Arap halklarynyň milli azatlyk hereketi
Arap halklarynyň milli azatlyk hereketi.
Birinji jahan urşuna çenli dünýäniň syýasy kartasynda ýekeje-de özbaşdak arap döwleti galmandy. Häzirki Yrak, Iordaniýa, Siriýa, Liwan, Ýemen Türkmen-Osmanly döwletiniň düzümine girýärdi. Häzirki Arabystan ýarym adasynda ýerleşen döwletleriň aglabasynyň ýerlerini Türkiýe, bir bölegine Beýik Britaniýa eýeçilik edýärdi. Müsür, Sudan Beýik Britaniýanyň täsirindedi. Liwiýany, Italiýany, Alžiri, Tunisi, Marokkanyň bir bölegini Fransiýa eýeläpdi. Marokkanyň beýleki bölegi ispanlaryňkydy, bir bölegi (Tanžer) garaşsyzdy.
Beýik Britaniýa we Fransiýa araplaryň türk sütemine garşy göreşini goldan bolup, azat edijiniň perdesine duwlanyp, uruş döwri olaryň özlerini goldamagyny gazandylar. Türklerden azat edilen arap ýerleri iňlis we fransuz goşunlary tarapyndan basylyp alyndy. Birinji jahan urşundan soň türk hökümdarlarynyň ornuna iňlis we fransuz hojaýynlary geldiler. Arabystan ýarym adasynda diňe häzirki Saud Arabystanyň ýerleri we Ýemen özbaşdaklygyny gazanyp bildi. Arap Gündogarynyň beýleki halklary baknalyk sütemi astynda galýardylar. Beýik Britaniýa we Fransiýa uruşdan soňra Arap Gündogaryny resmi ýagdaýda-da paýlaşdylar. Bakna halklary özbaşdak ýaşamaga taýýarlamak bahanasy bilen, olara hojaýynçylyk etmäge Milletler Ligasy tarapyndan berlen ýörite haty-mandaty aldylar. Beýik Britaniýa, Iordaniýa, Yrak we Palestina halklaryny, Fransiýa bolsa Siriýa we Liwany aldy.
Iňlisleriň we fransuzlaryň Milletler Ligasynyň adyndan dolandyryş düzgüni araplaryň türklere baknalyk düzgüninden kän bir tapawutlanmaýardy. Şonuň üçin iňlis-fransuz agalygyna garşy Arap Gündogarynda milli azat edijilik hereketleri başlandy. Iri gozgalaňlar 1920-nji ýylda Yrakda, 1922-nji we 1925-1927-nji ýyllarda Siriýada bolup geçdi.
1921-nji ýylda Marokkanyň rif taýpalarynyň 12-siniň birleşip, garaşsyzlyk ugrundaky başlan göreşi bütin dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Olar Muhammed Abd’ al-Kerimiň ýolbaşçylygynda özbaşdak Rif respublikasyny jar etdiler. Birnäçe gezek ispan we fransuz goşunlaryny derbi dagyn edip, Rif taýpalary baknalyga garşy ýaragly göreşiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. 1926-njy ýylda Fransiýa we Ispaniýa bilelikde harby uçarlary ulanyp, kynlyk bilen Rif respublikasynyň ýaragly göreşini basyp ýatyrmagy başardy.
Araplaryň garaşsyzlyk ugrundaky göreşleri käbir netijelerini-de berdi. 1922-nji ýylda Müsüriň, 1932-nji ýylda Yragyň garaşsyzlygy resmi ykrar edildi. Siriýadaky garaşsyzlyk ugrundaky gozgalaňlar fransuz hojaýynlaryny gorkuzdy. 1936-njy ýylda Fransiýa ýene üç ýyldan Siriýa özbaşdaklyk bermek barada şertnama baglaşdy. Emma ikinji jahan urşunyň başlanmagy bilen, Fransiýa 1936-njy ýylyň şertnamasyndan ýüz öwürdi.