Awstraliýanyň we Okeaniýanyň halklary

Awstraliýanyň we Okeaniýanyň halklary

Meýilnama

1. Awstraliýanyň we Taslaniýanyň halklary

2. Polineziýa halklary

3. Melaneziýa halklary we Täze Gwineýa halklary

4. Melaneziýa halklary

Awstraliýa we ummanyň halklary 4 sany territoeial böleklere bölünýär. Bu bölünişik ylym tarapyndan ykrar edilen bölünişigem bolsa , hakykatda obýektiw bölünmeklik däl. Sebäbi dünýä halklarynyň geografikji meýdany hojalyk dil taydan bölünişi. Indi-indiler düýpli öwrenilmäge girişildi.

Biziň bilşimizçe dünýäş halklary öwrenilende ösen halklar “Yza galan” halklar diýen tendensiýa bar. Alymlar dünýä halklaryny öwrenmeklige uly goşant goşupdyrlar. Ýagny olar halkyň gelip çykyşyny , emele gelşini öwrenmek bilen häzirki zaman nukdaý nazaryndan halkyň medeni, ykdysady derejesini seredip olary iň yza galan ýa-da ösen toparlara bölüpdirler.

Awstraliýa we Okeaniýa ilaty dünýäniň beyleki künjegindäki halklaryndan üzňelikde ýaşapdyrlar. Sebäbi biri-biriniň arasynda ýakyn gatnaştk bolmandyr. Şonuň üçin ösüşen bolmandyr. Bu halklaryň yza galaklygynyň ýene-de bir sebäbi bu ýerleriň ýowuz, tebigy şerti bilen baglanyşyklydyr., ol ilatuyň yza galmaklygyna täsir edip bilmändir. Şol regionyň Ýewropa tarapyndan baknalaşdyrylmagy bolsa olaryň ykdysady hem medeni hojalyk babatynda has pese düşürilmegine getirdi. Sebäbi bir ýurduň ikinji bir ýurda baknalaşdyrylmagynda haýsydyr bir bähbit durýar. Ýagny bir döwlet başga bir döwleti basyp almak bilen ilkinji nobatda onuň ýerine , baýlygyna göz gyzdyrýar. Ilatyň hasabyna baýlaşmak niýetini öňe sürýär. Bu ýagdaý öň hem şeýledi.

Merhemetli Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem özüniň Mukaddes Ruhnamasynda bu barada belläp geçýär.

Tasmaniýanyň halklary bolsa bu ýere Ýewropalylar gelenden soň ýitip gitdi. Bu bolsa koloniýalaşdyrmaklygyň netijesiniň ýene-de bir subutnamasy.

Adamlaryň özboluşly adaty ýaşaýyş obrazy bar. Eger şol ýaşaýşyň obrazy bozulsa onda onuň halk hökmünde gitmek mümkinçiligi şonça-da artýar(dili, dini, ynanjy, däp-dessury, hojalyk dolandyryşy we ş.m.. Her bir halkyň özüne mahsus ýagdaýlarda alnyp barylýar)

Şeýle-de bolsa Awstraliýanyň we Tasm,aniýanyň halklarynyň emele gelşi, gelip çykyşy hakynda mesele entäk doly öwrenilmedik hem-de ylymda çözülmedik iň jedelli meseleleriň biridir. Sebäbi Awstraliýanyň we Okeaniýanyň özüňiň hakyky oturymly ilaty bolmandyr. Sowet ylmynyň dili bilen aýtsak maýmynlaryň adamlaşmak prosesi bolmandyr. Muňa zoologik mümkinçiligem , şert hem bolmandyr. Ýöne alymlaryň pikiriçe bu ýerlere adamlar başga ýerlerden göçüp gelipdr. Ýöne käwagt, nireden göçüp gelen bu hem jedelligine galýar

Alymlaryň bir toparynyň aýtmagyna görä bu ýere gadymy adamlar Günorta Aziýadan gury ýer arkaly göçüp gelipdirler. Ikinji bir toparyň pikirine görä deňiz ýollary bilen göçüp gelipdirler. Ýöne şu ýerde bir zat jedelli. Gury ýerden gelipdir diýip düşünmeli. Eger deňiz üsti bilen geljek bolsa, olaryň suwda ýüzmek ücin zähmet gurallary gämisi, gaýygy bolmaly. Geografiki şertleri göz öňunde tutsaň alymlaryň iki toparynyň dogry bolmaklygy örän ähtimal.

Bu ýerleriň ýerli ilatyna düzýän ol adamlar 40 müň mundan ozal göçüp gelipdirler diýen çaklama bar. Alymlar arheologiki gazuw agtaryş işleriniň netijesi boýunça tapylan tapyndylara düýpli öwrenmek bilen şeýle netijä gelýärler.

