Autizm
Autizm —Çagalykda, esasan hem çaganyň 3 ýaşyna çenli döwründe onuň ruhy taýdan ösüşiniň binýady tutulyp, gylyk-häsiýetler toplumynyň emele gelmegi we kebşirlenmegi bolup geçýändir.
Autizm keseliniň alamatlary hem çaganyň 3 ýaşyna çenli döwründe ýüze çykýandyr.
Çaga autizmi – beýniniň ösüşiniň bozulmalary netijesinde döräp, hemmetaraplaýyn sosial aragatnaşyklaryň, esasan hem gürrüňleşme ukybynyň ýetmezçiligi, gyzyklanmalaryň çäkliligi we şol bir hereketleri gaýtalap durma endiginiň döreýänligi bilen häsiýetlendirilýär.
Barlaglaryň görkezişi ýaly, autizmiň alamatlary her 1000 çaganyň 6-da duş gelip bilýär. Gyzjagazlara garanyňda, oglanjyklarda bu ýagdaý 4 esse ýygy duş gelýändir.
Autizm keseliniň sebäpleri beýniniň nerw öýjükleriniň geçirijilik ukybyna täsir edýän genler bilen baglanyşdyrylýar. Ýöne keseliň gelip çykmagynyň sebäpleri çylşyrymly bolup, onuň ýüze çykmagynda haýsy ýagdaýyň has täsir edýänligini bilip bolmaýar: gen toplumynyň özara arabaglanşygymy ýa-da belli bir faktorlar sebäpli geniň häsiýetleriniň üýtgemegimi (gen mutasiýalary).
Gen toplumyna täsir edýän ýaramaz faktorlary öwrenmekde hem ylmy işler alnyp barylýar. Ýaramaz täsir edýän bu faktorlara şular degişlidir: käbir iýmit önümleri, ýokançly keseller, agyr metallar, himiki eredijiler, dizel dwigateliň tüssesi, plastik önümçiliginde ulanylýan fenol we ftalatlar, pestisidler, brominirlenen oda çydamly materiallar, alkogol içgileri, neşe önümleri, çilimkeşlik. Autizmiň döremeginde bu faktorlaryň gönüiden-göni täsiriniň bardygyny subut edýän ylmy deliller entek bolmasa-da, göwreliligiň birinji 8 hepdesinde olaryň düwünçege edýän täsiri howpludyr. Keseliň ýüze çykmagynda waksinasiýanyň täsiri barada hem käbir deliller getirilýär. Bu barada aýdylan pikirler, käbir ýurtlarda öňüni alyş sanjymlary geçirmegiň ýygylygyny azaltdy. Bu bolsa gyzamyk keseline uçraýanlaryň sanyny artdyrdy. Geçirilen köpsanly barlaglar, MMR- waksinanyň, şonuň ýaly-da waksinalara goşulýan timerosalyň autizmiň döremegi bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýoklugyny subut etdiler. Şonuň ýaly-da, autizmiň ýüze çykmagynda enäniň we atanyň ýaşynyň uly bolmagy, kiçi agramly çagalar, wagtyndan öň bolan dogrum, dogrumda çagada ýüze çykýan kislorod ýetmezçiligi ýaly ýagdaýlary hem ünsden düşürmeli däldir.
Keseliň taryhyna göz aýlasak, "austsmuş" termini 1910-njy ýylda şweýsar psihiatry Eýgen Bleýler tarapyndan şizofreniýanyň alamatlaryny beýan etmek üçin ulanylşa girizilipdir. Ol "özüni çendenaşa gowy görmek" manysyny aňladýan täze latyn sözüne "özüm" diýen grek sözüni goşmak bilen, "näsaglaryň öz guran howaýy dünýäsinde ýaşaýanlygy we islendik daşdan gelýän täsire ýürege düşgünçlik ýaly garaýandyklaryny" nygtajak bolupdyr. D. Hopkins gospitalynyň lukmany Leo Kanner iňlis dilinde "autizm" sözüne täze döwrebap many berdi. 1943-nji ýylda 11 sany çaganyň özüni alyp barşynda umumy alamatlaryň bardygyny beýan edip, ol "irki çaga autizmi" diýen söz düzümini ulandy.
