Taryhy

düzet

Bäherden etraby 1957 ýylda döredilip, 1963 ýylda ýatyryldy we 1965 ýylda täzeden döredildi.

Geografiki maglumatlary

düzet

Meýdany 17,4 müň kw.km ilaty 86,5 müň adam. Etrap 3 fiziki-geografiki bölekden: Köpetdagdan, dag etegi düzlüklerden we Garagum çöllükden ybarat. Baharly etraby Ahal welaýatynyň gündogarynda ýerleşýär. Onun çägine Köpetdagyň, dag etegi düzlüginin we Garagum çö- lüniň bir bölegi girýär. Etrabyň çäginden Garagum der ýasy, Aşgabat-Türkmenbaşy demir we awtomobil yollary geçyär. Baharly etrabynyň düzümine 1 şäher, 15 geñeşlik we 31 oba girýär.

Suw baýlyklary

düzet

Garagum derýasy, Arwaz çaýy, Arçman çeşmesi we köp sanly skwažinalar. Hereket etmeýän kärizleriň birnäçesi saklanyp galypdyr. Etrapda kesel bejeriş Arçman, ýylysuw, minerak suw çeşmelerem bar. Etrap Garagum derýasynyň we Köpetdagdan gaýdýan ownuk suw çeşmeleriniň suwlary bilen üpjün edilýär.

Oba hojalygy

düzet

Hojalygynyň esasy ýöriteleşen ugulary pagtaçylyk, däneçilik, maldarçylyk, gok we bakja ekerançylygy "Bäherden" garaköl goýundarçylyk, "Saýwan" maldarçylyk hojalyklary yurdumyzda bellidir. "Akdepe obasynda" Bäherden nah mata dokma kombinaty guruldy. Hojalygynyň esasy ýöriteleşdirilen ugurlary pagtaçylyk, däneçilik, gök-bakja ekerançylygy, dowardarçylyk hasaplanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda etrabyň senagat taýdan ähmiýeti artýar. Bu ýerde magdan däl gurluşyk material lary kärhanalary ýerleşyär. Keletede sement zawody, Akde pe obasynda egirme-dokma fabrigi işleyär. Etrabyn Sünçe obasynyň golaýynda uly guşçulyk toplumy bolup, onda her ýylda 3000 tonna towuk eti we köp möçberde ýumurtga öndürilýär. Bäherden şäherinde haly fabrigi, çeper-senetçilik önümleri fabrigi, pagta arassalaýan zawod, konserwa zawody, durmus-medeni edaralar ýerleşýär.

Syýahatçylyk ýerleri

düzet

Etrabyň çäginde kesel bejeriş ähmiýetli Arçman, Ýylysuw mineral suw çeşmeleri we kesel bejeriş ulgamlary bar. Olaryň esasynda häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän şypahanalar hereket edýär. Baharly şäherinden 20 km gündogarda täsin Köwata ýerasty kükürt-wodorod suwly köli ýerleşýär. Onun syýahatçylyk merkezi hökmünde ähmiýeti ýurdumyzyň çäginden daşarda hem bellidir. Bäherdeniň 30 kilometr günbatarynda Arçman şypahanasy, 5 km günorta-gündogarynda mineral suwly Durun sagaldyş merkezi hereket edýär.

Baharly etrabynyň administratiw bölünişi

düzet
Şäherler Geňeşlikler Oba ilatly ýerleri
1 15 31

Geneslikler

  1. Börme
  2. Bamy
  3. Arçman
  4. Mürçe
  5. Sünçe
  6. Durun
  7. Garagan
  8. Ak depe
  9. Ýarajy
  10. Döwgala
  11. Kelete
  12. Nohur
  13. Saywan
  14. Deşt