Bägül güllüler maşgalasy
Bägül güllüler maşgalasynyň umumy alamatlary
düzetBägül güllüler maşgalasyna degişli ösümlikleriň gülleriniň bäş sany okara ýapraklary, bäş sany aýry-aýry ýerleşen gül ýapraklary, köp sanly tyçinkalary we bir ýada birnäçe miwelikleri bardyr. Erigiň, garalynyň, alçanyň, şetdalynyň güllerinde miwelik bir sanydyr, emma almanyň, armydyň, bägülüň güllerin de bolsa miwelik köp bolýar. Köplenç, bägül güllüler maşgalasyna degişli ösümlikleriň miweleri tagamly hemde şirelidir. Birnäçeleriniň miweleriniň emele gel megine gül ýatagy hem gatnaşýar (almada, armytda, beýide, bägülde we beýlekilerde). Bular ýaly miwelere ýalan miweler diýilýär. Ençeme ösümliklerde şänikli miwe (erikde, alçada, garalyda, şetdalyda we beýleki lerde) bolýar. Bägül güllüler maşgalasyna degişli ösümlikleriň käbiri bilen tanşalyň.