Autizmden ejir çekýän näsaglaryň gylyk häsiýetlerinde aşakdaky özboluşly alamatlar döräp, käbir çäklerde olar has hem aýdyň ýüze çykýandyr:
- Sosial aragatnaşyklarda ýüze çykýan kynçylyklar şu alamatlary öz içine alyp biler:
Sözsüz gatnaşyklarda tejribe toplamak kynçylyklarynyň ýüze çykmagy bolup biler. Meselem, göni gözüňe seretmek endigi, ýüzüň içki duýgulara görä üýtgemegi, bedeniň ýagdaýynyň üýtgemegi; Öz deň-duşlary bilen dostlukly aragatnaşyklary gurap bilmezlik; Töweregindäkiler bilen şatlygyny, üstünliklerini, gyzyklanmalaryny bölüşip bilmezlik ýagdaýynyň ýüze çykmagy; Autizmli adamlarda başga adamlaryň içki duýgularyna, gam-gussaly ýagdaýyna düşünip, olara duýgudaşlyk etme häsiýeti bolmaýar.
- Sözli we sözsüz aragatnaşyklaryň bozulmagy aşakdaky alamatlary öz içine alýar:
Çaga giç dil açýar ýa-da asla geplemeýär. Autizmli näsaglaryň 40%-i hiç haçan geplemäni öwrenip bilmeýärler; Gürrüňdeş bolmak üçin söz açmak autizmli näsaglara kyn düşýär. Şonuň ýaly-da, başlanan gürrüňi alyp gitmek, gürrüňdeşligi saklamak olar üçin kyn mesele bolup durýandyr; Autizmli näsaglara öz gürrüňlerinde birmeňzeş, gaýtalanýan sözleri we söz düzümlerini gaýtalamak (eholaliýa) mahsusdyr; Autizmden ejir çekýän adam öz gürrüňdeşine kynlyk bilen düşünýändir. Meselem, ol öz gürrüňdeşiniň degişme äheňli gürrüňine düşünmän biler. Sebäbi olar hemme aýdylanlara gönimel düşünip, sözüň gizlin manysyny anyklap bilmeýärler.
- Autizmli näsaglaryň durmuşynda çäkli gyzyklanmalar ýüze çykýandyr:
Bir zadyň böleklerinde ünsüň jemlenmegi. Autizmli kiçijik çagalar bütin bir oýnawaç bilen oýnaman, onuň aýry-aýry böleklerine güýmenýärler. Meselem, tutuş maşynjagaz bilen gyzyklanman, onuň tigirjikleri bilen gümra bolýarlar; Şonuň ýaly-da, autizmli çagalar belli bir zada gyzyklanma bildirýärler. Meselem, uly ýaşly çagalar we ulular wideooýunlar, kartly oýunlar ýa-da maşynlaryň nomerli belgileri bilen gyzyklanyp bilerler; Öz gün tertibinde birmeňzeşlige ymtylmak ýagdaýy autizmli näsaglara mahsusdyr. Meselem, çaga işdäaçar iýmezden öň, hemişe çörek iýýär ýa-da ony her gün mekdebe şol bir ýol bilen äkidilmegini talap edýär. Olar öz oýnawaçlaryny, otagdaky zatlaryny hemişe rejeläp goýmaga ymtylýarlar; Autizmli näsaglara uzak wagt şol bir hereketleri gaýtalama ýagdaýy mahsusdyr. Meselem, yranyp oturma ýa-da uzak wagt çapak çalma, kellesini aýlap oturma we başgalar. Öz-özüňi dişlemek ýa-da ýiti jisimler bilen özüňi sançmak ýaly hereketler autizmden ejir çekýän näsaglaryň arasynda ýygy duş gelýändir. 2007-nji ýylda geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, autizmli çagalaryň 30%-i öz ömründe bir gezek hem bolsa özlerine şikeslenme ýetirendirler.
Özüni alyp barmada we häsiýetinde gaýtalanma hereketleriň hiç biri hem autizm üçin aýratyn mahsus bolmasa-da, bu keselde hereketleriň gaýtalanmagy ýygy we aýdyň duş gelýäligini bellemelidir.
