Open main menu

Ateý (Atheas) miladydan öňki 429一miladydan öňki 339-njy ýyllarda hökûmdarlyk eden Sak hökümdarydyr. Skifleriň içinde ylalaşykly karar beriji hökümdary bolupdyr. Ol Makedoniýa patyşasy Filipp II bilen bolan söweşde dünýqden ötýär. Ateýiň öňler bu ýerlere höküm sürendigi ýa-da sürmändigi hakynda gapma-garşylykly pikirler bar. Uruşdan öň Ateý Dunaý derýasynyň töwereklerindäki kiçi Skif ýurduny gorapdyr. Ol Günorta serhetlerde güýçli syýasaty alyp barmak bilen (miladydan öňki 358-nji ýylda Istriýany we miladydan öňki 343-nji ýylda Kallatisy) Garadeňziniň kenaryndaky ilatlary öz tabynlygyna geçiripdir. Miladydan öňki 344-nji ýylda şowly gutaran uruş, Skifleriň ýeňmegi bilen gutarypdyr. Miladydan öňki 339-njy ýylda başlanan Makedon一Skif uruşynda mekir Filippi tarapyndan Ateý öldürilýär we bu itiş Mekdonlylaryň ýeňişi bilen tamam bolýar. Ateý öldûrleninden soň Skifler ýene 60一70 ýyllap öňküligini saklapdyrlar. Geň ýeri Filipp II niň janyna kast edilşikde (m. ö. 336 ý.) bir Skiflynyň hem gatnaşandygy gaty gyzyklydyr. Öz hökümdarlygynyň tozdurlandygyna garamazdan duşmana bolan ar-namys hiç hakydadan çykmandyr.