Awerroizm
Awerroizm - orta asyr arap filosofy, akyldary, Awerroesiň (serediň: Ibn Rüşd Muhammet, 12 a.) we onuň yzyny dowam etdirijileriň döreden taglymaty esasynda ýüze çykan filosofik akym. Onuň wekilleri Aristoteliň filosofiýasynyň materialistik elementlerini ösdürýärler, materiýanyň, hereketiň ebediligi, material dünýäniň wagtda gutarnyksyz, ýöne giňişlikde çäklidigi hakyndaky ideýany, "hakykatyň ikiligi" (filosofiki hakykat we dini hakykat) teoriýasyny goldaýarlar we ruhuň ölmeýänligi hem-de o dünýä baradaky dini inkär edýär. Ibn Rüşdüň eserleriniň latyn diline terjime edilmegi bilen Awerroizm progressiw filosofiýasy, eretiki akym hökmünde Günbatar Ýewropa ýurtlarynda, ilkinji nobatda bolsa Fransiýanyň Pariž uniwersitedinde, Italiýanyň Paduan uniwersitedinde giň ýaýraýar.