Astrologiýa ( grekçe: astḗr - "ýyldyz" we lógos - "bellik") astronomiki hadysalar bilen adamzat dünýäsinde wakalaryň arasynda baglanyşyk bar diýen ynançlar toplumydyr. Günbatarda astrologiýa, esasan, şahsyýetiň stiliniň we ýaşaýşynyň Gün, we beýleki asman jisimleriniň dünýä inen wagtyna baglydygyny öňe sürýän zodiak alamatlar ulgamyndan durýar. Hindi, Hytaý we Maýa ýaly dürli medeniýetlerde astronomiki hadysalaryň ýerdäki wakalara möhüm täsir edýändigi aýdylýar.

Astrologik sagat. Wenesiýa.