Mowzuk: Araplar VI-XI asyrlarda

Meýilnama

1. Araplar musulmançylyga çenli döwürde. Onuň ilaty durmuşy-ykdysady ösüşi.

2. Ilkinji dört halyfatyň dolandyrmagy.

3. Omaýatlar nebereleri we olaryň nesilbaşylary.

4. Halifat ýurtlarynyp nebeleri.

Maksady: VI-XI asyr arap döwleti barada düşünje bermek.

Wezipesi: Ilat dininiň ýüze çykyşy we musulman ýurtlaryna ýýraýşy hem-de onuň netijelerini beýan etmek.

Pegamber derejesinde oturan ruhy baştutany Gorkut ata ilkinjileriň biri bolup yslamy kabul edipdir. Mekge-Medina gidip haj parzlaryny bitiripdir. Mukaddes Ruhnama, 105 sah.

Jarifat al-arab araplaryň adasy diýmekligi aňladýar. Parslar we türkmer oňa Arabysan diýipdirler. Arap ýarym adysy ululygy boýunça Ýewropanyň 4/1 bölegine barabardyr. Onuň dar töweregini Gyzyl deňzi, Hindi ummany, orta ýer deňzi, Pars ýalagy, Jýurdan derýalary tutýar.

Arabystan ýarym adasynda ýerleşen Arap taýpalary, etniki gelip çykyşy boýunça Günorra arap we Ýemen hem-de Demirgazyk araplara bölünýär.

VII asyryň başlarynda araplaryň köpüsi göçüp-gonup ýörän bedwinleri, olar oazis ýerlerinde ekerançylyk bilen meşgullanýan ekeni. Bedwinleri maýda dowardarçylyk geçi saklamak bilen hem meşgullanýan ekeni. Finikiýa palmasy, dary, üzüm, hasylly agaçlary ösdüripdirler.

Arabystan welaýatlarynyň ösüşi birmeňzeş derejede bolmandyr. Biziň eýýamyzdan öň 1 müň ýyllykda Yomende ekerançylyk medeniýeti ösdürip, sebäbi bu ýerde suw desgalary köp bolupdyr.

Siriýada we Girkan çeşmelerinde Ýemeniň ilatynyň birnäç gatlaklara bölünindigi ýatlanýär.

VI-VII asyrlarda baý gatlak, söwdagärler, azat ekerançylyk, azat hünärmentler, gullar bolupdyr. Azat jemagatlar birleşip kannalary, suw desgallaryny gurupdyrlar. Gurply adamlaryň köpüsi şeherlerde ýaşapdyrlar. Ýöne olaryp obada hem ýerleri bolup, bag, üžüm ekipdirler. Gullary suw desgalarynyň gurluşygynda-de peýdalanypdyrlar.

Ýomeniň ýokary gatlahynyň içinden käbirleri tapawutlanupdyr, oalr suw paýlajylar, kanal çekmek işi bilen meşgulanýarlar bolupdyr. Araplarda gadymy söwdanyň ösen şherleri Marib, Sona, Alzram, Main bolupdyr.

Şaherlerde ýaşulylaryň maslahatlary geçiripdir. Oňa miswodlar diýip at beripdirler. Ýomen söwda çatrygynda ýerleşindigi üçin Müsür, Palestina, Siriýa bilen söwda edip, uly girdeji gazanypdyr. Soňabaka bütin orta ýer deňzi, Efiopiýa, Hindistan, Pars ýaýlagy, Yefrat we Tigr derýalarynyň aralygy bilen söwda edipdir.

Arabystan Günbatarynda Hajis welaýaty Mekge ýerleşipdir. Kwartallarda durup aýry küreýiş taýpalary ýaşapdyr. Söwdagärler bu ýere deri guradylan üzüm, igde, altyn cage we kümüş daşlary ýurtlara äkidilip, Hindistanda hoşamaý ysly tagamlar, Hytaýdan ýüpek, Afrikadan altyn, pil süňki we gullar getiripdir. Siriýdan, Wizantiýadan çüýle gaplar, metal önümleri, ýarag, bugdaý ösümlili ýagy, mekga getiripdir.

Mekgäniň merkezinde kub görnüşindäki ybadathana ýerleşipdir. Kabir meligeliler gara daşa çokunypdyrlar. Haj döwründe taýpalara uruşlar ýatrylypdyr.

