Aziýada Ikinji Jahan Urşy

(Aziýada ikinji jahan urşy sahypasyndan gönükdirildi)

Aziýada ikinji jahan urşy – Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagy. II jahan urşy Aziýanyň hem birnäce ýerlerini gurşap aldy. Arikada, Orta ýer deňziniň kenarlarynda, Gündogar Aziýada uruş hereketleri alnyp baryldy. Aziýada uruş ojagynyň merkezi Ýaponiýa bolupdy. Eýrana rus we iňlis goşunlary girizilmedik bolanda, bu ýerde hem uruş alnyp barylardy. Geliň indi şu wakalar barada yzygider durup geçeliň!

Afrikada we Orta ýer deňzi sebtindäki uruş düzet

Affikanyň merkezi we günorta sebitlerinde uruş hereketleri alnyp barylmady. Ýöne bu ýerleriň halklary baknadarlar üçin adam we çig-mal çeşmesi bolup hyzmat etdiler. Afrikadaky uruş hereketleri esasan iňlis we italýan goşunlarynyň arasynda alnyp baryldy. Somaliniň bir bölegi we Liwiýa Italiýanyň gol astyndady. Hut şol ýerlerde urşa taýýarlanyp, 1940-njy ýylyň Ruhnama aýynda italýan goşuny Müsüri, Sues kanalynyň sebitini, Sudany we Keniýany eýelemäge synanyşdy. Synanyşyk şowsuz gutardy. Iňlisler italýanlara garşy ýerli halky ulanyp ýeňiş gazandylar. Afrikada Sues kanaly sebitini basyp almak maksady bilen Germaniýa italýan goşunlaryna kömege geldi. Emma german-italýan bileleşigi Sues kanaly sebtini basyp alyp bilmedi.

Aziýa ýurtlarynda Hindistan Angliýanyň baknasy hökmünde urşuň başynda Angliýanyň tarapynda uruşýan ýurt diýlip yglan edildi.

Eýran ikinji jahan urşunyň başynda özüniň uruşda bitaraplygyny jar edipdi. Emma onuň bitaraplygy iş ýüzünde alnyp barylmandy. Ýurtda german täsiri gaty güýçlüdi. Şeýle şertlerde 25.08 1941-nji ýylda öňki SSSR, ertesi Angliýa Eýrana öz goşunlaryny girizdiler. Eýrana goşun girizilmegi Türkmenistanyň uruş alnyp barylýan ýere öwrülmeginiň öňüni aldy. 29.10.1942-nji ýylda Eýran, Angliýa, SSSR şertnama baglaşyp, uruş döwründe birek-birege kömek bermek brada ylalaşdylar.

Tähran maslahaty düzet

Urşuň gidişinde güýçleriň artykmaçlygy SSSR-iň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň tarapyna geçmegi bilen, bileleşigiň döwlet ýolbaşçylary ýokary derejede duşuşyk guramak barada ylalaşdylar. Uzak çekişmeden soňra, Staliniň talaby boýunça, ilkinji duşuşygy Tähranda geçirmeklik kararyna geldiler. Ol bileleşigiň ýolbaşçylary I.Staliniň, F.Ruzweltiň, U.Çerçilliň gatnaşmagynda 1943-nji ýylyň 28-nji noýabr 1-nji dekabry aralygynda bolup geçdi.

