Эмпуза рогокрылая - Empusa pennicornis Hudaýatylar otrýady Empuzalar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi III (VU). Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Merkezi Aziýanyň endemigi. Gysgaça beýany. Arka öňi süýnmek, onuň insiz bölegi öň böleginden üç essä golaý uzyn. Kellesiniň ujy çüri, güýçli ösüntgili. Erkekleriniň murtlary per şekilli. Bedeniniň reňki ýaşyl. Göwresiniň uzynlygy 55–60 mm. Ýaýraýşy. Köpetdagyň etekleri, Günbatar Türkmenistanyň çägeleriniň çet gyralary we toýun çöller. Türkmenistandan daşarda — Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan. Ýaşaýan ýerleri. Toýun düzlüklerdäki we dag eteklerindäki ýowşan we dürli otly ösümlik toparlary. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. 2008‑nji ýylyň iýulynda Merkezi Köpetdagyň eteklerinde (Giňdiwar, Gökdere jülgeleri) ýowşanda hudaýatynyň iki-ýekesi tapyldy. Esasy çaklendiriji sebäpler. Ýaýran ýerleriniň özleşdirilmegi, mal bakylmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Jyns taýdan ýetişen ýagdaýynda ýa-da uly ýaşly liçinka ösüş döwründe gyşlaýar. Iýunda ýumurtga taşlaýar. Ösüşiniň düwünçek döwri 5–7 gün dowam edýär. Liçinkalary iri, esasan iki ganatly mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Köplenç gijelerine işjeň hereketde bolýar. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Köpetdag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Ýaşaýan mesgenlerinde goralyşyny güýçlendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Köpetdagyň eteklerinde populýasiýasynyň ýaýraýşyny we sanyny öwrenmeli. Düzüji: E. O. Kokanowa