Gyş pasly Mekgede sowhunly bazarlar geçiripdir. Arabystanyň beýliki bir uly şaheri Medine bolup, yslam ýüze çykýança ol şaheriň ady Ýasrib bolupdyr. Ol syýasy merkeze öwrülenden soň ady üýtgäpdir. Bu ýerde söwdagärler, hünärmentler ýäşapdyr.

Araplaryň durmuşy yslam dini girýançe oňat öwrenilmändir. Araplarda iri eýeçilik gatnaşyklary VII asyrda köp ýerleri basyp alandan soň ösüp başlapdyr. Bedwinler (gumlylar) köp wagtlap oturymly ekerançylyga geçer ýäly amatly ýerleri az bolupdyr.

Araplaryň bir bölegi Palestina, Siriýa, Wizantiýa, Mesopotamiýa, Sasanid eýeanynda ýaşapadyr.

Şol sebäpli VI-VII asyrlarda Arabystanyň taýpalary arap diliniň dürli tirelerinde gürläpdirler. Demirgazyk araplar ýazuw çeşmelerinde semitleriň dili bolan arameý dilinde (araplara ýakym dil) gürläpdirler.

Arap dilindäki ýazgylar 328 ýylda peýda bolupdyr. Arap dilindäki baý poeziýa eserleri Riziň günlerimize çenli saklanypdyr. Olar dilinden – dile geçipdir. Yslama çenli din dürli tebigy hudaýlara ynanmak bilen baglanyşykly bolupdyr. Siriýa, Efiopiýadan IV asyrda herstian iudeý dini ýaýrapdyr. Bu dinler durmuş-ykdysady durnuksyzlyklaryň döremeginde geçiripdir. Efioplar 525 ýylda Abramyň ýolbaşçylygynda Ýomeni eýeläp, Mekgäni eýelemegi planlaşdyrypdyrlar.

Hosrow I 570 ýylda Günorta Ýemeniň territoriýasyny efioplardan azat edýär we sasanid eýeranyna birleşdirilýär. Araplaryň söwdasyna uly zyýän ýetipdir Hajis V-VI asyrlarda ykdysady we durmuş taýdan pese gaçýär. Hatyn esasyny Kureýiş taýpalary düzüpdir. Araplar söwdadan girýän girdeýjiniň ep-esli bölegini ýetiripdir. Bu çykgynsyz ýagdaýdan çykalga bolup, hyzmat eden zat mekgelileriň yslam dini bolupdyr. Yslam dini diýmek boýun egmek diýen manysy beripdir.

Ony esaslandyryjy Mekge söwdagärli Muhammetdi (570-632). Ol Haşimler taýpasyndan bolup, küreýiş tiresindendi. Käbede araplaryň täsiri guüýçlenipdir. Din täze ornaşan manaly yzarlamalara duçar bolýar. Şol sebäpli 622 ýylda Muhammet Mekgeden Medina göçýär. Şondan hem musulman ýylýazgyny (hijri) gaýdýar. Medina Muhammet bilen söwdagärler Abu Bekir we Omar gelýär.

Mekge bilen Medine geçen musulmanlara Muhajirler diýip at beripdirler. Yslam dinini kabul edenlere ansarlar (kömekçiler) diýipdirler. Yslam dininde ähli halklar, taýpalar dogandyr diýip, araplary birleşmäge çagyrypdyr. Şeýdip 630 ýyldan Arap döwletiniň düýbi tutulýär we ýeketäk din döräpdir.

Yslama ynanýan musulman 5 parzy ýerine ýetirmeli olupdyr.

1. Ähli zady ýaradanyň allanyň ýeketäkdigini Muhammet Pygamberiň ýerdäki wekilidigini ykrar etmeli.

2. Günde 5 wagt namaz okamaly

3. Remezen ayynda oraza tutmaly (agzyňy beklemeli)

4. Mekgä zyýarat etmeli

5. Malyň 40-dan birini garyplara zekat bermeli.

Muhammet 570-njy ýylda dogulyp 632 ýylda aradan çykýär. Kakasyna Abdulla, ejesine Emine diýipdirler. Ol Hatyja atly baý dul geline öýlenýär. Yslam bolup geçýan ähli Radysa allanyň emri bilen bolýandyr diýip öwredýär. Her kimiň öz kysmatyna kaýyl bolup, taňra galyberesede Hökümdara gulluk etmegini ündeýär. Yslam hiç kimi aldamazlygy, kesekimiň hakyny iýmezligi, mysapyra hemaýat etmegi, alynýän girdejiniň halal zähmetiň netijesi bolmalydygyny wagz edýär.

