Babadaýhan
BABADAÝHAN — türkmenleriň we beýleki Orta Aziýa halklarynyň arasynda eker-yň piri hökmünde belli bolan mifiki obraz. B. ýeri bejerip, sürüp, ekin ekip, orak orup, hasyl ýygnap ýören sada, jepakeş daýhan hökmünde türkmen daýhanlarynyň aňynda ornaşyp galypdyr. Ol ekererançylyk işleriniň ussady, daýhanlaryň halypasy hasap edilip, daýhanlaryň hormatyna mynasyp bolupdyr. Halk arasynda döredilen köp sanly rowaýatlara görä, Babadaýhan ilkinji gezek ýere tohum atyp, ekin eken we özünden soňky adamlara (daýhanlara) eri bejerip, ekin ekmegiň tärlernni öwreden daýhan sypatynda şekillendirilýär. Tejen raýonyndaky obalara I we II B. atlarynyň dakylmagy hem Babadaýhan obrazynyň türkmen daýhanlarynyň arasynda giň ýaýrandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde oba hojalygynyň zähmet pälwanlaryna hem Babadaýhan diýilýänini ýygy-ýygydan eşitmek bolýar.Babadayhan etraby 1935-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy we Sergeý Kirowyň hatyrasyna Kirow ady bilen tanaldy . Häzirki adyny 1992-nji ýylyň 26-njy iýunynda aldy.Etrabyň merkezi Babadayhan .[as 1]
Sitirleme säwligi: "as" atly topar üçin <ref>
tegleri bar, emma degişli code><references group="as"/> tegi tapylmady