Ataýry
Ataýrylar iň uly möýşekillidir. Onuň bedeni köp bogunlara bölünen, ýagny kükregi iki segmentden, garny bolsa 10 segmentden ybarat. Heliserleri güýçli we atagzy şekilli. Pedipalplary aýaklar meňzeş we ýöremekde peýdalanylýar. Traheýalar bilen dem alýar. Ataýrylar yssy we gurak klimatly ýurtlarda ýaşaýarlar. Olaryň dýnýä boýunça 600-e golaý görnüşleri belli. Öňki Sowet Soýuzynyň territoriýasynda, esasan-da Orta Aziýa Kawkazda 50-ä çenli ataýry görnüşleri bar. respubliklalarynda we Türkmenistanda ataýrylaryň aşakdaky 16 sany görnüşleri ýaşaýarlar: Galeodes caspius; Galeodes caspius lehmanni; Galeodes araneoides turcmenicus; Galeodes sp, Galeodes fumigatus; Galeodopsis bilkieviezi; Paragaleodes pallidus; Rhagodes melanochaetus; Rhagodes melanopygus; Rhagodes aureus; Rhagodes plumbescens; Rhagodes eglandti; Rhagodes eglanati melanogaster; Daesia rossica; Gluviopsis nigrocincta; Gylippus lamelliger. Ataýrylar aýry-aýry jynsly. Urkaçy osoblary ýazyna tohumlananlaryndan soňra topragyň içine köp sanly togalak, ak reňkli ýumurtgalary taşlaýarlar, ýumurtgalara gözegçilik edýärler, ýumurtgadan çykan liçinkalary beden üstünde götirip saklaýarlar, olary iýmitlendirýärler, ulalýarlar. Liçinkalaryň arasynda, umuman ataýrylaryň arasynda kannibalizm, ýagny biri-birlerini iýmek häsiýeti bar. Liçinkalar ulalanlarynda, urkaçy osoby öz üstündäki liçinkalary ýaşaýan territoriýasyna aýlanyp, silkişdirip ýere gaçyrýar hem olar ýene-de üstüne münmez ýaly gaçýar. Şeýlelikde urkaçy osob öz liçinkalaryny özbaşdak ýaşar ýaly, meýdanda, otlaryň arasyna ýaýradýar. Ol liçinkalar özbaşdak, ýyrtyjy bolup ýaşaýarlar. Ataýrylar esasan mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Ataýry jynsly osob görnüşinde gyşlaýar. Ataýrylar peýdaly bogunaýaklylar hasaplanýarlar. Olary gorap saklamaklyk peýdalydyr. Ataýrylaryň zäher öndürýän mäzleri bolmaýar, ýagny olar zäherli däldirler.