Yslam diniň esasy kada – kanunlary, “Gurhanda” ýerleşidirilipdir. Goşgularyň sany 620-nji ýylda 6236, onda 77934 söz bar. 114 süreden (bölekden) her sure birnäçe aýatlara bölünýär. Aýatlaryň jemi sany 6 müňden gowrakdy. Araplar basyp alan ýerlerini doly araplaşdyrypdyrlar.

Muhammet Pygamber aradan çykan döwrüne çenli Gurhan gutarnykly düzülmändir. Onuň asyl nusgasynyň birnäçesi ýitip gidipdir. Ol ýasy süňklerde, palma agajynyň ýapragyna, gönlere we daşlara göçürilip ýazylypdyr. Pygamberiň özüniň bar wagtynda kätiplik wezipesi bolmandyr. Gurhanyň dagynyk tekstini rejelemekde Abu Bekir, Osman uly işleri edipdir. Ýöne ýagyndynyň redaksiýasy dürli bolupdyr. Damasklylar, kuftalylar, barsalylar. Homsalylar ykrar edipdirler. Yslamda bolup geçýän ähli zady allnyň emri bilen bolýändyr diýip öwredýär. Her kim öz kastyna kaýyl bolmalydyr, galybersede hökümdara dulluk etmegi ündeýär. Häzirki wagtda yslama uýýanlaryň sany bir ýarym milliard arasyndaky agzalalyklary aýyrmak üçin köp hudaýlykdan bir hudaýlyga geçmäge çagyrypdyr. Muhammet Pygamberiň öwüt nesihatlaryndan:

- Bir ýere barsaňyz “Essalamy-aleýkum” diýip giriň! Mensize diýän diýmekdir.

- Ata-enenize hemişe mähriban boluň!

- Dogan garyndaşlaryňyza kömek ediň.

- Gysganç bolmaň, ýöne isripçilige hem ýol bermäň!

Yslam hiç kimi aldamazlygy kesekileriň hakyky iýmezligi, mysapyra hemaýat etmegi, alynýän girdejiniň halal zähmetiň netijesi bolmalylygyny wagz edýär. Yslam diniň esdasy kada kanunlary “Gurhan” kitapda 114 bölekden her sure birnäçe bölünýär. Aýatlaryň jemi sany 6 müňden gowrakdyr. Bu kataby Muhammet ölenden soň Abu Bekir (632-634) Omar (634-644) Osman (644-656) Aly (656-661) atly 4 çaryýarlar dowam edýärler. Olaryň döwletine halyjatlyk ady berilipdir. Abubekir medeni halyf bolupdyr. Onuň oruntutarylary Omaryň döwründe orta Aziýa basybalyjylykly ýöreliş gurapdyrlar. 640 ýylda bütin Palestina we Siriýany eýeläpdirler. Halkyny gula öwrülipdirler. 642-nji ýylda Araplar Müsüri 637 ýylda Eýrany säherini eýeläpdirler. 651 ýylda Eýran doly boýun egen.

Arap halyfaty VII-X asyrda Basybalyjylykly usurlaryň netijesinde giň arap döwleti halyfat döräpdir.

Yslam dini IX asyrda çenli eýelän ýerleriň halklarynyň aňyna yslam dinini girizipdirler.

Arap halyfatynda gul bilen gul eýesiniň arasynda garşylygyň bolandygyny aňladýär.

650 ýylda Gurhany işläp düzmegi Osman öz üstüne alypdyr, ýöne onuň kömekçileri bolupdyr.

Zor bilen yslam dini ýuwaş-ýuwaşdan ornaşdyrylyp, öňki ýerli dinleri (hristiýançylyk, iudeý, buddizm, zarastraçylygyň) gysyp çykaran ýeke-täk agalyk edýän dine öwrilýär. Muhammediň oruntutarlary dört çaryýärlar Abu Bekir (632-634) Omar (634-644) Osman (644-656) Ali (656-661) olaryň döwletine halyflyk ady berlipdir.

