Azerbeýjanyń ýerlerine sasanylaryń, araplaryń we hazarlylaryń aralaşmaklary
B.e. 224-nji ýylynda dörän Sasaniler döwleti Adropateni basyp alýar. Sasaniler Töwriz şäherini özlerine paýtagt edinýärler. Sasanileriň agalyk edýän döwründe V asyryň ahyrlarynda daýhanlaryň ýagdaýlary has erbetleşipdir. Netijede, V asyryň 80-nji ýyllarynda feodal ezilişe garşy güýçli halk hereketi başlanýar. Bu bolsa adamlary şeriň ähli görnüşiniň garşysyna göreşmäge çagyrýan mazdakçylyk (Mazdak diýen adamyň adyndan gelip çykýar) hereketiniň ýüze çykmagyna getiripdir. Mazdakçylyk hereketi özakymlaýyn‚ guramaçylyksyz häsiýete eýe bolup‚ ol 529-njy ýylda basylyp ýatyrylýar. VII asyryň ortalarynda araplaryň ýörişi netijesinde Sasaniler döwleti ýykylýar. Araplaryň basyp alan ýerlerinde bolsa Arap halyflygy dikeldilýär. Araplar VIII asyryň başlarynda Azerbaýjanyň ýerlerine hem baryp ýetýärler we ol ýerde hem Yslam dinini girizýärler. Bu ýerde yslam agalyk ediji dine öwrülýär. Ýöne yslam dini girizilse hem onuň bilen birlikde hristian we zaroastarizm dini entek saklanypdyr. Araplar Azerbaýjanyň basylyp alnan ýerlerinde iki welaýat döredipdirler. Her bir welaýaty arap halyfy tarapyndan bellenen- emir (hökümdar) dolandyrypdyr. Emir dolandyryş we harby häkimiýeti öz elinde jemläpdir. Azerbaýjandaky arap halyflygy ýurduň demirgazyk serhetinde ýerleşýän esasy şäherlerinde we ilatly punktlarynda arap harby garnizonlaryny döretmek syýasatyny ýöredipdirler. Bu garnizonlar gorag gullygy, jeza beriş çärelerini ýerine ýetirmek bilen birlikde ilatdan salgyt ýygnamaga kömek ediýärdiler. VII asyryň ortalaryndan VIII asyryň ahyryna çenli Azerbaýjanyň ykbaly diňe bir Arap halyflygyna bagly bolman‚ eýsem Hazar hanlygyna hem bagly bolupdyr. Hazarlar 627-628-nji ýyllarda tutuş Zakawkaziýany basyp alýarlar. Olar Azerbaýjanyň üstüne 629-630-njy‚ 664-665-nji‚ 668-nji‚ 684-nji ýyllarda çozuş edýärler. Hazarlar Kabal şäherini özleriniň rezidentsiýasy edip saýlapdyrlar we Azerbaýjanyň üstüne yzygiderli çozuş edip‚ Ardabil şäherine çenli baryp ýetipdirler. VIII asyrdan başlap arap goşunlary hazarlaryň çozuşlaryny yzyna serpikdirip başlapdylar we hatda olaryň öz üstlerine hem ýöriş edip başlapdylar.