Azerbaýjan-gajar gapma-garşylyklary

XVIII asyryň 80-nji ýyllarynda Eýranda häkümiýet Gajarlar dinastiýasyny esaslandyran Aga Muhammet hanyň eline geçýär. Ol tutuş Zakawkazýanyň we Günorta Azerbaýjanyň hökümdarlaryna perman iberip, olaryň özüne tabyn bolmagyny talap edipdir. Muňa jogap edip hökümdarlaryň köpüsi Russiýa döwletinden kömek sorap, ýüz tutupdyrlar. Gazaba münen Aga Muhammet han Zakawkazýa ýerlerine ýörişe başlaýar. Ol Talyş, Nahiçewan we Ýerewan hanlyklaryny derbi-dagyn edýär. Emma Şuş galasy olara berk gaýtawul berýär. Garabaglylar ermeniler we gürjüler bilen birleşip 33 günüň dowamynda duşmandan üstünlikli goranmagy başarypdyr. Aga Muhammet han Şuş galasyny gabamagy bes edip, öz goşunyny Gürjüstana tarap sürýär. Eýran goşunlarynyň Zakawkazýa çozmagy rus hökümetini ynjalykdan düşrüp başlapdyr. Ýerli hökümdarlaryň hat ýazyp kömek soramagyny göz öňünde tutup, 1796-njy ýylyň aprel aýynda rus goşuny B. Zubowyň ýolbaşçylygynda Azerbaýjana girýär. Muny eşiden Aga Muhammet han çaltlyk bilen Zakawkazýadan çykýar. Rus goşunlary gysga wagtyň içinde Kubany, Bakuwy, Şemahy, Genjäni eýeläpdirler. Eýran goşunlaryndan tapawutlylykda rus goşunlary ýerli halk bilen hoşniýetli gatnaşypdyrlar. Galybersede, Ekaterina II egerde kimde-kim ýerli ýaşaýjylara kast etse onuň berk jezalandyryljakdygy barada buýruk hem çykarypdyr. Emma 1796-njy ýylda Ekaterina II aradan çykandan soň, tagta çykan Pawel I tiz wagtda goşuny yzyna çagyrýar. Mundan peýdalanyp Aga Muhammet han ýene-de Azerbaýjana Garabag hanlygynyň üstüne çozýar. Tiz wagtda Aga Muhammet han dildüwşülip öldürilýär. Azerbaýjanyň hanlary we Kartli Kahetiýa patyşasy Georgiý II (1798-1890) ýene-de kömek sorap Russiýa döwletine ýüz tutýarlar. Zakawkazýa hökümdarlarynyň birnäçe gezek ýüztutmalaryndan soň, Pawel I ahyry rus goşunyny Zakawkaýa girizmegiň kararyna gelýär. Emma Eýran şasy Fataly şa öz goşunynyň kuwwadynyň rus goşunyndan pesdigine garamazdan, Zakawkazýany basyp almak pikirinden el çekmeýär. Ol öz goşunynda harby tälimleri geçirmek üçin Fransiýadan harby hünärmenleri çagyrýar. Azerbaýjanyň ýerleriniň Eýran we Türkiýe tarapyndan baslyp alynmagy, geljekde ol ýerleriň Angliýanyň we Fransiýanyň kolonial obýektine öwrülmegine we halkyň tozdurylmagyna getirjekdi. Eýranyň we Türkiýanyň Azerbaýjandaky basypalyjylykly syýasaty ýerli ilatda Russiýa döwleti bilen ýakynlaşmak meýlini has güýçlendiripdir. Şeýlelikde, XVIII asyryň ahyrlarynda- XIX asyryň başlarynda dörän taryhy ýagdaý Azerbaýjanyň Russiýa birikmegi üçin ähli zerur şertler döräpdir.