Maslahatda 1944-nji ýylda Fransiýanyň demirgazygyna amerikan-iňlis goşunlarynyň düşürilmegi-ikinji söweş ugrynyň açylmagy barada ylalaşdylar. Uruş gutarandan soňraky Germaniýanyň, Polşanyň ykbaly barada maslahatlaşdylar. 1944-nji ýyldaky harby hereketleri utgaşykly alyp barmak barada ylalaşdylar. SSSR Germaniýa garşy uruş gutarandan soň, Ýaponiýa garşy urşa goşulmaga söz berdi. ABŞ we Beýik Britaniýa SSSR-iň Ýewropadaky territoriýa talaplary bilen razylaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 1933-nji ýylda Germaniýada Gitleriň ýolbaşçylygynda faşistler häkimiýete geldiler. Faşistler Wersal şertnamasynyň Germaniýanyň ýaragly güýçlerine çäklendirmesini äsgermezlik edip, gödek bozup başladylar. Halkara gözegçiliginden halas bolmak üçin 1933-nji ýylda Germaniýa Milletler Ligasyndan çykdy. Ol 1935-nji ýylda ählumumy harby borçlulyk girizdi. Şol ýyl Wersal şertnamasy boýunça ýaragsyzlandyrylan sebit diýlip jar edilen Saar welaýatyna goşun girizdi. Wersal şertnamasy boýunça Germaniýa 100 müň adamly goşun edinmäge rugsat berlipdi. Oňa harby uçarlar, tanklar, iri harby gämileri edinmek gadagandy. Emma bu şertleriň ählisi indi diňe kagyz ýüzünde galdy. 1935-nji ýylyň güýzünde faşistik german hökümeti baş harby merkez döretdi. Bu merkez basybalyjylykly uruşlaryň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanyp başlady.


Uzak Gündogarda uruş ojagynyň döremegi düzet

Ýaponiýany iki jahan urşunyň aralygynda diňe harby serkerdeleriň ýolbaşçylygynda düzülen hökümetler dolandyrypdy. Bu ýagdaý Ýaponiýanyň daşary syýasatynyň aýratyn basybalyjylykly häsiýetli bolmagyna getirdi. XIX asyryň ahyryndaky hytaý-ýapon we XX asyryň başyndaky rus-ýapon uruşlaryndaky ýeňişlerden ruhy göterilen ýapon harby ýolbaşçylary Ýaponiýanyň ýeňilmezekligi baradaky toslamany ýaýratdy.

Ýaponiýada senagatyň ösmegi täze-täze satuw bazarlaryny we çig mal çeşmelerini talap edýärdi. Ýaponiýanyň özi ýerasty baýlyklara garyp ýurt bolanlygy sebäpli, goňşy ýurtlara göz dikýärdi. Indi Ýaponiýa Aziýada agalygyny ornaşdyrmagyň arzuwyndady. Ýapon harby ýolbaşçylary Hytaýy, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryny, Hindistany basyp almagyň harby meýilnamalaryny taýýarlapdylar.

Ýaponiýa 1931-nji ýylda Hytaýyň Mançžuriýa welaýatyny basyp aldy. 1932-nji ýylda Jehe welaýatyny eýeledi. 1933-nji ýylda Milletler Ligasyndan çykan Ýaponiýa uly urşa taýýarlyk görüp başlady. 8. 06.1937-nji ýylda Ýaponiýa Hytaýa garşy aç-açan urşa başlady. Hytaý halky şu döwürden başlap II jahan urşy tamamlanýança ýapon zulmuna garşy göreşmeli boldy. Uzak Gündogarda Ýaponiýa köpden bäri uşra taýýarlanýardy. Ýaponiýa 1931-nji ýylda Mançžuriýany basyp alandan soňra, Mongoliýa, SSSR-e we Hytaýa garşy ýeňişli urşuň arzuwyndady. Ol 1937-nji ýylyň tomsundan başlap Hytaýa garşy uruş alyp baryp, ikinji jahan urşy başlanýança, onuň uly bölegini eýeläpdi. Basylyp alnan Hytaý ýerlerinden we Ýaponiýa bakna bolan Koreýadan gelýän peýdanyň hasabyna ýaraglanyşygy güýçlendirýärdi.

Ikinji jahan urşy başlanandan soňra Ýaponiýa Ýewropadaky dawalara goşulmajakdygyny jar etdi. Emma Fransiýanyň uruşda ýeňilmegi bilen Ýaponiýa onuň Aziýadaky eýeçiliklerini basyp almaga girişdi. 1940-njy ýylyň 23-nji Ruhnamasynda Fransiýanyň Hindi-Hytaýdaky bakna ýurtlaryna goşun girizdi.

Ýaponiýa SSSR-e garşy urşa uzak wagtlap taýýarlandy. Ol taýýarlygy gizlin saklamak üçin SSSR-e birek-biregiň üstüne çozmazlyk hakynda şertnama baglaşmagy teklip etdi. Sowet-ýapon gepleşikleri geçirilip, 13.04.1941-nji ýylda çozmazlyk hakynda şertnama baglaşyldy. Berlinde geçirilen ýapon-german gepleşiklerinde (1941-nji ýylyň ýaz aýlary) Ýaponiýa Germaniýanyň SSSR-e garşy urşuna goşulmaga-da razylaşdy.