Hadysda Muhammediň durmuşy gürrüň berlipdir. Köp hadyslar Muhajirler we ansarlar tarapyndan döredilipdir (dini ýaýradyjylar). Muhammet ölenden soň Abu Bekir Medenede halyf bolýar. Ol arap taýpalarynyň gözgalaňlaryny basyp ýätyrýar. Onuň oruntutanlary Omaryň döwründe orta ýer deňzi Alynky we Orta Aziýa döwletilerine basybalyjylykly ýöreliş guralýär.

640 ýylda Araplar bütin Palestina we Siriýany eýeleýärler.

Basybalyjylykly uruşlaryň netijesinde giň arap döwleti halyfat döreýär. Dolandyryjylar yurt barada alada etmän, köpräk ýerleri basyp almak boýun egdirilen halklardan olja ýygnamagyň aladasyny edýarler. Yslam dini IX asyra çenli eýeläp ýerleriniň halklarynyň aňyňä siňdiriýär. Halyfatda gullaryň sany şeýle bir köp bolupdyr. Mysal üçin Abdar Rahmani Ibn Audeýe 30 müň guly bolupdyr. Gullar basyp alan ýurtlaryndan getirilen hünärmentleriň, demir usullarynyň hasabyna hem artypdyr.

Gullaryň biri Abu enda hünäri boýunça tagtadan zat bejerýän daşyň ussady bolupdyr. Halyf Omaryň ýanyna baryp öz hökümdaryndan negijedigini duýdurranda Omar oňa üns hem bermändir, ertirsi gün gul gylyjy bilen halyf Omary öldüropdir (644). Şeýdip Omar guluň elinden öldüpdir. Bu arap halyfatynda gul bilen gul eýesiniň arasynda garşylyklaryň bolandygyny aňladýar. Bu iri ýer eýeçilikli jemgyýetde-de gurçulygyň dowam edendigini subut edýär. Araplar eýelän ýerinde illü harbylagerli. Müsürde Fustat, Palestinada, Ramla, Irakda Kufa we barsa. Eýranda Siraz, Siriýäda şeýle şaherler bolupdyr.

Şeýdip Zakawkaziýa, Eýran, Merkezi Aziýa, Müsür, d.g. Afrikada ýerleşen araplar ýerli halk bilen assimerleşip, onuň medeniýeti kanul edipdir. Abu Bekir (634-644) Siriýa, Palestina, Wizantiýa ýörişler edipdir. Osman nähili bolsada gurhanyň sürelerini amal etmäge çalşypdyr. 3 gün halyf Osman (644-656) baý omaýatlar tiresinden gelip çykandygy sebäpli, onda ozone göwniýetjilik häsiýetde bolupdyr. Öz kowum garyndaşlaryna ýokary wezipeleri tabşyrylypdyr. Deňsizlik halkyň näzaryçylygyna getiripdir. Bedwinler bilen daýhanlar gozdalaňa aýaga galypdyr. Eýranda häkimiýete geçmegini talap edipdirler.

656 ýylda Osmany öldürip Ali (656-661) Muhammediň giýewsi-gyzy Fatima öýlenipdi. 4-nji halif bolup häkimiýete geçipdir.

Omaýatlar nebeleri munuň bilen razylaşmandyrlar. Nazary bolan Harijiler gozgalan turuzypdyrlar. Olar täze halif saýlamagy talap edipdirler. Soňa saýlamagy talap edipdirler. Soňa baha harizjiler dini topary döredilipdir.

661 ýylda Ali Kuf şaherinde öldürilýär. Myabu Halif diýip yglan edilýär. 661-750 Omaýtlar neslini esaslandyrýär. Ol ýurduň paýtagtyny Damaska göçürýär. Ýöne arap dolandyryjylaryna bil baglaýär. Ali bilen Fatimadan Hasanwe Hüseýin diýen ogullary bolýär. Olary Omaýtlar öldürýär. Olar Ispaniýadan tä merkezi Aziýa çenli eýelän ýerlerini yslamlaşdyrypdyrlar. Olar ýerli ilata öýlenipdirler. Şeýdip aýallar çagalar araplaşyrypdyrlar. Aýratyn hem Siriýä, Irak, Müsür, Liwiýa, Magribiň ilaty araplaşýär. Öňki 4 halyfyň döwründe grek we pars dili esasy bolan bolsa, indi arap dilinde hat ýazuw işlerini alyp barypdyrlar. Merkezi şaher Damaskda altyn dinarlar we kümüş dirhemler zikkelenipdir.