Medeniýet XVI-XVIII asyrlarda Azerbaýjanda medeniýet we ylym ösmegini dowam etdiripdir. Ysmaýyl I öz hökümdarlyk eden döwründe edebiýata we sungata aýratyn ähmüýet beripdir. Onuň köşgünde Surury, Şahy, Matemi, Tufeýli, Kasymy ýaly şahyrlar ýaşap öz döredijiliklerini artdyrypdyrlar. Şahyrlaryň öz jemgiýeti bolup, oňa “şahyrlaryň şasy Habibi“ ýolbaşçylyk edipdir. Ysmaýyl I şanyň özi hem görnükli şahyrlaryň biri bolmak bilen, ol goşgularyny öz ene azerbeýjan dilinde ýazypdyr. Onuň Ysmaýyl şa Hatai diýen şahyr lakamy bolup, ol azerbaýjan edebiýatynyň ösmegine uly täsirini ýetiripdir. Bu döwürde beýik şahyr Muhammet Fizulynyň döredijiligi azerbaýjan poeziýasynyň çür depesi bolupdyr. Onuň döreden “Leýli- Mejnun“, “Şikaýatnama“ we beýleki eserleri uly meşhurlyga eýe bolupdyr. XVI-XVII asyrlarda Muhammet Amany, Gowşy Töwrizi, Mesihi, Tarzi Afşar, Saiba Töwrizi we beýlekiler ýaly şahyrlar hem azerbeýjan diliniň we edebiýatynyň döredijilikli ösmeginde öz goşantlaryny goşupdyrlar. Halk özleriniň taryhy-gahrymançylyk dessanlarynyň (eposlar) üsti bilen han- begleriň eden etdiliklerini we basypalyjylary tankytlap, halkyň olara garşy göreşindäki edermenliklerini, gahrymançylyklaryny wasp edipdirler. Şol wagt halkyň dilden döreden “Şa Ysmaýyl“, “Asly we Kerem“, “Aşyk Garyp“, “Abbas we Gülgöz“ ýaly eserleri şu günlerde hem öz ähmüýetini ýitirmän gelýär. XVI-XVII asyrlarda aşug (dessançylyk) sungatynyň hem ýokary göterilen döwri bolupdyr. Halk aýdymçylarynyň- aşugçylaryň ýerine ýetiren folklor eserleri häzirki döwürde hem saklanyp galypdyr. Aşyk Gurbany XVI asyrda halk aýdymlaryny- aşugy aýdymlary ýerine ýetiren tanymal aýdymçylarynyň biri bolupdyr. XVII asyrda bolsa Aşyk Abbas, Sary aşug, Aşug Abdylla ýaly aýdymçylar halkyň arasynda giňden tanalypdyr. Suratkeşlik, hatdatlyk we jaý gurluşyk sungaty hem ösüpdir. Bu döwürde XIV asyrda Töwrizde dörän miniatýura suratkeşligi özüniň ösüşiniň iň ýokary derejesine ýetipdir. Soltan Muhammet sungatyň bu görnüşiniň görnükli wekili bolupdyr. Onuň miniatýuralary Leningradyň, Londonyň, Leýpsigiň, Wenesiýanyň muzeýlerinde saklanýandyr. Sungatyň bu mekdebi Kemaleddin Behzada, Mir Musawir Töwrizi, Mir Zeýnalabdin Töwrizi, Möwlana Muzaffer Aly we beýlekiler ýaly ukyply suratkeşleri taýarlap ýetişdiripdir. XVI-XVII asyrlar Azerbaýjanyň taryhyna, tebigatyna bagyşlanan hem birnäçe işler ýazylypdyr. Azerbaýjan taryhçysy Gasanbek Rumly Azerbeýjanyň taryhyna bagyşlap 12 tomdan ybarat “Ahsan at-tawarih“ diýen ýygyndysyny ýazýar. Isgenderbek Munşi bolsa Azerbaýjanyň, Eýranyň we goňşy döwletleriň taryhy boýunça gymmatly ýygyndyny ýazyp galdyrypdyr. Azerbaýjanda