Ýapon-amerikan garşylyklarynyň ýitileşmegi düzet

1941-nji ýylyň ýazynda ýapon-amerikan garşylyklary barha ýitileşdi. Ýaponiýanyň Indoneziýada täsiriniň güýçlenmegine ABŞ-nyň garşy bolmagy ýapon-amerikan dawalaryny ýene-de güýçlendirdi.

1941-nji ýylyň ýazyndan başlap ABŞ we Ýaponiýa Ýuwaş ummanynda hojaýynçylyk ugrunda dawalaşyp başladylar. Emma ol wagt olaryň ikisi-de urşa taýýar däldi.

Ýaponiýa urşa taýýarlygyny gizlemek we wagt utmak üçin ABŞ bilen gepleşikleri geçirmegi teklip etdi. 1941-nji ýylyň Gurabansoltan aýynda Waşingtonda ýapon-amerikan gepleşikleri başlandy. Gepleşiklerde ABŞ Ýaponiýanyň talaplarynyň esasy bölegi bilen razylaşdy, hatda Hytaýy eýelemegine-de garşy bolman, ony köşeşdirjek boldy. Emma Ýaponiýa ABŞ-a garşy uruşmak kararyna gelipdi.


Ýaponiýanyň urşa goşulmagy düzet

02.07.1941-nji ýylda Ýaponiýanyň döwlet we harby ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda uly maslahat geçirildi. Onda Ýaponiýanyň urşa goşulmak meselesine seredildi. Ýygnakda ABŞ we Beýik Britaniýa garşy urşa başlamak we Hindistana çenli Aziýa ýurtlaryny basyp almak karar edildi. Ýaponiýa bu döwre çenli Hytaýyň esasy bölegini we Fransiýanyň baknalary bolan Wýetnamy, Laosy, Kambojany eýeläpdi.

07.12.1941-nji ýylda Ýaponiýa ABŞ-nyň Gawaý adalaryndaky harby güýçleriniň (Pýorl-Harbor) üstüne duýdansyz çozup, urşa başlady. Ilkinji söweşde ABŞ-nyň Ýuwaş ummanyndaky floty uly ýitgiler çekdi. Yzysüre ýaponlar Günorta Hytaý deňzinde ýerleşen iňlis harby gämileriniň birnäçesini gark etdiler. ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň Ýuwaş ummanyndaky harby kuwwatyna düýpli zarba uruldy.

Ýapon basybalyjylary Tailanda hem-de iňlislere bakna bolan Malaýa we Birma garşy çozuşa başlaýarlar. ABŞ we Beýik BritaniýaÝaponiýa garşy uruş yglan etdiler. Germaniýa we Italiýa hem ABŞ-a garşy urşa başlaýar. Ýuwaş ummanynda uruş başlandy.

Ýaponiýanyň goşunlarynyň tiz hem duýdansyz hereket etmegi netijesinde, olar urşuň başynda uly harby üstünlikler gazandylar. Ýaponiýa 1941-nji ýylyň dekabrynda Beýik Britaniýanyň Gonkongdaky (Sýangan) harby-deňiz berkitmesini, 1942-nji ýylyň başky iki aýynda Beýik Britaniýanyň Singapurdaky 70 müň adamly harby berkitmesini, 50 müňli amerikan-filippin goşunyny derbi-dagyn edip, Ýuwaş ummany sebtinde ýeke-täk hojaýyna öwrüldi. Ýaponiýa Aziýa halklaryna özüni Günbataryň zulumyndan azat ediji edip görkezmäge synandy. Ýuwaş ummany sebtindäki urşuň birinji döwründe Ýaponiýa häzirki Filippinleri, Malaýziýany, Birmany, Tailandy, Indoneziýany eýeledi. Wýetnam, Laos, Kamboja we Hytaýyň uly bölegi Ýaponiýanyň gol astyndady. Şeýlelikde,Ýaponiýanyň basyp alan ýerleri Günortada täze Gwineýadan başlap, demirgazykda Aleut adalaryna çenli, Günbatarda Hindistandan başlap, Gündogarda Marşall adalaryna çenli ýaýrap, gaty giňäpdi. Hatda basyp alan ýerleriniň ululygy boýunça (9,8 mln. inedördül km.) Ýaponiýa Germaniýadan hem öňe geçipdi. Ýaponiýanyň basyp alan ýerleriniň ilaty hem Germaniýanyňkydan köpdi. 73 mln. ilatly Ýaponiýa 400 mln. ilat ýaşaýan birnäçe ýurtlary eýeläpdi.

