Awansirleýin kapital - kapitalistiň önümçiligiň bir prosesinde haryt öndürmäge sarp eden harajaty. Kapitalistler öz harytlaryny ozal sarp eden harajatlaryndan ýokary nyrhda satýarlar we şol prosesde işçi güýjüniň döreden goşmaça gymmatyny özlerine siňdirýärler. Kapitalistler dolanyşyk kapitalynyň aýlanyşygyny çaltlandyrmak bilen işçileri kapitalyň peýdalanyşyny ýokarlandyrýarlar, goşmaça gymmat öndürmegi artdyrýarlar. Sebäbi işçi özüniň işçi güýjüni kapitaliste belli bir döwür üçin, belli bir möçberdäki tölege satýar. Kapitalyň dolanýan böleginiň çalt aýlanmagy bolsa ekspluatasiýany güýçlendirip, goşmaça gymmaty artdyrýar. Awansirleýin kapital umumy aýlanyşygy esasy we dolanyşyk kapitalynyň aýlanyşygynyň ortaça ululygydyr.