Awstraliýnyň hem-de Tasmaniýanyň halklary özüniň fiziki gurluşy dili we medeniýeti boýunça düýpli tapawutlanýar. Olaryň dilini başga dil maşgalsyna goşup bolanok. OlaRYň DILINI Öwrenmekde kynçylyklar bar. Sebäbi alymlaryň pikirine görä Awstraliýalylaryň gadymy ilaty tasmanylar bolupdyr. Soň bu ýere akýagyzlaryň günorta, gündogar Aziýadan göçüp gelipdir. Ikisiniň gatyşmagynyň netijesinde gadymy Awstraliýalar döräpdir.

Hojalygy. Awstraliýa we Tasmaniýa gdymy ilaty awçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ýewropalylar gelmänkä olar ekerançylygy bilmändirler. Olarda maldarçylygam bolmandyr. Umuman XVIII asyra çenli Awstraliýanyň we Tasmaniýanyň halklary ekerançylygam, maldarçylygam bilmändirler. Mallar eldekileşdirilmändir. Şonuň üçin hem bulara taýyn zady sarp edijiler diýipdirler. Keramiýadan zat ýasamagy hem bilmändirler. Ýaraglary örän ýönekeý bolupdyr. Ok ýaý hem bolmandyrAw guraly bumerang bolupdyr. Şol ýerleriň köp tüpeňleri eşegiň nämedigini bilmändirler. Şonuň ýaly-da oturymly durmuş obrazyny hem bilmändirler. Şonuň üçin hem olar agaçlaryň üstlerinde ýa-da çöplerden küme ýaly bir zat ýasap ýaşapdyrlar. Tasmanlylar uly agajy köwüp şol ýerde ýaşapdyrlar.

Sosial gurluşy: Olarda tire bolupdyr hem-de ösen enelik urugynyň şertlerinde ýaşapdyrlar.

Awstraliýalarda tire serkerdeleri bolmandyr. Biz mundan şeýle netije çykarýarys. Eger tire wserkerdesi bolmasa diňe baýlayk ýok. Her kim tapan zady bilen gün görmeli bolupdyr. Bu halklaryň nika maşgala gatnaşyk gatnaşyklary şu aşakdaky ýaly tertipde bolupdyr. Meselem: A-topardan bolan erkek adam B topardan bolan aýala öýlenipdir. Olardan bolan çaga G topara degişli bolupdyr. Olaryň hersi özüniň haýsy tirä degişlidigini bilipdirler.

Mundan 200-250 ýyl a golaý öň Awstraliýada 350 müň mln golaý adam ýaşapdyr. Häzirki wagtda Awstraliýada gadymky ilatyň diňe 100 müňe golaýý galypdyr diýen maglumatlar bar. Bu bolsa ilatyň bary-ýogy 1% tutýar. Galan 98 % Ýewropadan gelen adamlaryň nesilleridir. Olardan 1% golaýý göçüp baran ilat, ýagny anglo-awstraliýalylardyr. Göçüp baran iňlislerem kolonizatorlar bolsa-da özlerini awstraliýalylar hasaplaýarlar.

Bu ýurt gaty baý ýurt. Olar örän köp goýun saklaýar. Bu ýerde öňki SSSRden baran ilat hem bar. Ýagny 20 müňe golaý ukrain, 15 müň latyş, 15 müň rus, 35 müň belarus. Awstraliýanyň we Tasmaniýanyň ilatynyň 165 müň adamsy 200 den gowrak dilde gürleýän ownuk tirelerden ybaratdyr.

Polineziýanyň ilatynynyň gelip çykyşy baradaky mesele ylym taydan doly çözülmedik mesele dir. Bu barada ylymda 3 hili garaýyş bar.

a) Olar ýerli ilat – oborygenler

b) Amerikadan göçüp gelen ilat

c) Aziýadan göçüp gelen ilat

Ýöne birinji pikiriň tarapdarlary az. Polineziýanyň esasy böleginiň pikirine görä Polineziýanyň ilaty günorta gündogar Aziýadan göçüp gelen ilat. Häzirki wagtda köp sanly alymlar Awstraliýada ilkinji gezek adam 40-45 müň ýyl mundan ozal peyda bolupdyr diýen pikiri öňe sütýärler.