Autizmden ejir çekýän näsaglary başga alamatlar hem tapawutlandyrýar:
Okuw sapaklaryny ýeterlik özleşdirip bilmezlik häsiýeti olaryň arasynda ýygy duş gelýändir. Tutgaýlaryň ýüze çykmagy. Ýetginjeklik döwründe olaryň has hem köpelmegi bolup biler. Ünsi jemlemekde ýetmezçilikleriň ýüze çykmagy. Ulular tarapdan berlen tabşyryklaryň ünssüz ýerine ýetirilmegi mümkin (meselem, okuw sapaklary) bolup, tersine, öz saýlan güýmenjelerine (şol bir multfilmi gaýta-gaýta görmek, kubikleri yzly-yzyna düzmek) ünsli çemeleşip bilerler Autizmli çagalaryň ýygy we güýçli gaharlanmagy mümkindir. Bu ýagdaý çaga öz talaplaryny doly beýan edip bilmedik ýa-da onuň adaty gün tertibine başga biri goşulanda ýüze çykyp biler. Näsaglarda daş-töwereginden gelýän gyjyndyrmalary nädogry kabul etmek ýagdaýy ýüze çykýar. Bu olaryň duýujylygynyň (sensor kabul ediş) bozulanlygy bilen düşündirilýär. Meselem, olar hemişe hereketde bolýarlar ýa-da tersine çalt ýadaýarlar, olara deglende tisginme ýagdaýynyň ýüze çykmagy, ys almada ýokary duýujylyk, elleri hapalananda alada galmak ýagdaýlary degişlidir. Çagalar belli bir hereketi amala aşyranda oňaýsyzlyk duýup bilerler: hiňňillikde uçanlarynda, ýapgyt tekizlikden düşenlerinde, meselem, basgançakdan ýa-da tersine ýapgyt ýere dyrmaşmaly bolan ýagdaýlarynda. Autizmli näsaglaryň 2/3 böleginde iýmit saýlaýjylyk, iýmitden ýüz döndürmek ýaly ýagdaýlar duş gelýär. Olarda iýmit siňdiriş agzalarynyň näsazlyklary ýüze çykyp biler, ýöne bu autizm üçin mahsus alamat däldir. Autizmli çagalarda ukusyzlyk has ýygy duş gelip, olar gijäniň ýarymynda ýa-da ir säherde oýanyp bilýändirler. Autizmli çagalaryň ene-atalary çagalarynyň adaty bolmadyk ýaşaýşy we oňa hemişe gözegçilik etme zerurlygynyň ýüze çykýanlygy sebäpli, uly dartgynlylyk ýagdaýda ýaşaýarlar. Autistler doganlary bilen seýrek ýagdaýda dawalaşýarlar, olar köplenç öz doganlaryna buýsanyp gezýärler. Ýöne uly ýaşly autistlerde ene-atalary we doganlary bilen düşünişmezlikler ýygy duş gelip biler.
Ene-atalar öz çagalarynda bar bolan autizme mahsus alamatlary, çaga 18 aýlyk bolandan soň duýup başlaýarlar. Çaga 2 ýaşyna baranda bu alamatlara ene-atalaryň 80%-e golaýy üns berýärler. Çaganyň ömrüniň birinji ýylynda käbir alamatlar saýgaryp bilner, meselem çaganyň aýry-aýry sesler bilen lak atmasynyň giç ýüze çykmagy, gürrüňleşmek üçin söz atylanda gowşak reaksiýanyň döremegi ýaly yagdaýlar ýüze çykýar. 2-3 ýaşly çagalara az we seýrek gepleme, öz sözlerinde çekimsiz sesleriň az ulanmagy, söz baýlygynyň garyp bolmagy mahsusdyr. Autist çagalar haýyş bilen seýrek ýüz tutup, içki hyýallaryny başgalar bilen paýlaşýan däldirlrer. Öň belläp geçişimiz ýaly, başgalaryň aýdan sözlerini gaýtalap durma (eholaliýa) ýa-da at çalyşmalaryny ýalňyş ulanmak olar üçin mahsusdyr. Meselem, "Seniň adyň näme?" diýen soraga, çaga "seniň" sözi "meniň" söze çalşyrman "Seniň adyň Myrat" diýip jogap berip biler. Çagalaryň ünsüniň ýeterlik däldigi sebäpli, eliň bilen bir zat görkezilende, olar zada seretmän, adamyň eline seredýändirler. Özleri hem bir zady el bilen görkezip, şol barada öz pikirlerini aýtmaga ukyply bolmaýarlar.
