Open main menu

Awar dili (aw. Авар мацI) - Dagystanda ýaşaýan awarlaryň dili. Ol köp sanly ýerli gepleşikleri öz içine alýan iki sany uly topara bölünýär: 1) demirgazyk awar topary; 2) günorta awar topary. Awarlaryň edebi dili bolmas diýilýän dialektlere dil esasynda emele gelipdir. Awar diliniň häzirki elipbiýi rus grafikasy esasynda düzülendir. Onda çekimsiz sesler has köp ulanylýar, sintaksisi aýratyn ergatiw gurluşa degişliligi bilen tapawutlanýar. Awar dilinde 19 düşüm bar, işlikler düşüm bilen üýtgemeýär.