1. Mülk (halyf we dolandyryjylaryňky)

2. waky – dini edaralaryňky

3. ikta – jemgyýetçilik ýerleri bolupdyr.

Ýerleriň hemmesini daýhanlar bejiripdirler. Mülkdarlar ýerleri kärendesine beripdir. Salgytlar emeriň, halyfyň kaznasyna siňiodir. Ikta ýerleri arasyndan ogluna nesle geçipdir. Sebäbi ol ýerler köplenç harby işe çeşmelere berlipdir.

VII-VIII asyrlarda Araplar d.g. Afrikany, Pirineý ýärym adasynyň köp ýerlerini eýläpdir. 715 Zakawkaziýa, soňra merkezi Aziýany basyp alýar. Basyp alan ýurtlarynyň halklary Omaýatlarydan närazyçylygy artýar. Şehitler we harajitlerden başgada 20 ýylarda täze topar abbasitler peýda boldy.

Omaýatlaryň häkimiýeti çykylsada olaryň biri Ispaniýa gaçyp, garaşsyz kardow emiratyny döretdi. Abbasitler basybalyjylylyk syýasatyny dowam etdirdiler.

Halyfatyň g.d. Merw oazisinde gozgalaňe Abu Mulsim ýolbaşçylyk etdi. Ol asly gelip çykyşy boýunça parsdy, Horasan we Mawerannahryň halky gozgalaňa aýaga galdy. (Amyderýa bilen Syrdarýanyň aralygy) bir bada 60 oba aýa galýar.

Hünärmentler, söwdagärler, daýhanlar gatnaşdy. Gözdalan 747 ýylda başlanyp üç ýylda golaý dowam etdi. Halyf Merwan II Müsüre geçip şol ýerde öldüpdir. Halyf diýip Abbasid Abul Abbas yglan edipdirler. Abbasitler (750-1258) Halifatda häkimligi ele alýär.

Ýöne abbasitler Siriýada, Damaskda köp saklanyp bilmediler, sebäbi ol ýerde Omaýatlryň tarapdarlary köpdi. Şol sebäpli olaryň ýurdyň paýtagtyny Bagdada geçirdiler (762 ý.). Abbasidleriň döwründe söwda we ýere iri ýer ýeçiligi saklanypdyr.

Ikta düzgüni ýaýraýar. Musulman dini edaralarynyň wakuf ýerleri bolupdyr. Halyfatda VIII asyryň 2 ýarymyndan IX asyryň I ýarymyna çenli Abbasidleriň häkimiýetine garşy halk hereketleri dowam edipdir.

755 ýylda Horasanda Sumbodyň gögalany Merkezi Aziýada 776-783 ýylda Mukannanyň ýolbaşçylygyndaky halk hereketi (Akbynaslylaryň gözgalany) Gürgende 778-779 ýylarda gözgalan boldy.

816-837 ýylarda Azerbaýjanda we Günbatar Eýranda Babegiň ýolbaşçylygyndaky daýhan hereketleri boldy. 839 ýylda Tabristanda (Mazendaranda) Marýaryň ýolbaşçylygyndaky halk köpçüliginiň hereketi bolup, daýhanlar araplaryň ýerlerini eýeläpdirler.

VIII-IX asyrda hüramentleriň hereketi Azerbaýjana we Merkezi Aziýada täsirli bolupdyr (huromit sözüniň gelip çykyşy barada maglumat ýok). Bu hereket iri ýer eýeleriniň ezişine garşy bolandygy üçin progressiw rol oýnapdyr.

Halyf Muliniň döwründe (813-833) Müsürde halk salgytlara çydaman herekete gelýär. Muliniň özi baryp gozgalaňy ýätyrýär. Aýllary, çagalary gula öwüripdirler. Ýöne nähili bolsa-da, gozgalaň ýatyrylandan soň salgytlar düzgünleşdirilýär.

Araplar syýasy taýdan pese gaçsada arap-musulman medeniýeri, edebiýaty hünärmentçilik, söwda, deňizde ýüzmek ösdi. Suw gurluşygy, desgalaryna uly üns berildi. Yspaniýa bilen Hytaý aralagynda sowatly adamlaryň sany artdy. Goşuna uly üns berildi. Göçüp-gonup ýörän bedwinlere derek hakyna tutma goşup berildi. Agrar gatnaşyklary Abbasidlererde öňli ýaly galdy.