Geografiki pikirler hem-de polipeni materiallar Awstraliýa materigine adamlaryň günorta gündogar Aziýadan gelendigini tassyk edýär. Ýöne Polineziýanyň gadymy ilaty Awstraliýanyň Tasmaniýanyň ilatyna garanyňda has ösen bolupdyr. Göçup gelmeklik b.e. ilkinji asyryndan başlanypdyr. Polineziýalylaryň hojalyk medeni tipi, ada ýa-da umman tipi bolupdyr. Olar ekerançylyk bilen hem meşgullanypdyrlar. Banan hem-de kädi ekipdirler. Haýwanlardan üýrmeýan it, (ony köplenç et üçin saklapdyrlar) doňuz, towuk saklapdyrlar. Mata dokamagy düýbünden bilmändirler. Şeýle hem metaly bilmändirler. Agajyň gabygyndan dürli zatlary örüpdirler. Olaryň sosial durmuşynda soslowiýalar bolupdyr. Bý-garyp ýa-da biri-birine boýun egmeklik bolupdyr.

Poleneziýa sözuni türkmen diline geçirseň köp adaly diýen manyny berýär. Poleneziýanyň ilatynda urug gurluşy bolmandyr. Ýewropalylar baranda ilki durmuş jemagatyndan synyp gurluşa geçen ekenler.

XVIII asyryň ahyrlaryndan ýewropadan hem-de amerikadan göçüp baran Poleneziýanyň beýleki adalarynda hem kem-kemden ornaşyp başlaýarlar. Şonuň ýaly-da Tilbert Fidäki adalaryna aralaşýarlar. Birneme soňrak ýagny XIX asyryň 60-80-nji ýyllarynda ýewropalylaryň käbir toparlary Melaneziýa we Palusa göçüp barýarlar.

Okeanyň käbir adalarynda kem-kemden ýewropa hem-de amerikadan göçüp baran ilatyň bir müňden onlarça müňe golaý toparlay emele gelip başlaýar.

XIX asyryň ikinji ýarymyndan başlap Okeaniýanyň käbir adalarynda aziýalylar hem peyda bolup başlaýar. Meselem Ýaponlar, Hytaýlylar we beýleki käbir adalarda) Filippini peýda bolup başlaýarlar. Bular esasan ýewropaly telekeçiler bilen zähmet şertnmasy baglaşan hem-de Okeaniýanyň dürli plantasiýalarynda işlemäge gelen adamlar bolupdyr.

Şeýlelikde ýerli ilat bilen göçüp gelen adamlaryň biologiki taydan gatyşmak prosesi bolup geçip, käbir adalarda, ýewropa – okean hem-de aziýaly-okean gatyşyk toparlarynyň emele gelmegine getiripdir.

Awstraliýanyň ýerli ilaty uly awstroland jynsyna degişlidir. Okeaniýanyň günbatar bölegi ýagny Täze Gwineýanyň Melaneziýa arhialagynyň ýerli ilaty hem bu jynsa degişlidir.

Okeaniýanyň gündogar hem-de demirgazyk böleginiň ýagny Polineziýanyň hem-de mikroneziýanyň ýerli ilatymongoloid hem-de abstronoid elementleriniň garyşmagynda emele gelipdir. Käbir alymlaryň çaklamalaryna görä polinezleriň döremegine ýewropoid elementi hem goşulypdyr.

Dil topary boýunça Awstraliýanyň hem-de Okeaniýanyň ýerli halky üç sany uly topara awstreziý, papaus, awstrala bölünýär. 1-nji topara 700 etnos, II topar 500 III topara 200 etn.s degişlidir. Awstraliýanyň hem-de Okenaiýanyň halklary dünýäde etniki taydan iň köp ownuk böleklere bölünen halk hasaplanýar.

Bu ýerlerde 1870-1880 ýý aralygynda beýik rus syýahatçysy Minluho-Maklaý 3 sapar bolupdyr we 2,5 ýyllap papauslar arasynda ýaşapdyr. Ol eýýäm 30 ýaşynda ekspedisiýa ýolbaşçylyk edip papauslaryň arasyna gidýär. Ol bu ýere gelende ýerli halkyň dilini bilmeýän eken, soň öwrenipdir. Papauslaryň içinde 700-den gowrak tire bar. Olaryň ynamyna girmeseň , olar seni kabul edenoklar. Ýerli ilatyň sözlerini toplap, ýörite sözlük düzýär. Ýerli ilat şol wagt ody bilmeýän eken.

Täze Gwineýada mundan 30 müň ýyl ozal adamlar ýaşap başlapdyr. Hat-da käbir alymlar bu ýerler 60 müň ýyl mundan ozal özleşdirilipdir diýen pikiri öňe sürýärler. Yöne öňem belläp gecişimiz ýaly Awstraliýa ýaly Täze Gwineýa hem ilkinji adamlar günorta gündogar Aziýadan göçüp barypdyrlar.

