Open main menu

BABAÝEW Mäti (1925—58) — Sosialistik Zähmetiň Gahrymany. 1946-njy ýyldan SSKP çleni. Daşoguz welaýatynyň Ýylanly raýonynyň Täzeçitir obasynda dogulýar. 1940—1945 ýyllarda şol raýonyň «Kommunizm» kolhozynda zwenowod, 1946—51 ýyllarda brigadir bolup işleýär, 1951—54 ýyllarda Baýramaly-da kolhoz başlyklaryny taýýarlaýan oba hojalyk mekdebinde okaýar. 1954—58 ýyllarda TKP-niň Ýylanly raýkomynyň instruktory bolup işleýär. Oba hojalygynda gowy netijeler gazananlygy üçin, 1950 ýylynda oňa Sossialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakylýar. Ol «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordeni bilen sylaglanýar.