Uruşda beýik öwrülişik Ýuwaş ummanynda başlandy. 1942-nji ýylyň iýunynda Midueý adasynyň alkymynda amerikanlar gazaply söweşde ýaponlardan ýeňiş gazandylar. Söweşde Ýaponiýanyň floty uly ýitgiler çekdi. Şu söweşden soňra Ýaponiýa deňizde agalygyny ýitirdi we hiç wagt özüni dürsäp bilmedi. Ýaponiýa Ýuwaş ummany sebtinddki uruşda goranyşa geçmäge mejbur boldy.

Iňlis goşunlary general B.L.Montgomeriň ýolbaşçylygy astynda Demirgazyk Afrikada 1942-nji ýylyň oktýabrynda italýan-german goşunlaryny derbi-dagyn etdiler. 1942-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Duaýt Eýzenhaueriň ýolbaşçylygynda amerikan goşunlary Demirgazyk Afrika düşürildi. Olar iňlisler bilen sazlaşykly hereket edip, 1943-nji ýylyň 13-nji maýynda italýan-german goşunlarynyň garşylygyny syndyrdylar.

Uzak wagtlap uruş alyp barmaga Ýaponiýanyň ykdysady mümkinçiligi ýokdy. Ýaponiýa taryhda köplenç gysga wagtlyk uruşlara ökdedi. Eýýäm 1942-nji ýylyň ortalaryndan başlap Ýaponiýanyň hüjümi saklanyldy. 1942-nji ýylyň 4-8-nji maýynda Korall deňzindäki söweş, 1942-nji ýylyň 4-6-njy iýunyndaky Midueý adalaryna Ýaponiýanyň hüjümi şowsuz gutarýar. Şundan soňraky söweşlerde ruhy rüstemlik we harby artykmaçlyk amerikan-iňlis goşunlarynyň tarapynda bolup, Ýaponiýa goranyşa geçmäge mejbur boldy. Ýuwaş ummanyndaky uruş hem Günbatardaky ýaly uzaga çekiljek häsiýetine geçdi. Wagt bolsa ýaponlaryň duşmanlarynyň hasabyna işleýärdi.


Ýaponiýa garşy harby hereketler düzet

Midueý söweşindäki ýeňlişden soňra ýaponlar goranyşa geçmäge mejbur boldular. 1943-nji ýylyň tomsuna çenli amerikan-iňlis goşunlary-da hüjüme geçmediler. Biraz wagt iki tarap hem täze söweşlere taýýarlandy. ABŞ harby uçarlary çekýän gämileri (awianoses) gurmaklygy güýçlendirdi, täze harby berkitmeleri gurdy. Ýaponlar goranyşy güýçlendirdiler.

1943-nji ýylyň ikinji ýarymynda iňlisleriň we awstraliýalylaryň goldamagynda amerikan goşunlary Solomonow we Gilbert adalaryny eýelediler. Ýöne 1944-nji ýylyň başyna çenli Ýaponiýa entek Ýuwaş ummanynda we Günorta-Gündogar Aziýada, Hytaýda hojaýynçylyk edýärdi.

1944-nji ýyldaky harby hereketler esasan amerikan-iňlis goşunlarynyň peýdasyna boldy. Amerikan goşunlary Ýuwaş ummanynda Marşall, Korolin, Marian adalaryny eýeläpdiler. 1944-nji ýylyň oktýabrynda Filippinleri azat etmek ugrunda söweşler başlandy. Filippinleriň bir bölegi azat edildi. Iňlisler Birmada ýaponlara garşy hüjüme başladylar.

1945-nji ýylyň başynda Ýaponiýa özüniň harby-ykdysady mümkinçiliginiň azalandygyna seretmezden, entek uzak wagtlap garşylyk görkezmäge ukyplydy. Onuň entek 4 mln. çemesi gury ýer goşuny bardy. Üstesine-de, 1 mln.200 müň esgerli harby-deňiz güýçleri bardy. Harby-deňiz güýçleriniň we tutuş goşunyň ýaraglynyşy boýunça welin, Ýaponiýanyň ýagdaýy erbetdi. Ýaponiýa Aýratyn-da, harby uçarlaryň we harby gämileriň sany we hili boýunça bileleşen döwletlerden yza galypdy.

1945-nji ýylyň martyna çenli amerikan goşunlary Filippinleri doly azat etdiler. Maý aýynda iňlisler ýaponlary Birmadan doly kowup çykardylar. Indoneziýa ugrunda söweşler başlandy. Ýaponiýa Germaniýanyň uruşda ýeňlendigine seretmezden, urşy dowam etdirdi. Ýapon harbylary urşy uzaga çekdirip, uruşdan soňky gepleşiklerde hormatly oturgyçda oturmagy isleýärdiler.

Ýaponlar dürli keselleri ýaýradyjy bakteriologiki ýaragyna bil baglaýardylar. Bu ýaragy deňizdäki söweşlerde ulanmak mümkinçiligi az bolansoň, gury ýer söweşlerinde ulanmagy maksat edinýärdiler. Ýaponlar ähli goşun bölümlerinde diýen ýaly ölüme köre-kör taýýar bolan kamikadze toparlaryny döredip, olara uly ynam edýärdiler.

Kamikadze ýapon dilinden terjime edilende “Asmandan gelen şemal” diýmegi aňladýar. Ol admiral Onisiniň tapan täzeçilligidir. Ol öz uçarlaryny amerikan gämileriniň üstüne gönükdirip, özi hem wepat bolýan uçarmanlary taýýarlamagy teklip edipdi. 1944-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Filippinleriň golaýynda olar ilkinji gezek söweşe girip, 1 sany amerikan uçar çekýän gämisine we 3 sany harby gämisine zyýan ýetirdi. Uruş döwründe 1228 sany ýapon kamikadzesi wepat bolup, olar 36 sany amerikan harby gämisini gark edip, kiçeňräk 368 harby gämisine-de kem-käs zyýan ýetiripdirler. Kamikadzeler 5 müň amerikan esgeriniň wepat bolmagyna sebäp bolupdyrlar.


ABŞ-nyň Hirosima we Nagasaki şäherlerine atom bombasyny taşlamagy we onuň weýrançylykly netijeleri düzet

ABŞ dünýä jemgyýetçiligini, aýratyn-da, uruş ýyllary halkara abraýy mese-mälim artan SSSR-i gorkuzmak we öz harby kuwwatyny mazamlamak üçin Ýaponiýa garşy uruşda atom bombasyny ulanmagy karar etdi.

ABŞ 1942-nji ýyldan general Genri Growsyň baştutanlygynda “Manhetten taslamasy” adyny alan atom bombasyny taýýarlamak işlerini ýaýbaňlandyrdy. 1943-nji ýylyň baharynda meşhur fizik Oppengeýmer Los-Alamosdaky laboratoriýada bu elhenç täze ýaragy döretmäge girişýär. Bu işe italýan fizigi Enriko Fermi çekilipdir. 1945-nji ýylyň 16-njy iýulynda ýarag ilkinji gezek synag edildi.

Potsdam maslahaty başlanan wagty ABŞ atom bombasyny ilkinji gezek synag edipdi. 1945-nji ýylyň awgustynda ABŞ-da iki sany atom bombasy bardy. Şolaryň biri 1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hirosima, beýlekisi 9-njy awgustda Nagasaki şäherleriniň üstüne taşlanyldy. Iki şäherden tas ýarym mln. parahat ilat öldürildi ýa-da maýyp edildi. Şäherleriň ikisi-de weýran edildi. Ýaponiýanyň uruşda ýeňiljekdigi görnüp duran ýagdaýynda, SSSR-iň Ýaponiýa garşy urşa goşuljak wagty atom bombasyny ulanmak harby zerurlyk däldi.

Ýaponiýa häzirem atom betbagtçylygynyň yzasyny çekýär. Radiasiýa şöhlelenmesinden ejir çekenleriň nesilleriniň-de ömür tanapy wagtyndan öň kertilip dur. Hirosimanyň Parahatçylyk seýilgähinde bir adaty bolmadyk ýadygärlik bar. Atom bombasyny ýatladýan bu binanyň depesinde duran gyzjagaz durna çagajygyny elleri bilen kellesiniň ýokarsyna göterip dur. Ýaponiýada durnalaryň müň ýaşaýandygy, olaryň uzak ýaşamagyň alamatydygy hakdaky ynanç bu ýadygärlige hasam çuňňur many berýär.


SSSR-iň Ýaponiýa garşy urşa goşulmagy düzet

SSSR Ýaponiýa garşy urşa goşulmak barada öz ýaranlaryna beren sözünde durup, 1945-nji ýylyň aprelinden başlap sowet-german urşundan boşan goşun bölümlerini Gündogara geçirip başlady. SSSR awgustyň başyna çenli Uzak Gündogarda 1,6 mln. esger, 5,5 müň tank, 3,9 müň harby uçar jemlemegi başardy. Ähli taýýarlyk işleri gizlin geçirildi. Hatda Ýaponiýa güman etmez ýaly uly derejeli sowet harby serkerdeleriň atlaryny we harby derejelerini üýtgedipdiler. Mysal üçin, Sowet goşunlaryna umumy ýolbaşçy edilip bellenilen Sowet Soýuzynyň marşaly A.M.Wasilewiskiý Uzak Gündogara general-polkownik Wasilýew bolan bolup gelipdi. SSSR-iň maksady Ýaponiýa garşy duýdansyz urşa başlamakdy. Çünki Ýaponiýanyň özi-de urşa köplenç duýdansyz başlaýardy.

Ýapon harby ýolbaşçylary SSSR-iň urşa goşuljagyny duýýardylar. Sebäbi SSSR 1945-nji ýylyň aprelinde Ýaponiýa bilen 1941-nji ýylda baglaşylan birek-biregiň üstüne çozmazlyk hakyndaky şertnamany ýatyrypdy. Ýaponiýanyň özi-de SSSR-iň üstüne çozmak üçin uzak wagtlap taýýarlanypdy. SSSR-iň Germaniýa garşy uruşdaky üstünlikleri Ýaponiýany bu pälinden gaýtmyşym etmäge mejbur edipdi. Ýöne Ýaponiýa saýlama Kwantun goşunyny Mançžuriýada saklap, uruş döwri SSSR-i 40 çemesi diwiziýasyny Uzak Gündogarda saklamaga mejbur edipdi. Ýaponiýa SSSR-iň urşa goşulmagyndan howatyrlanyp, 1944-nji ýyldan başlap Mançžuriýada, Demirgazyk Koreýada, Günorta Sahalinde harby goranyş desgalaryň ulgamyny döretmäge girişdi. Ýapon harbylary SSSR urşa goşulsa berkidilen goranyş desgalarynyň üstünden uly ýitgiler çekip, kynlyk bilen geçer diýip çaklaýardylar. Gyzyl Goşun geçmesi kyn Uly Hingan daglarynyň ýa-da köp suwly Amur we Ussuri derýalarynyň üstünden geçer diýip ýaponlar asla-da pikir etmeýärdiler. Sowet harby serkerdeleri hut duşmanyň çaklamaýan ýerinden geçmegi dogry tapdylar.

