Open main menu

Bagramýan Iwan Hristoforowiç

Iwan Hristoforowiç Bagramýan [20. HI(2, HII),1897] —- Sowet harby işgäri, Sowet Soýuzynyň Marşaly (1955), Sowet Soýuzynyň Gahrymany (1944) 1941 ýýldan SSKP agzasy. 1952-nji ýyldan bäri SSKP MK-nyň agzalygyna dalaşgär, 1961 ýýldan SSKP MK agzasy, SSSR Ýokary Sowetiniň deputaty (2—8 çagyrylyşlar), raýatlyk urşunyň weterany.

Gahryman
Iwan Bagramýan
Şahsy maglumatlar
Doglan wagty2 Dekabr 1897(1897-12-02)
Çanlibel, elizawetpol Guberiýasy, Rus imperiýasy
Ölüm21 Sentýabr 1982(1982-09-21) (84 ýaşyndady)
Moskwa, Russiýa SSR-y, sowet saýuzy
BaýraklarySöwet Soýuzynyň gahrymany - iki gezek
Harby hyzmatlary
DostlykFlag of Russia.svg Rus imperiýasy

Flag of Armenia.svg Ermenistan

Flag of the Soviet Union.svg Sowet soýuzy
Hyzmat eden ýyllary1915–1968
DerejeSowet Soýuzynyň gahrymany
Uruşlar/ÇaknyşyklarBirinji jahan urşy

Maý gozlalaňy
Türk-Ermeni urşy
Russiýa halk gozgalaňy

İkinji Jahan Urşy

ÖmriEdit

B. Elizawetpol (häzirki Kirowabat) stansiýasynda demirýol işçisi maşgalasynda dogulýar. Ol 1920 ýýldan başlap Gyzyl Goşunda gulluk edýär. 1934-nji ýylda Frunze adyndaky Harby akademiýany, 1938-nji ýýlda Genştabyň akademiýasyny tamamlaýar. Beýik Watançylyk urşy döwründe (1941-1945-nji ýyllar) ol dürli frontlarda ştab naçalnigiiň orunbasary we naçalnigi bolup işleýär. Ol goşunyň birinji Pribaltika we üçünji Belorus frontlarynyň goşunlarynyň komanduýuşisi bolýar. Uruşdan soňky döwürde B. Pribaltika harby okrugynyň komanduýuşisi, soňra SSSR Goranmak ministrliginde ýolbaşçy wezipesinde işleýär. 1956-njy ýylyň iýunyndan Genştabyň Harby akademiýasynyň naçalnigi, 1958 ýýldan SSSR Goranmak ministrinnň orunbasary we SSSR Ýaragly Güýçleriniň tyl boýunça naçalnigi bolup işleýär. 1968 ýýlyň aprelinden gen. inspektorlar toparynyň gen. inspektory. Ol SSSR-iň ordenleri we medallary bilen birnäçe gezek sylaglandy.