis obalarynda kommutasiýa rentasy uly oýnapdyr. Daýhanlar şahsy azatlyklaryny goraýarlar. Barşinany ýer ýetirmenden boýun gaçyrypdyr hem-de hakuna tutma işçi köprak zerur bolupdyr. Daýhanlaryň köpüşi d.g. etraplaryna göçüpdirler , sewbäbi bu ýerlerde ekspluatasiýa gowşak bolupdyr.

Ustüsine 1348 ýylda Angliýanyň üstüsine mergi keselide abanypdyr “Gara ölüm”. Ilaty 41 bölegini gyrypdyr. Işçiler azalyk iş haky ýoary göterilipdir. XIV asyrda iri ýer eýeler döwleti “işçi” kabul edýär. 1. kanun 1349 ýylyň ordanasy Eduard III (1327-1377) tarapyndan kabul edilip 12 ýaşdan 60 ýäş çenli aýal erkek, çagalygyna garamazdan hususy ýer bolmadyklara mergä çenli tölenen hany tölenip işlemegi buýurýar. Bellenen möhletden öň gitse daýhany tussak edipdirler. Şu kanuny maksady iri ýer eýeleri we şaher ýolbaşçylary ýeňil gazaç bilen üpjün etmekdi. Şeýlelikde öňki (şäherlere giden iri ýer eýelerine) monarlaryny willonlara yzyna tabşyrmaly. Iňlis obasynda “işçi kanuny” netijesinde synpy göreş ýitileşdi. Iş kanuny oba hojalyk işçi ýäryşyň soýuzy döredi.

XIV asyryň ortalarynda Robin Gud we onuň tarapdarlary tokaý gaçan çinownik, ruhanlar gaçanlar hem herekete goşulypdyr. XIV asyryň 2 ýarymynda şaherde masterler bilen podmasteriýlarynyň arasynda garşylyk ýitileşdi, iş haky artyrmak, iş wagtyny kemeltmegi talap edýärdiler. 100 ýylyk urşuň netijesinde halk garyplaşypdy. Angliýada katoliki buthany reforma geçirmegini talap edipdirler. XIV asyryň 70 ýyllarynda okstorf uniwersitetiniň professory Džon Wiklif (1320-1384) buthanany döwlete boýun egmeli diýip düşündirmäge çalyşýar. Pons Wiklifi sud etmekçi bolanda bütin Londonyň halky ony gorap çykyş edýär. Ol Bibliýanyň latyn dilinden iňlis diline tejrime etmegi talap edipdir. Ol rysarlar bilen şäherleriň islegino oňladyp çykyş etdi. Halkyň arasyndan Jon Boly saýlanyp. Ol buthananyň desýatinasyny ýatyrmagy talap edipdir. Ol Angliýada hemme zat oňat bolsun diýsiňiz, hemme zat umumy bolmalydyr, Wassalam lordam. Bolmaz diýip daýhanlaryň garyplaryň islegini beýan edipdir. XIV asyryň ahyrynda iňlis daýhanlarynyň ýagdaýy erbetleşipdir. Korol Riçard II (1377-1399) döwründe mejlis täze salgyt sistemasyny girizýär. Bu bolsa 1381 ýylda Angliýanyň g.o. g.d-da. 999 graflygynda 9999 döremegine sebäp bolupdyr. Kent daýhanlary Jon Boly tussalykdan çykarýar. Ýuliý Toýler hem hereketleriň birine ýolbaşçylyk edýär. Ol harby işden oňät baş çykarany üçin halkyň arasynda adraýdan peýdalanypdyr.

Esseks we Kentden gelen daýhanlar patşa Riçard II ol egilişiklere garaşypdyrlar, onuň ýanyndaky maslahatçylar erbet diýip piker edip Korola girip, olaryň jaýlaryny otlap, turmelerden tusaglary başadypdyrlar. Maýl-Enden programmasyna laýyklykda krepostnoý hukuklary barşinany ýatyryp uly bolmadyk rentasyny tölejekdiklerini duýdurýarlar. Korol egilişik etjekdigine söz berende daýhanlaryň bir bölegi oňa ynanýär. Londony taşlap çykyp gidýär. Ýuliý Taýler bilen Jon Bokyň egindeşleri gitmän patşa bilen täzeden duşuşmagy boýun edipdirler. Gepleşikler wagty London merleri Ýuliý Taýler dünüklik edip öldüripdiler. Täzeden ýene-de gozgalançylardan almak, öňki saglytlaryň täzeden dikedilipdir. Xiv asyryň 90 ýylaryna çenli hereketler dowam edip durupdyr. Bularyň netijesinde iri ýer eýeler agalyk edijisini agram bolsada egilişikler etmäge mejbur bolýär. Şeýdip Ýuliý Taýleriň hereket nähili bolsada krepostnoý monahlaryxn durmuşyna uly täsir edýär. Daýhan iri ýer eýeçiligiň ösmegi bilen oba hojalyk önümleriniň bahasy arzanlady, hakyna tutma oişçiniň iş haky artdy. XIV-XV asyrda Angliýada ýüze çykan hadysalar umumy ýa-da ykdysady krizis diýip hasap etmän. Ösen we täze ýüze çykan iri ýer eýeler önümçilik gatnaşyklarynyň arasyndaky göreşdi. Şeýdip kapitalistik gatnaşyklara ýol açylardy.

