Bagtyýarlyk etraby
Bagtyýarlyk etraby (öňki ady Ruhabat etraby) Aşgabat şäheriniň günbatar we de mirgazyk-günbatar tarapyndaky territoriýalary tutýar. Ol ykdysady-durmuş taýdan çalt ösýän etrapdyr. Etrabyň oba hojalygy pagtaçylyk, däneçilik, gök ekerançylyk, miweçilik pudaklary boýunça yöriteleşdirilendir. Soňky ýyllarda Bagtyýarlyk etraby Aşgabadyň senagat hemrasyna öwrülýär. Onuň çäginde birnäçe häzirki zaman senagat kärhanalary guruldy. Türkmenbaşy jinsi toplumy, dokma toplumy, me- tallurgiýa, turba we mermer zawodlary, panbarhat ýüpek matalaryny, garyşyk ýüplükleri öndürýän fabrikler, ýag za- wody ýerleşýär. 2012-nji ýylda etrapda uly un üweýän toplum işe girizildi. Etrapda 4 şäherçe, 11 geňeşlik, 76 oba bar.