Open main menu

BABAGELDIÝEW Ýagmyr (1919)—Sossialistik Zähmetiň Gahrymany. Ol Tagtabazar raýonynyň Söýnaly obasynda dogulýar. 1937—40 ýyllarda Tagtabazar raýonynyň Marçak obasynyň «Komsomol» kolhozynda kolhozçy. 1940—46 ýyllarda harby gullukda bolup, Watançylyk urşuna gatnaşýar. 1946—47 ýyllarda «Gyzyl Goşun» kolhozynda kolhozçy». 1947—51 ýyllarda bolsa şol kolhozda brigadir, 1951 ýyldan başlap hem Kirow adyndaky kolhozda brigadir bolupdyr. Ýokary pagta hasylyny almakda gazanan üstünlikleri üçin, 1966 ýylynda oňa Sossialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakylýar. Babageldiýew birnäçe medal bilen sylaglanypdyr.