Bagban
BAGBAN — bagy bejerýän, idedýän we oňa seredýän adam. Bagbançylyk gadymdan gelýän kär bolup, Bagban miweli (alma, erik, şetdaly we b.) hem-de saýaly agaçlaryň topragyna, suwuna seredýär. Bagban agaçlaryň keseline, olara zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreş çärelerini alyp barýar. Ol ylmyň gazananlaryny praktikada ulanyp, miweli baglaryň hasylyny artdyrmak, sortuny gowulandyrmak işi bilen meşgullanýar.