Awitaminoz
Awitaminoz (gr. a-ýoklygy aňladýan ownuk bölek; witaminler) - organizmde witaminler ýetmezligi zerarly döreýän kesel. Bu keseli ilkinji gezek 1880 ýylda rus wraçy N. I. Lunin açdy. Ol awitaminozy ak syçanda tejribe geçirmek bilen ýüze çykarypdyr. Adamda "A" witamini ýetmese, gije körlük, "D" witamini ýetmese, rahit we "RR" witamini ýetmese, pellagra keselleri döreýär. Awitaminoz keseli haýwanlarda hem bolýar. Meselem: uly mallarda "A" witamini ýetmese, olar iç taşlaýar, ýaş mallar göýdük ösýär. Haýwanlarda (sygyrda, goýunda, guşda we beýleki oba-hojalyk mallarynda) "B" witamini ýetmese, olaryň nerw sistemasynyň işleýşi bozulýar. Awitaminoz keseliniň döremezligi üçin adamlara we haýwanlara dürli witaminlere baý bolan iýmitler berilmelidir hem-de bu barada profilaktik çäreler görülmelidir. (serediň: Gipowitaminoz)