ATAJAN ANNABERDIÝEW

(1946-2006)

Atajan Annaberdiýew, 1946-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gökdepe (häzirki Çäçdepe) obasynda doglan. Milleti boýunça türkmen. 1953-nji ýylda Murgap etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 1-nji klasyna okuwa barýar.1964-nji ýylda Murgap etrabynyň 19-njy orta 11-ýyllyk mekdebini üstünlikli tamamlap, Aşgabatdaky M.Gorkiý (häzirki Magtymguly)adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetine okuwa girýär. 1969-njyýylda Uniwersiteti fizik-magnitolog hünäri boýunça tamamlaýar.1969-njy ýyldan başlap, tä 1995-njy ýylda hormatly dynç alyşa (pensiýa) gidýänçä, 26 ýyllap, Murgap etrabynyň 19-njy orta mekdebinde mugallym bolup işledi.

Atajan Annaberdiýew 1974-nji ýylda 28 ýaşyndaka Türkmenistanyň Ýazyjylar Birleşmesiniň agzalygyna kabul edildi. Atajan Annaberdiýew Türkmenistanyň Ýazyjylar Birleşmesiniň taryhynda agzalyga kabul edilen iň ýaş şahyrdyr. Şahyr A.Annaberdiýew 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Ýazyjylar Birleşmesiniň Mollanepes adyndaky baýragynyň ilkinji eýesi bolýar. A.Annaberdiýew 1996-njy ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen, 1999-njy ýylda bolsa “Gaýrat” medaly bilen Döwlettarapyndan sylaglanýar.A Annaberdiýew 1996-njy ýylda Garaşsyz Türkmenistany wasp edýän goşgularydyr poemalary üçin Türkmenistanyň Demokratik patiýasynyň yglan eden bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde pul baýragyna mynasyp boldy. 2005-ýylda Döwlet tarapyndan degişmeçi ýazyjylaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeşijisi bolup, pul baýragyna mynasyp boldy. Atajan Annaberdiýewiň aýaly Gurbanjemal Suwhanowa (şahyryň öz klasdaşy, kursdaşy hem-de Murgap etrabynyň 19-njy orta mekdebinde mugallym bolup bile işlän işdeşi).

Çagalary dört: Çemen, Guwanç, Nursähet, Läle.


Wepa Nurlyýew