1945-nji ýylyň 8-nji awgustynda SSSR Ýaponiýa garşy uruş yglan etdi. SSSR-iň Gyzyl Goşuny 9-njy awgustda Ýaponiýanyň Mançžuriýada ýerleşen 1 mln. adamly Kwantun goşunyna garşy hüjüme geçdi. Germaniýa garşy uruşda taplanan, kämil ýaraglar bilen ýaraglanan sowet esgerleri, tejribeli harby serkerdeleriň ýolbaşçylygy astynda, dagdan, derýadan, ýapon harby-goranyş desgalaryndan üstünlikli geçip, okgunly çozuşa başladylar. Agyr ýaragly goşuna uly Hingan daglaryndan geçmek aşa hupbatly boldy. Gyzyl Goşuna garşy ýaponlar guramaçylykly garşylyk görkezip bilmediler. Sowet goşunlarynyň gaty tiz hereket etmegi ýaponlara bakteriologiki ýaragy ulanmaga mümkinçilik bermedi. Ýaponlaryň kamikadzeleri-de olary ýeňlişden halas etmedi. Ýaponlaryň Hytaýyň jümmüşine yza çekilip, urşy uzaga çekdirmek baradaky niýetleri-de Sowet goşunlarynyň gaty tiz hereket etmegi bilen puja çykaryldy. Ýaponiýa öň beýle okgunly, tiz hereket edýän garşydaş bilen uruşmandy.

1945-nji ýylyň 14-nji awgustynda Ýaponiýa uruşda ýeňlendigini ABŞ-nyň, SSSR-iň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň hökümetlerine ýetirdi. ABŞ-da we Beýik Britaniýada iki günläp ýeňiş toýuny toýladylar. Emma Kwantun goşun bölüminiň tä 19-njy awgusta çenli garşylygyny doly bes etmändigi üçin sowet goşunlary hüjümini dowam etdiler. Iş ýüzünde Ýaponiýa SSSR urşa goşulandan soňra bir hepdäniň dowamynda boýun egdirildi. Emma sowet goşunlary Koreýanyň demirgazygyny, Günorta Sahalini, Kurill adalaryny doly eýeleýänçeler harby hereketleri dowam etdirdiler. 19-njy awgustdan soňra ýaponlar uly garşylyk görkezmediler. Ýaponiýanyň boýun egdirilmegine Hytaý, Mongoliýa, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary, Koreýa, Täze Zelandiýa, Awstraliýa uly goşant goşdular. 1945-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Tokio aýlagynda “Missuri” atly amerikan harby gämisinde Ýaponiýanyň gürrüňsiz boýun egýändigi hakynda akta gol çekildi. Uzaga çeken ikinji jahan urşy tamamlandy.


Urşuň jemleri we sapaklary düzet

Ikinji jahan urşy 1939-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 1945-nji ýylyň 2-nji sentýabryna çenli - 6 ýyllap dowam etdi. Uruş döwri 110 mln. adam goşun gullugyna çagyryldy. Uruş şol wagtky 61 döwleti, Ýer togalagynyň 80% ilatyny öz içine aldy. Uruş hereketleri Ýewropada, Aziýada, Afrikada, dünýäniň ähli ummanlarynda alnyp baryldy.

Ikinji jahan urşunda soňky maglumatlara görä 62 mln. çemesi adam wepat boldy. Emma uruşda ýogalanlar hakynda anyk, doly maglumat entek hem ýok. 90 mln. adam maýyp ýa-da ýaraly boldy. Uruşda iň köp adam ýitiren SSSR boldy. SSSR-iň ýitiren 27 mln. adamlarynyň 18,3 milliony parahat ilatdy. SSSR-iň ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýänleriň 8,7 milliony wepat boldy. Uruşdan gaýdyp gelmedikleriň ýüz müňlerçesi türkmenistanlylardy. Olaryň ählisine Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň permany bilen 2000-nji ýylyň 4-nji maýynda “Türkmenistanyň Milli gahrymanlary” diýen hormatly at dakyldy. Gahrymanlaryň arasynda Nyýazowyň kakasy, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow hem bardyr.

Uruşda Polşa bilen Hytaýyň hersi 5 mln., Indoneziýa 2 mln., Ýugoslawiýa 1,7 mln., Filippinler 1 mln., Fransiýa 600 müň, Beýik Britaniýa 375 müň, ABŞ 300 müň adam ýitirdi. Bulardan başga-da açlykdan, horlukdan ýogalan entek urşuň pidasy hökmünde umumy hasaba goşulmadyklar-da köp. Mysal üçin, uruş döwri Hindistanda 3,5 mln., Wýetnamda 2 mln. adam açlykdan ýogaldy.