Ýöne Ýewropalylar bu ýere Mukluko-Maklaý gaýdyp gelensoň barypdyrlar. Ol ýere ilkinjileriň hatarynda ruslar barypdyrlar. Olary Mikluho – Maklaýyň watandaşlary hökmünde gowy garşylapdyrlar. Papauslar 750-den gowrak etnosdan ybarat jemi 3 mln çemesi adam. Olarda ýönekeý ekerançylyk ösen bolupdyr. Iýmitleri köplenç ekerançylykdan önýän zatlar. Eti seyrek iýipdirler. Olar pişigiň etini hem iýipdirler. Olaryň sosial gurluşy tire aksakal bolupdyr, tire soýuzlary bolupdyr. Jemagat gurluşy bolupdyr.

Täze Gwineýada papauslardan başga-da halklar ýaşapdyr. Olara melaneýzler diýip at beripdirler. Meleneýz – diýmek gara ada manysyny berýär (Täze Gwineýa hem Milaneýz adalaryna iň ululatynyň biridir).

Melaneizleriň jemgyýetçilik hem-de hoşalyk gurluşy umuman alanyňda papauslaryňka meňzeşdir. Ýöne käbir aýratynlyklary bar. Meselem melaneýzleriň sosial durmuşynda erkek adamlaryň soýuzy bolupyr. Şol soýuza giren adamlar artykmaç hukukdan peýdalanypdyrlar we jemgyýeti dolandyrypdyrlar. Bularda erkek adamlaryň soýuzy döwletiň ilkinji ýaçeýkasy hökmünde ýüze çykypdyr. Erkek adamlaryň soýuzyna girmek üçin töleg tölemeli edilipdir. Şonuň ýaly-da fiziki synagdan geçirilipdir. Onuň agzalary berk bedenli, sagdyn, ukyply adamlar bolupdyrlar.

Melaneziýanyň klimaty ýaşaýyş üçin agyr bolupdyr, dürli tropiki keseller (içgeçme), deri keselleri (ýaralar) howasy zäherli bolupdyr.

Täze Kaledoniýanyň ilaty

1774-nji ý. Sotlandiýaly alym Jeýms – Kuk Täze Kaledoniýa barýar. Ol bu ýerlere geň galyp seretmek bilen “Bu ýerler meniň Watanym eken” diýýär hem-de oňa Täze Kaledoniýa diýip at berýärler.Sebäbi Şotlandiýanyň köne ady kaledoniýadyr. Bu söz şondan gelip çykypdyr. Şeýdip Täze Kaledoniýa taryha girýär. Täze Kaledoniýanyň ilaty bu ýere takmynan 10 müň ýyl öň çemesi göçüp gelipdir. Ol ýerde melaneýzleriň we polineýzleriň täsiriniň bolan bolmagy mümkin. Bu ýerleriň ýerli ilaty ikisiniň gatnaşmagynda emele gelipdir diýen çaklamalar bar. Ol ýeriniň ilaty tire gurluşynda ýaşapdyr we ýewropalylar gelende fijilerden soň iň ösen halk bolupdyr. (Olaryň ählisi hem Okeaniýanyň ilaty).

Fijiniň ilaty – birnäçe taýpalardan durýa. Olar bu ýere b.e. öňki 2 müňýyllykda göçüp gelip başlaýarlar we ol sosial dowam edipdir. Fijililer polineziýalylara medeniýeti we gurluşy boýunça ýakyndyr. Olarda gaýyk gurmaklyk örän ösüpdir. Gaýyk satypdyrlar. Şeýle hem olarda haby sungat we ylym hat-d başga ýerden gelip olaryň harby sungatyny öwrenipdirler. Fiji halky halk hökmünde XIX asyryň ahyrlarynda emele gelipdir. Fiji adasyny basyp almak üçin uruşlar gidipdir. 1874-nji ý. Fiji Angliýanyň koloniýasyna öwrülýär. Fiji halkynyň 96% başga ýerden göçüp gelen ilat, 4 % ýerli gadymy halklaryň nesilleri hasaplanýar. 50% dürli wagtlarda Hindistandan göçüp gelen ilat hasaplanýar. Dini garaýyşlary üýtgäp durýar.