lukmançylyk ylmy hem belli bir ösüşe eýe bolupdyr. Halk arasynda Hakim kiçik (kiçijek lukman) ady bilen Abulfath Töwrizi giňden tanalýan lukman bolupdyr. Onuň boýy kiçi bolany üçin oňa Hakim kiçik diýip at beripdirler. Ondan başga-da Ala Töwrizi, Imadaddin Mahmudy we beýleki lukmanlar hem halkyň arasynda tanymal adamlar bolupdyr. Bu döwürde Gündogarda entek kitap çap etmek işi bolmadyk bolsa-da kitaplar golýazma görnüşinde ýörite kitap göçürijiler (hatdatlar) tarapyndan göçürilip köpeldilipdir we satylypdyr. Şeýle ussat hatdatlaryň içinde Mir Aly Töwriziň ogly Ubeýdullany, Aly-bek Töwrizini, Muhammet Bagir Ordubady, Nyzam ad-din Aly Ardebili, Mir Abdulbegi Danyşmendi, Aly Riza Töwrizi Abbasyny we beýlekileri görkezmek bolýar. XVIII asyrda esasan hem Eýran agalygy ýok edilenden soňra Azerbaýjanyň şäherlerinde medeni durmuş janlanyp başlanýar. Şäherleriň köpüsinde mekdepler, medreseler açylypdyr. Azerbaýjan dilinde taryhy edebiýatlar peýda bolup başlapdyr. Mysal üçin azerbaýjan dilinde ýazylan “Hanadan-e Sefewi“ atly eserde sefewiler dinastiýasynyň dörän wagtyndan başlap taryhy beýan edilýar. XVIII asyr azerbaýjan şahyrlary halkyň ruhuna has ýakyn eserleri döretmek bilen, olary azat edijilik göreşe çagyrypdyrlar. Nişat Şirwany, Şakir Şirwany we beýlekiler ýaly görnükli azerbeýjan edebiýatçylarynyň wekilleriniň eserlerinde ýurda uly zyýan ýetirýän daşary ýurt basypalyjylarynyň eden-etdiliklerine we özara uruşlara garşy närazylyk bildiripdirler. Şakir Şirwany özüniň “Şirwan hakynda gürrüň“ diýen muhammesinde 1743-nji ýyldaky gandöküşikli wakany, Nedir şanyň goşunynyň Şemahdaky gozgalaňy basyp ýatyryşyny beýan edýär. XVIII asyrda Şirwandaky özara uruşlar barada bolsa Azerbaýjanyň beýleki görnükli şahyry Aga Masihiniň muhammeslerinde öz beýanlaryny tapýar. XVIII asyrda Azerbeýjanda prozanyň dürli görnüşleri ösüpdir. “Şahriýar hakynda gürrüň“, “Ogry we kazy“ ýaly proza eserleri öz döwründäki sosial deňsizligi paş edipdir. XVIII asyrda azerbajan poeziýasyny ösdürmekde liriki şahyrlar Molla Panah Wagif we Molla Weli Widady görnükli yz galdyrypdyrlar. Şahyr Wigafini Garabagyň hany Ibragim han köşgüne çagyryp, ony özüniň baş weziri edip hem belläpdir. XVIII asyrda azerbaýjan poeziýasy, esasan hem dessançylyk Kawkaz halklarynyň poeziýasyna görnüp duran täsirini ýetiripdir. Ermeni, lezgin dessançylarynyň köpüsi özleriniň aýdymlaryny azerbeýjan dilinde ýerine ýetiripdirler. Gruziýada, Ermenistanda we Dagystanda azerbeýjan poeziýasy uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Saz sungaty hem ösüpdir. Tar, kemençe, zurnaý, tüýdük, nagara, dep ýaly saz gurallary giňden ýaýrapdyr.