Open main menu

BABAEW Akköşek (1905) — Sossialistik Zähmetiň Gahrymany. Ol Bäherden raýonynyň Bäherden posýologynda dogulýar. 1931—44 ý-larda öňki Ýerbent raýonynyň «Görelde» kolhozynyň baş çopany, 1944 ý-dan bäri Aşgabat raýonynyň «Ýrbent» sowhozynyň baş çopany bolup işleýär. Goýunlaryň sanyny artdyrmak we döwlete bagana, et, ýüň tabşyrmak planlaryny artygy bilen ýerine ýetirmekde görkezen ýokary netijeleri üçin, 1949 ýylynda oňa Sossialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakylýar.