Babitleriň gozgalaňlary
BABITLERIŇ GOZGALAŇLARY — 1848—52 ýyllar-da Eýranda bolan antifeodal we daşary ýurt kapitalyna garşy gönükdirilen halk gozgalaňlary. Babitleriň gozgalaňlarynyň hereketlendiriji güýçleri daýhanlar, hünärmentler, şäher garyplary we ownuk söwdagärlerdir. Gozgalaň babitleriň dini-syýasy taglymaty astynda bolup, oňa ruhanylaryň we söwdagärleriň aşaky gatlagynyň wekilleri ýolbaşçylyk edýär. Eýranyň jemgyýetçilik-ykdysady we syýasy taýdan yzagalaklygy Babitleriň gozgalaňynyň orta asyr halk hereketine mahsus bolan dini formada bolup geçmegine sebäp bolýar. Birinji gozgalaň 1848 ýylynyň sentýabrynda Mazanderan welaýatynda bolýar. Gozgalaňa, esasan, daýhanlar we hünärmentler gatnaşýarlar. Gozgalaňçylar hususy eýeçiligi ýatyrmaga, emläk umumylygyny we adamlaryň deňligini gazanmaga synanyşýarlar. Olar gozgalaň basyp ýatyrylýança, 1849 ýylynyň maýyna çenli, şa goşunlaryny yzyna serpikdirýärler. Ikinji gozgalaň 1850 ýylnyň iýun—dekabrynda Zenjan şäherinde bolýar. Munda hem birinji gozgalaňdaky ýaly şygarlar öňe sürülýär. Oňa aýallar hem aktiw gatnaşýar. 1850 ýylynyň ahyrynda gozgalaň basylyp ýatyrylýar. Üçünji gozgalaň 1850 ýylynyň iýunynda Neýrizde, Farsda bolup, birnäçe günden soň basylyp ýatyrylýar. Emma Neýriziň töweregindäki daglyk raýonlarda babitleriň ýaragly göreşi dowam edýär. Babitleriň gozgalaňlary ýatyrylandan soň, bu hereket köpçülikleýin häsietini ýitirýär we terrorçylyga öwrülýär.