AvaTrade — merkezi edarasy Irlandiýanyň Dublin şäherinde ýerleşýän, “Forex”-däki söwda segmentindäki hem-de tapawut şertnamalaryndaky (CFD) onlaýn brokerdir.[1] Onuň onlaýn söwda platformasy we ykjam goşmaçalary arkaly köp sanly söwda bazarlary, şol sanda walýuta biržalary, çig mal, indeksler, paýnamalar, ETF, Bitcoin we döwlet obligasiýalary hem hödürlenýär.[2]

Ýerleşýän ýeri düzet

AvaTrade merkezi edarasy Irlandiýanyň Dublin şäherindem holding kompaniýasy Britaniýanyň Wirgin adalarynda, şeýle hem onuň edara binalary we satuw merkezleri Tokiýoda (Ýaponiýa), Milanda (Italiýa), Parižde (Fransiýa), Sidneýde (Awstraliýa), Şanhaýda (Hytaý) hem-de Ulan-Batorda (Mongoliýa) ýerleşýär.[3]

Düzgünleşdirme düzet

AvaTrade ÝB-de Irlandiýanyň Merkezi banky tarapyndan, Awstraliýada Awstraliýanyň gymmatly kagyzlar we maýa goýumlary baradaky topary tarapyndan, Ýaponiýada Maliýe hyzmatlary agentligi, Ýaponiýanyň Maliýe fýuçersleriniň assosiasiýasy hem-de Ýapon haryt fýuçersleriniň assosiasiýasy tarapyndan, Britaniýanyň Wirgin adalarynda bolsa Britaniýanyň Wirgin adalarynyň Maliýe hyzmatlary baradaky topary tarapyndan düzgünleşdirilýär.[4] Kompaniýa ABŞ-dan, Täze Zelandiýadan, Belgiýadan başga dürli ýurtlardan bolan treýderler üçin öz hyzmatlaryny hödürleýär.[5] Esasy geleşikler ÝB-nyň, Ýakyn Gündogaryň we Aziýanyň bazarlarynda amala aşyrylýar.

Söwda önümleri we platformalary düzet

AvaTrade spot söwdasyny esasan MetaTrader 4 (MT4) we özüniň AvaTrader programma üpjünçiligi arkaly hödürleýär.[6] 2013-nji ýylyň aprelinde AvaTrade müşderilere FX Vanilla Options satyn almaga we satmaga hem-de inwestirlemegiň we hejirlemegiň has hem çylşyrymly bolan amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän AvaOptions söwda platformasyny işletdi. 2013-nji ýylyň awgustynda AvaTrade bitkoinler bilen onlaýn söwda hödürleýän ikinji foreks brokeri boldy we AvaTrader hem-de MT4 platformalarynda CFD-li bitkoinler bilen söwdanyň amala aşyrylyşyny görkezdi.

Bellikler düzet

  1. "AvaTrade Review". financebrokerage.com. Archived from the original on 2021-04-16. 
  2. "AvaTrade Review 2021". comparebrokers.co. Archived from the original on 2021-06-08. 
  3. "AVATrade Обзор 2021". fxempire.com. Archived from the original on 2021-04-16. 
  4. "AvaTrade Review". publicfinanceinternational.org. Archived from the original on 2021-05-17. 
  5. "AvaTrade". brokerguide.com. Archived from the original on 2021-04-15. 
  6. "AVATrade Broker Review". forextrading.company. Archived from the original on 2021-02-27.