Gawaý adalary: Okeaniýanyň dg-da ýerleşmek bilen 100-çe ownuk adalardan ybaratdyr. Bu adalar Ýewropalylar tarapyndan ilkinji gezek 1555 ý. Açylypdy. Ýöne ol ikinji 1778 ýylda Ýewropalylara ýene-de mälim bolýar. Birinji gezek bu ýere ispanlar barýar we soň ýadyndan çykarýar. Ikinji gezek Jeýms – Kuk tarapyndan açylýar. XVIII asyryň 70-nji ýyllaryndan başlap Gawaý adalary özleşdirilip başlanýar. 1778 ý ol ýerde 300 müň çemesi adam bar eken. Soň ol ýerde adam sany gitdigiçe koloniýa syýasaty netijesinde azalýar. Häzirki wagtda ýerli ilatyň wekilleri metiňler bilen birlikde ilatyň 10% düzýärler. Her bir ilatyň öz metiňleri bar. Sebäbi ýerli ilatyň göçüp gelen ilaty bilen gatyşmagynda emele gelen ilat metiň hasaplanýar.

Maori taýpasy Okeaniýanyň iň yza galak halklarynyň taýpalarynyň biri bolupdyr. Olarda maldarçylyk bolmandyr. Diňe üýrmeýän it saklapdyrlar. Bu ýerde XIX asyryň ortalaryndan başlap iňlisleriň täsiri güýçlenip başlapdyr. Dürli taryhy döwülerde Täze Zellandiýa göçüp gelýänleriň düzümi çalt üýtgäp başlaýar, öň bu ýere aziýalylar göçüp gelýän bolsalar, soňky wagtlarda Britan adalaryndan göçüp gelen ýewropalylar (iňlisler, şotlandlar, irlandlar) agdyklyk edip başlaýar.

Soňky wagtlarda bolsa dürli adalaryndan bu ýere göçüp gelýänleriň sany artdy.

Eger Awstraliýada gatyşyk nika gatnaşyklary örän seýrek bolýan bolsa, Maorillerde iňlis-maori gatyşyk maşgalalaryň sany has artyp başlaýar. Maorileriň esasy bölegi iňlis dilinde gepleýär. 300 müňe golaý ýerli ilatyň diňe 20 müňe golaýy maori dilinde gepleýär.

Häzirki wagtda Täze Zellandiýanyň 80% göçüp gelen ilat hasaplanýar. Döwlet dili iňlis dili. Maoriler ilatyň 8% düzýär.

Mikroneziýanyň ilaty:

-Mikroneziýanyň ilatynyň gelip çykyşy baradaky mesele iň bir dawaly, jedelli meseleleriň biridir. Sebäbi bu ilat nireden gelip çykdyka diýen sowala 3 hili jogap bar. Alymlaryň bir topary ýerli ilat diýse, ikinji topary bu ýere polineziýalylar göçüp gelendirler diýýär. Üçünji topar ýerli ilat bilen göçüp gelen ilatyň ýagny gatyşyk halkyň wekilleri diýýärler. Şu üçunji teoriýa ylymda hakykata ýakyn diýip hasaplanýar.

Günbatar Mikroneziýanyň ilaty has yza galak ilat hasaplanypdyr. Olaryň arasynda çamorri taýpasy hasam yza galak hasaplanypdyr. Olar ýönekeý zatlary-da başarmandyrlar. Ok we ýaş ýasap bilmändirler. Ýöne naýzalary bolupdyr. Čamorriler naýzalarynyň yzlaryndaky çişi adam süňklerinden edýän ekenler. Ozleriniň dişlerini gara reňk bilen reňkläpdirler.

XVIII – XIX asyrlarda jemgyýetçilik gurluşy boýunça synpy jemgyýete geçiş döwründe ýaşapdyrlar. Bu ýerde enelik urugy bolupdyr. Aýallaryň roly ýokary bolupdyr. Eger adamsy aýalynyň biwepalyk edýändigini bilse hem ony jezalandyryp bilmändir. Tersine aýaly öz adamsynyň biwepalyk edýändigini duýsa onda ony jezalandyryp bilipdir.. Dürli pullar ýüze çykyp başlapdyr. Degirmen daşlary, pyşbaganyň ýokarky gapagy esasy pul bermegi bolupdyr.

Gündogar Mikroneziýanyň ilaty, olardan has ösen bolupdyr. Ýöne gündogar Mikroneziýanyň ilatynyň maşgala durmuşynda berk nika gatnaşyklary bolmandyr. XIX – XX asyrlarda mikroneziýanyň territoriýasyny ABŞ özüniň harby  ? hökmünde peýdalanýar. Häzirki wagtda ABŞ bu ýerini özüniň ýadro ýaragynyň synagy üçin ulanýar. Harby platformalar döredýän ABŞ-nyň bu geçirýän cäeleri halk üçin tragediýadyr. Sebäbi ol dürli keselleriň döremegine getirýär.