Open main menu

Awksentýewskiý Konstantin Alekseýewiç

Awksentýewskiý Konstantin Alekseýewiç [18. (30). IX. 1890 - 2. XI 1941] - sowet harby işgäri, Türküstanda graždanlyk urşuna aktiw gatnaşyjy. 1917 ýyldan SSKP çleni. Ol Wologda gub-synyň Staryý Kunož obasynda dogulýar. Ol 1914 ýyldan başlap goşunda gulluk edýär. 1916 ýylda Wladimir pyýada goşun uçilişesini gutarýar. Ol Twer we Wologda gub-larynda Sowet häkimiýetini gurmaklyga gatnaşýar. Ol 1918 ýylda Wologda gub-synyň harby komissariatynyň, soňra Ýaroslawl harby okrugynyň komissary bolýar. Ol graždanlyk urşunyň frontlarynda 4-njy armiýanyň komanduýuşisi, Gündogar frontuň Günorta toparynyň rew. harby sowetiniň çleni, 1-nji armiýanyň rew. harby sowetiniň çleni, Türküstan frontunyň komanduýuşisiniň orunbasary, M. W. Frunzäniň egindeşi bolýar.
Ol 1920 ýylda Zawolžýe harby okrugynyň we 2-nji zähmet armiýasynyň goşunlaryna, awgust-oktýabr aýlarynda 6-njy armiýanyň goşunlaryna komandirlik edýär, soňra Günorta frontuň komanduýişisiniň kömekçisi bolýar. Ol 1921-22 ýyllarda Ukraýina we Krym goşunlarynyň komanduýişisiniň orunbasary, 1922 ýylyň iýul-awgust aýlarynda Uzak Gündogar respulikasynyň baş komissary we harby misnistri bolýar. Ol 1923-25 ýyllarda korpusa komandirlik edýär. 1925-27 ýyllarda Türküstan frontunyň goşunlarynyň (1926 ýyldan Orta Aziýa harby okrugynyň) komandiri bolup, basmaçylygy derbi-dagyn etmeklige ýolbaşçylyk edýär. 1928-31 ýyllarda Gyzyl Baýdakly Kawkaz armiýasynyň komanduýişisi bolýar. 1931 ýylda otstawka çykýar. Ol iki gezek "Gyzyl Baýdak" ordeni we ÖzSSR-niň "Zähmet Gyzyl Baýdak" ordeni bilen sylaglanýar.