Autizm keselinde, öz wagtynda başlanylmadyk bejerginiň, gerekli, peýdaly netijelere giç getirjekdigini bellemelidir. Şol sebäpli hem, aşakdaky alamatlaryň islendigi ýüze çykanda lukmana ýüz tutmalydyr:
Eger 1 ýaşly çaga şindiz hem aýry-aýry sözleri we bogunlary aýdyp, geplejek bolmaýan bolsa; 1 ýaşly çaga hereketleri bilen düşünişmäge ukyply bolmadyk ýagdaýynda (eli bilen bir zady görkezme, hoşlaşanda eljagazyny bulamak); 16 aýlykda sözleri diýip bilmese; 24 aýda iki sözden ybarat söz düzümlerini diýip bilmese; Eger islendik ýaşda gepleme ýa-da sosial ukyplylygyň bir bölegi ýitirilse. Autizm her näsagda dürli derejede ýüze çykyp biler. Dil we akyl taýdan yza galýan, yranyp ýa-da üznüksiz ellerini bulaýlap wagtyny geçirýän näsaglar hem, tersine, gepleşikde täsin bolup görünýän, çäkli gyzyklanmalar spektri bolan, köp gürleýän, sosial taýdan işjeň autistler hem duş gelip bilýändirler.
Käbir uly ýaşly autizmden ejir çekýän adamlar özbaşdak işläp hem ýaşap bilýärler. Başga biriniň kömegine garaşsyz ýaşamak ukyby adamynyň akyl taýdan kämilligine we gürrüňleşip bilme ukybyna baglydyr. Näsaglaryň 33%-i başgalardan az garaşly bolup ýaşap bilýärler. Akyl taýdan pes we sözleşip bilmeýän uly autizmli adamlar başgalaryň kömegine mätäçdir.
Autizmiň bejergisinde ýeke-täk netijeli usullar ýokdur. Her näsagyň ýagdaýyna, keseliň alamatlarynyň ýüze çykyş derejesine baglylykda çäreler toplumy saýlanylmalydyr.
Bejerginiň esasy maksady – maşgalada autizm bilen bagly bolan dartgynlylygy aradan aýyrmak we autistiň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyryp, başgalardan garaşsyz bolmagyny gazanmakdyr. Psihososial kömeginiň dürli usullarynyň peýdaly netijeleri berýändigini belläp geçmelidir. Her näsagyň häsiýetiniň dürli taraplary derňelip, ýörite düzülen uýgunlaşma meýilnamalarynyň kömegi bilen okuw sapaklaryny geçmek, sosial ukyplylygy ösdürmek, logoped lukmanyň bejergisini almak, özleşdirilşine görä zähmetiň dürli görnüşlerini öwretmek bejerginiň esasy usullary bolup durýandyr. Geçirilen çäreler toplumy degerli netijeler bermedik ýagdaýynda demanlaryň käbir görnüşlerinden peýdalanylýandyr. ABŞ-da autist çagalaryň ýarysyndan gowragy tutgaýa garşy serişdeleri, ruhy gamgynlylyga we psihiki üýtgeşmelere garşy dermanlardan peýdalanýandyrlar. Autizmli näsaglarda dermanlaryň ýerliksiz ulanylmagy ters netijelere we gaýraüzülmelere getirip biler. Autizmde ýüze çykýan sosial kynçylyklary hiç bir dermanyň düzedip bilmejekdigi düşnüklidir.
Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda autizmiň ömürlik dowam edýän keseldigi barada düşünje döredi.
Psihiatr lukmanlary ony şizofreniýadan, kem akyllylykdan tapawutlandyryp, belli bir alamatlar toplumy mahsus bolan psihiki kesel höküminde kesgitlediler.
Häzirki wagtda autizm keseline garaýşyň ugurlary üýtgäp, käbirleri autistler keselden saplanmagyň ýollaryny gözlese, başgalary autizmi "ýaşaýşyň köp ugurlarynyň bir görnüşi" diýip hasaplaýarlar.
Daşarky çykgytlar
düzet- Жизнь в ауте.
- Жизнь других Archived 2012-07-11 at the Wayback Machine
- Николай Дилигенский. СЛОВО СКВОЗЬ БЕЗМОЛВИЕ. Archived 2013-05-02 at the Wayback Machine
- Роман «Особое детство»
Bu medisina makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |