Babeziozlar
Babeziozlar (babeziellýozlar) — mallaryň gan parazitar ýokanç keselleri. Bu keselleri iň ýönekeý jandarlar bolan babeziýalar döredýär. Weterinar taýdan has üns berilmelisi gara mallaryň Babeziozlarydyr. Olar öri meýdan sakyrtgalary arkaly geçýän kesellerdir. SSSR-de, esasan, Ewropa böleginiň demirgazygynda, günbatarynda, günortasynda we Orta Aziýada ýaýrandyr. Babeziozlary dörednjiler mallara öri meýdan sakyrtgalarynyň dişlemegi arkaly geçýär. Kesellän mallaryň bedeniniň temperaturasy birden ýokary galýar, wagtal-wagtal içi geçýär we gataýar. Sygyrlar dessine horlanyp, süýdüni 80%-e çenli azaldýar. Süýdi ajymtyk tagamly we sargylt (kähalatlarda gyzgylt) reňkde bolýar. Babeziozlar bilen kesellän goýunlar iç taşlaýar. Kesel 4—8 güne çekýär. Babeziozlar bilen kesellän sygyrlaryň 40%-i, dowarlaryň 80%-e çenlisi ölýär. Babeziozlar bilen öň kesellän mallara bu kesel 2—3 ýyllap degmeýär. Kesellän mallar gemosporidin, akaprin ýaly dermanlar bilen bejerilse, basym sagalýarlar.