Horosan eýenlylaryň Tahirid (821-873) neberelerine berildi.

Tahirid Abdallah (828-844) ýurduň ykdysady ösüşine uly üns berýär. Emma jemgyýetçilik ýerleriniň daýhan gozgalaňlaryna getirýär. Şeýdip Eýranyň Gündogarynda Saffaridleriň mebereleriniň döwleti döredýär. Ony esaslandyran Yakub Ibn Leýsdir. 864 ýylda Ol Leýstanda Emir boldy. Häzirki Owganystanyň Hyrat, Kabul, Gazna, Kerman, Pars ýerlerini eýeläp 873 ýylda öž häkimiýetini berkitdi. Bagdada ýöriş etdi. Ýöne ol ýeňildi. Soňra bütin merkezi Aziýa diýen ýaly Samanileriň (875-999) gol astyna düşdi. IX-X asyrda halyfat pese gaçyp başlady. Sebäbi milli halyfat pese gaçyp başlady. Sebäbi milli azat edijilik hereketler güýçlendi. Eýranda Tahiriler, Merkezi Aziýada Samaniler, Demirgazyk Afrikada Müsürde Halyfa salgyt tölejek bolup gozgalaňlar turdy.

X asyryň ortalarynda Halyfat syýasy taýdan pese gaçdy:

1. Welaýatlaryň ykdysady ösüş derejek dürlüdi. Olar etniki gelip çykyşy, dine uýsy, medeniýetide dürlidi.

2. bu welaýatlary elde saklamak üçin harby güýç hem güýçli bolmalydy.

3. Iri ýer eýeleri döwlet eýeçiligine geçmelidi.

4. Daýhan we milli azat edijilik hereketler ýatyrylan hem bolsa, halyfat harby güýji gaçyrdy.

Halyf Al-Mamun iri halk hereketlerini, Babegiň gozgalaňy ýaly gozgalaňlary ýatyryp biljek däldi.

Goşunyň üsti G.g. Ýewropalylaryň Gazagystaňly gullaryň (slawýän we afrikan gullaryň) hasabyna doldurylýardy.

Abbasidleri elinde Arap Yragy we g.b. Eýran galypdy.

Afrikadan getirilen gullara zinjler diýip at beripdirler. Olary özleşdirmedik ýerlerde Barsa, Eýran peslik ýerlerinde işledipdirler. Olar oňat ýerleriň bardygyna görýänseler dawasyz işläpdirler. Agyr zähmetden ölýän negrleriň sany-sajagy bolmalydyr.

869 ýylda Harajitlerden bolan arab Ali Ibn Muhammed Al-Barkuiniň ýplbaşçylygynda gozgalaň turdy. Zinjleriň gozgalaňy (869-883) boldy. Oňa daýhanlar hem bedwinler goşulyp, halyfata uly zeper ýetirdi.

Zinjiler Barsa şaherini eýelediler. Aşaky Yrak, Hindistanda bir topar şäherleri eýeläpdiler. Öz ýolbaşçylaryny Halyf diýip atlandyrdylar. Ýöne daýhdanlar we bedwinler olardan daşlaşyp başlady.

Şih Ymanlardan bolam Ysmailyň oglunyň ady bilen baglanyşykly Ismaillylaryň şýlede Hemden kermat diýen asly yzakly, serkerde-basynyň ady bilen baglanyşykly.

Kermatlaryň gozgalaňy 900-902 ýylda Siriýada bolup geçdi. Kermatlar gozdalaň turuzdylar. Emma bu gozgalaň ýatyrylandan soň Ysmail, Tunisa gaçýär, bu ýerde Muhammediň nesli bilen baglanyşykly. Fatimidlerin Ysmailit halyfaty döredilýär (910-1171).

X asyryň ahyrynda Alžir, Tunis, Siriýa, Sisiliýa, Müsür, Palestina, Siwiýanyň uly bölegi degişli bolupdyr. Fatimid Ismaitleriniň hem karamatlaryň hem belli bir meýilnamasy bolmansyr. Olaryň baryly din bilen baglanyşykly bolup, halky özmek, talamak, hormatlak, öldürmek, gula öwürmek bolupdyr.