Kompýuter wiruslar we “ogry” programmalar Wiruslaryň howpy köplenç çişirilip görkezilýär. Köp wiruslar kompýutere uly zyýan ýetirip bilmeýärler, olar diňe kä-wagt özüni bildirýäler we köpelip, biderek ýer tutýarlar. Öňki zamanalarda çykýan wiruslar köplenç özüni has erbet bildirýärdi: kompýuteri işlemez ýaly edýärdiler ýa-da mydama bir habar çykaryp durýardylar (meselem: I LOVE YOU). Olary ýönekeý höwesjeňler we öwrenjeler ýazýardylar. Şu wagt çykýan wiruslary köplenç professionallar ýazýarlar, olar özüni kän bildirenoklar, maglumat ogurlaýarlar ýa-da başga keseki adama öz kompýutere control etmäge ýol berýäler (malware). Antiwirus kompaiýalar özleri gizlinlikde wiruslaryň köpüsini döredýärler diýen pikir bar.

Arassa antiwirus programma aslynda diňe wiruslara garşý göreşýär. Firewall programmalar diňe “ogry” programmalara (malware) we hakerlere garşy göreşýär. Meşgur uly antiwirus programmalar üç bölege bölünýärler: Hemişelik barlaýjy, kompýuteriň açýan we işleýän faýllaryň ählisini barlap durýar. INTERNET barlaýjy – web-saýtlary we email barlaýar. SKANER – diňe kompýuteriň görkezilen ýerini (diski, USB) barlaýar, soň öçýär. Antiwirus programmalaryň aralarynda uly tapawut ýok. Iň möhüm zat – olar täzelenen (soňky “obnowleniýe” - UPDATE) bolmaly. Köne “obnowleniýesi” bolan antiwirus täze çykan wiruslary tutmaýar. Eger kompýuter Internete çatylmadyk bolsa, tanyşlardan täze antiwirus bazasyny alyp, antiwirusy 3-4 aýda bir gezek täzeleseň ýeterlidir.

Kä-bir antiwiruslar kompýuteriň ähli zadyny barlaýarlar, emma “agyr” işleýäler, prosessoryň güýjüni köp alýarlar: Kasperskiy, Norton. Öýde ýeňil we çalt işleýän antiwiruslary ulanmak amatly: Dr. Web, NOD. Internetden mugt we oňat hilli antiwiruslary alyp hem bolýar: AVG. Mundan başgada ähli antiwiruslaryň kiçeldilen SKANER görnüşini mugt alyp bolýar. SKANER täzelenip bilmeýär, şonuň üçin ol wagt bilen köneleşýär. Köp ökde kompýuterçler antiwirusy asla ulananoklar,ýa-da ony öçürip goýýarlar. Antiwirus kompýuteriň tizligini gowşadýar, şonuň üçin ony diňe başga ýerden gümana disk açaňda ýa-da Internete gireňde açmak amatly. Kompýuteriň özüni bolsa hepdede bir-iki gezek SKANER bilen barlatmak ýeterlidir.

link http://en.wikipedia.org/wiki/Antivirus