B.e.öňki III asyryň ortalarynda selewki patyşalarynyň Baktriýadaky dikmesi Diodot hem-de Parfiýadaky satraby Andragor bölünip aýrylyp, özlerini özbaşdak hökümdar diýip yglan edipdirler . Şeýlelikde, Baktriýa topragynda Diodotyň ýolbaşçylygynda başynda sap grekler duran özboluşly Grek-Baktriya patyşalygy emele gelipdir. Parfiýa hökümdary Andragor bolsa häkimligi öz elinde uzak saklap bilmändir. Tizara Türkmenistanyň territoriýalarynda ýaşan dah taýpalarynyň düzümine giren, Oh (Tejen ýa-da Etrek) derýasynyň jülgelerinde göçüp-gonup ýören parnlaryň başda durmagynda Andragora garşy gönükdirilen halk gozgalaňy başlanypdyr. Gozgalaň b.e.öňki 247-hji ýylda parnlaryň serdarlary, doganlar Arşagyň we Tridatyň ýolbaşçylygynda häkimiýetiň ýerli halkyň eline geçmegi bilen tamamlanypdyr. Özbaşdak Parfiýa döwleti döräpdir.Arşak patyşa diýlip yglan edilipdir, emma ol tiz wagtda söweşde wepat bolupdyr. Ỳurduň patyşalygyna Tridat saýlanypdyr . Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Bagyr obasynda Nusaý bolupdyr.