Babeziýa
BABEZIÝA (Babesia) ýa-da piroplazma (Piroplasma) — sarkodowlar klasynyň piroplazmidler hataryna degişli iň ýönekeý jandarlar urugy. Babeziýa diýen at gara mallaryň ganynda bu urugyň parazitleriniň bardygyny ilkinji gezek açan (1888) rumyn alymy W. Babeşiň hatyrasyna dakylýar (1893). Babeziýalar gara malyň, gylýalyň, goýnuň, doňzuň, itiň ganynda parazit bolup ýaşaýar we olar agyr keselleri—babeziozlary döredýärler. Babeziýa süýdemdiriji haýwanlaryň ganyndaky eritrossitlerde her biri 2—4 jynsa bölünmek arkaly jynssyz köpelýärler. Babeziýa sakyrtgalaryň organnzminde (içegesinde ýa-da öýjük içinde) jynssyz köpelmek bilen, mallara şolar arkaly ýokuşýar.