Babyr Zahyretdin Muhammet

Babyr Zahyretdin Muhammet
23 Fewral 148326 Dekabr 1530.

Doglan ýeri Andijan
Aradan çykan ýeri Agra
Jaýlanan ýeri Bagh-e Babur
Mogol hany
Döwri 30 Aprel 152626 Dekabr 1530.
Özünden öň
Özünden soň Humaýun
Asly
Dinastiýa Beýik Mogollar
Kakasy Omar Şyh mürze
Ejesi Gutluk Nigär hanym
Maşgalasy
Ýanýoldaşy
Çagasy Humaýun

Babyr ýa-da Zahyrütdin Muhammet BABYR (14 Fewral1483, Fergana— 26 Dekabr 1530) — özbek ýazyjysy, döwlet işgäri, serkerde. Hindistanda Beýik Babyr Imperatorlygynyň esaslandyryjysy (1526). Babyryň «Babyrnama» atly bütin dünýä meşhur kitaby bar, onda şahyryň awtobiografiýasy beýan edilýär. Bu kitap üç bölümden (Fergana, Kabul, Hindistan) ybarat bolup, onda 1493—1529 ýyllardaky dürli wakalar beýan edilýär. Ol kitapda awtobiografik maglumatlardan başga, ýöriş ýazgylary hem bar. Onda Orta Aziýanyň, Owganystanyň, Hindistanyň tebigaty, şäherleri we oba durmuşy beýan edilýär, ýaşuly döwürdeşleri (Nowaýy, Binoýy we b.) barada maglumatlar berilýär. «Babyrnama» özbek edebiýatynda awtobiografik Žanryň ilkinji nusgasydyr. Bu kitap fars, iňlis, nemes, fransuz we rus dillerine terjime edildi. Babyryň rubagylaryny, gazallaryny we liriki hatlaryny öz içine alýan kiçiräk «Diwany» hem bar. Babyryň goşgulary we groza eserleri gadymy özbek edebi diliniň ösmeginde uly rol oýnapdyr.