Uruşda ýeňlen döwletleriň arasynda iň köp ýitgi çekeni Germaniýa boldy. Ol 13,5 mln. adam ýitirdi. Germaniýa özüniň adam ýitgileriniň 80%-ini (10 mln.adam), harby tehnikasynyň 75%-ini SSSR-e garşy uruşda ýitirdi. Germaniýanyň Ýewropadaky ýaranlary 1.7 mln. adam ýitirdiler. Ýaponiýadan 2,5 mln.adam wepat boldy.

Uruş ýyllary millionlarça adamlar Germaniýa işletmek üçin alnyp gidilip, dogduk mekanyndan jyda düşürildiler. Ýewropada ägirt köp ilat uruşdan gaçyp, başga ýurtlara siňdiler. Uruş gutarandan soňra olar köpçülikleýin öz watanlaryna dolandylar. Birnäçesiniň yzyna dolanmaga mümkinçiligi bolman, ýat illerde ömürlik galyp, watanyndan jyda düşdüler. Uruş diri galanlaryň birnäçesini dogan-garyndaşlardan, maşgalasyndan, emläginden mahrum etdi.

Uruş döwri adamlary köpçülikleýin gyrýan ýaraglar köpeldi. Urşuň ahyrynda uzak aralyga atýan raketalar, hatda iň bir elhenç ýarag - atom bombasy ulanyldy. Şol ýaraglar bilen ýüzlerçe şäherler, müňlerçe obalar, ençeme senagat kärhanalary, gadymyýetden galan taryhy ýadygärlikler ýer bilen-ýegsan edildi. Diňe bir SSSR-de 1710 şäher, 70 müňden gowrak oba, 31850 senagat kärhanasy, 65 müň km. demirýol, 16 müň parowoz, 428 müň demir ýol wagony, umuman Sowet Soýuzynyň milli baýlygynyň 30%-i ýok edildi.

Ikinji Jahan Urşunda faşizmi derbi-dagyn etmekde SSSR-iň goşan goşandy ummasyzdyr. Sowet halkynyň german faşizminden üstün çykmagynda talantly harby serkerdeler G.K.Žukowyň, K.K.Rokossowskiniň, A.M.Wasilewskiniň, I.S.Konewiň, N.F.Watutiniň we beýlekileriň mynasyp paýy bardyr.

Uruş halkara möçberinde güýçleriň mynasybetini düýpli özgertdi. Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň öňki täsiri syndyryldy. Beýik Britaniýa we Fransiýa döwletleri-de uruş sebäpli gowşadylar. Uruş netijesinde ABŞ we SSSR dünýä agalygyna dalaş edýän dawagärlere öwrüldiler.

Uruşda SSSR birnäçe ýerleri eýeläpdi. Ol Finlýandiýanyň Peçanga (Petsamo) welaýatyny, Çehoslowakiýanyň Zakarpat Ukrainasyny, Germaniýanyň Gündogar Prussiýasyny alypdy. Ol Ýaponiýa garşy gysga wagtlyk urşa goşulyp, Kurill adalaryny, Günorta Sahalini aldy. SSSR Demirgazyk Hytaýda, Koreýanyň demirgazygynda öz täsirini dikeltdi. Bulardan başga-da SSSR Ýewropada we Aziýada birnäçe döwletlerde kommunistleriň häkimiýete gelmegine ýardam berdi.

II Jahan Urşy barada Saparmyrat Nyýazow Ruhnamada kitabynda şeýle belleýär. ”Uruş, gör nähili aýylganç! XX asyr adamzadyň ykbalynda awuly, uly ýitgili, köp pidaly, gandöküşikli wagşy asyr boldy. Iki dünýä uruşlary, onlarça sebitara, döwletara agyr uruşlar boldy, olara zorluk bilen, isleg bilen biziň watandaşlarymyz — türkmenlerem gatnaşdy. Diňe ikinji jahan urşunda, nemes basybalyjylaryna garşy söweşlerde 740 müň türkmen wepat boldy, onlarça müň adamlar maýyp boldular. Ol watandaşlarymyzyň ýitgisini mal bilen, pul bilen ölçäp bolmaz, biz uruşda şehit bolanlaryň hemmesine türkmen döwletiniň gahrymanlary diýip at berdik. Goý, olaryň jaýlary jennet bolsun, ýatan ýerleri ýagty bolsun!”(41-42)

Maglumat çeşmeleri bellenmedik.