XV asyrda oňät wakalary biri köpçülikleýin willonlaryň azat bolmagy. Daýhanlar indi ýuridiki taýdan 2 dereje bölinipdi. 1. Öňli Willonlaryň nesli “kopigolderler” diýip nadeli eýeçilik edýän resminamalarda ýazgy bardy. Olar husup azat adamlar bolup öz nadelleri üçin ýurda uly bolmadyk pul rentasyny we ş.m. ýerine ýetipdir. Ýer nadeli korolyň sudy tarapyndan garalmandyr. 2. frigolderleriň ýagdaýy olardan oňatrakdy. Olar azat ýer eýesi bilen ozrak pul rentasyny töläp, korol sudy olary gorapdyr, mejlise saýlawlara gatnaşyp bilipdir. Ýokarky gatlag bu hukukdan mohrumdy. 2 gatlagyň içinden baýar çykanlar tapyldy. XV asyrda garyplaşan daýhanlaryň ýerini satyp alyp öz ýerli daýhanlar gatlygy oba hojalyk işçisi peýda bolýär. XV asyrda feudal synpynyň öz içinde köne bilen täzeniň göreşi başlanýär. “Köne dworýanlar” diýenlere öňki ýokary gatlakdan bolan iri ýer eýeler rysalardan giripdi. Bular döwlet salgydynyň bir bölegini bermegini talap edipdirler. “Täze dworýanlar” hem formirlendi maýda we orta wotçinalaryň iri ýer eýelerinde XIII-Xv asyryň rysalaryndan, baýlaşan daýhan we şäherlelilerden, puluny ýere harç edip, dworýan adyny alanlardan formirlenýär. Täze dworýanlar, täze şertlere laýykdy, köne dworýanlardan ýerleri satyp alýardy, garyplaşan daýhan kärendesine berýärdi. Ol söwda bilen baglydy. Şäher önümçiliginiň söwdasynyň öşmegi bilen XV asyrda baý söwdägärler köp şaheriň hünärment masterleri öz toplak pullaryny önümçiligi ösdürmäge, ýer satyn almaga, köpräk dworýan ýerlerini almaga harç edipdirler. Seh monopoliýasynyň giňelmegi önümçilgiň kämilleşmegi bilen baglydy. Bu Kapitolistik önümçilik gatnaşygynyň ýüze çykyp başlamagyny gözkezýär. Angliýada magnatlar guruşydy gatlaklaryň biridi. 1399 ýylda Riçard II den soň Genrih IV (1399-1413) geçdi. Ondan soň Genrih (1413-1422) munuň döwründe 100 ýylyk uruş täzeden tutaşdy.

Genrih V ölenden onuň ogly Genrih VI (1422-1461). Ol bir ýaşam ýaşamandy. Şol sebäpli iri ýer eýeleriniň arasynda tagt ugrunda göreş başlandy üstesine uruşda yzly yzyna ýeňiltmek, haznany başydy salgyt artdy. 1450 ýylda Angliýada uly halk hereketi kent graf-da başlady. Gozlaňa Jon Kod ýolbaşçylyk etdi. Kendiň monifestinde salgyt kemeltmek, mejlis saýlawlarda baronlaryň razlyk bilen edýän synanyşyklaryny ýok etmegi syýasy talaplar bilen bir ykdysady talap “işçi kanunyny” ýatyrmak talap edildi. Bu herekete garyp daýhanlaryň batraklaryň we şaher podmasterleriň gatnaşandygyny aňladýär. Jon Ked, korolyň iş ýängyç maslahatçylaryny Lpndona tutýarler. Korol gorkup ýakyndakylar gözgalany tohtamagy haýyş edýärler, hereket duran ýagdaýyna olara egilişik ediljegini duýdurýarlar. Emma sözünde durman Kediň özüni tutup jezalandyrýarlar. Gozgalaňçylardan öç alýarlar. Beýlki graflyklardada şýle gözgalaňlaryň öňi alynýär.

1455 ýylda Lankoster we Ýoklaryň tagt ugrundaky göreşi getirýär. Ol Angliýanyň taryhynda Alyý we Belyý rozalaryň göreşi diýen ady alýar, köp iri ýer eýeleri bu gözgalaň netijesinde özbaşdaklyklaryny gazandy.

Eduard Ýorskiý Landony eýeläp korol diýip yglan edildi. Eduard III (1461-1483) agalyk eden döwründe Gyzyl we ak bägülleriň gozgalaňy gutarmady. Eduard IV baron – lakostorlara baronlara mejlise ynanmaýardy, sebäbi onuň hat-da iri ýer eýeleri administrasiýa köpdi. Ol mmkin boldygyça mejlissiz işlejek boldy. Ol içki söwdany senagaty, ösdürmäge köpräk üns berdi. Ol Angliýadan gymmat bahaly ýüň daşara çykarmaga rugsat bermer. Eduard IV ölenden soň dogany Riçard III geldi (1483-1485). Korolyň ýaş ogullaryny öldürip özüni korol oglan edýär. Lankostler bilen ýorklar muňa garşy bolup gozgalaň turuzylýär. 1485 ýylda Lonkosterler ony tutup öldürýärler. Netijede gyzyl we ak bägülleriň gozgalaňyda ýatyrylýar.

Genrih Týuder Genrih VII ady bilen Angliýanyň koroly bolýär. Ol täze týudorlar dinastiýasyny esaslandyryjydyr. Bägülleriň göreşi netijesinde korol häkiniýetini güýçlendirmäge meýli bolan täze dworýän, ýüze çykýan buržuaz elementlerini janlandyrdy.

XIII asyrlarda Angliýada iňlis halky yeti forminlendi. Iňlisleriň territorial we dil umumylygy formirlendi.

Fransyz latyn dilleriniň täsirinde umumy iňlis dili ýüze çykýär. 1362 ýyldan mejlis sud işu dilde geçýär. Wiklidiniň inisiatiwasy bilen Bibliýa (Gurhan) iňlis diline geçirilýär.