Avito –– harytlar, gozgalmaýan emläk, zähmet bazaryndaky boş wezipeler (wakansiýalar) we rezýume, şeýle hem hususy şahslaryň we kompaniýalaryň hödürleýän hyzmatlary baradaky bildirişleri ýerleşdirmek üçin, onlaýn-klassifaýdlaryň arasynda dünýäde ikinji orny hem-de Russiýada birinji orny eýeleýän rus internet-hyzmaty bolup durýar.[1][2] “Awito”-da satmaga hödürlenýän harytlar täze we ulanylan bolup bilýärler. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda “Awito”-da 80 mln-a golaý işjeň bildiriş ýerleşdirilipdi.[3]

“Awito” dünýäniň dürli ýurtlaryndaky bildiriş saýtlaryny birleşdirýän Prosus niderland kompaniýasyna (Naspers-iň ýewropa bölümçesi) degişli bolan OLX Group-yň bir bölegi bolup durýar.[4] Russiýada kompaniýa baş edara jaýy Moskwa şäherinde ýerleşýän “KEH eKommerts” JÇJ-nyň üsti bilen hereket edýär. Işgärleriň sany 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda 2500 adamdan hem gowrak bolan düzümden ybarat boldy.[5]

Bellikler

düzet
  1. "Naspers сорвала объявления". kommersant.ru. Archived from the original on 2021-10-26. Retrieved 2021-11-02. 
  2. "How two guys applied Swedish ethos to conquer Russian e-commerce". tech.eu. Archived from the original on 2021-10-28. Retrieved 2021-11-02. 
  3. "Доски объявлений: есть ли шанс у молодых сервисов на фоне гигантов рынка". dp.ru. Archived from the original on 2021-10-29. Retrieved 2021-11-02. 
  4. "OLX Brands". www.olxgroup.com. Archived from the original on 2021-04-07. Retrieved 2021-11-02. 
  5. "avito-tech/playbook". github.com. Archived from the original on 2021-10-28. Retrieved 2021-11-02.