Baknalyk ỳyllarynda Türkmenistanyň arheologiỳasy

Baknalyk ỳyllarynda Türkmenistanyň arheologiỳasy.

Meỳilnama:

1.Baknalyk ỳyllarynyň binagärçiliginiň aỳratynlyklary.

2.Onỳmçilik desga gurluşynyň aỳratynlyklary.

3.1948-nji ỳylyň Asgabat ỳer titremesinden soňky gurlyşyk.

Edebiỳatlar.

1.. Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama A. 2001.

2. Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. 11 kit. A. 2004.

3.Esenow A. Türkmenistanyň Binagärçiliginiň taryhy. A.,2001

Meniñ Ruhnamany ýazmakdan ötri ýalñyz maksadym, taryhyñ başynda ykbaly göterilip, dünýä ýañ salyp, soñky ýedi-sekiz asyrda bolsa kiçelip galan halkymyzyñ san taýdan az hem bolsa kiçi halk däldigini, ýurdy hem bolmasa, uly halkdygyny, beýikleriñ arasynda orny bolmasa-da, ummasyz beýik halkdygyny, onuñ añynda, ruhunda, tutuş süññunde ata-baba beýikliginiñ ýatandygyny subut etjek bolýaryñ» (Mukaddes Ruhnama, 60 sah). Türkmenistan Russiýa XIX asyryñ ikinji ýarymynda (1868-1885-nji ýyllarda) birikdirildi. Türkmenistany Russiýanyñ basyp almagynyñ sebäpleriniñ biri - onuñ çig-mal baýlygydyr. Ruslar çig-malyñ bu ýerde öndürilişini artdyrmak zerur hasapladylar. Şonuñ üçin Russiýadan gelen alymlar bu ýerleri çuñ öwrenip başladylar.

Esasy ünsi pagtaçylygy ösdürmäge gönükdirdiler. Derýalaryñ boýlarynda suwarymly ýerler köpelipdi. Rus alymlary I.W.Muşketow, W.A.Obruçew ýaly alymlar Garagumyñ jümmüşini öwrendiler. Kanal çekmegi göz öñünde tutdylar. Emma ol gymmat düşjek boldy. Ol kanal XX asyryñ ikinji ýarymynda geçirildi.

1881-nji ýylda döredilen Zakaspiý oblasty bäş uýezde - Aşgabat, Tejen, Mary, Krasnowodsk, Mangyşlak uýezdlere bölündi. Zakaspiýde Demir ýol Amyderýa boýunça çekildi, derýanyñ üstünde bolsa 1885-1886-nji ýyllarda köpri guryldy. Şol ýyllarda Türkmenbaşy (1869 ý.), Aşgabat (1881 ý.), Mary (1884 ý.), Türkmenbabat (1886 ý.) we beýleki şäherler esaslandyryldy.

Şäherlerde ilatyñ çalt ösmegi binagärçileriñ önünde täze wezipeleri goýdy. Edar ediş jaýlarynyñ, harby bölüm üçin desgalaryñ gurluşygy alnyp barylýardy. Şäherdäki gurluşyklar rus binagärçiliginiñ, raýat inzener-gurluşykçylarynyñ gatnaşmagynda amala aşyrylýardy. Hemme gurluşyklar ýerli serişdelerden: bişen kirpiçden, alibastrdan we toýundan gurulýardy. XIX asyryñ ahyrynda gurluşyk üçin agaç tahtasyny, metaly we uly ölçegli aýnalary Russiýadan getirilýardiler, galan serişdeler ýerli serişdelerdi. XIX asyryñ ahyrynda - XX asyryñ başynda bina edilen jaýlaryñ binagärçiliginde Merkezi Aziýa binagärçiligi häsiýetli bolan hujreleriñ we depesi çowly şekilde binalar guruldy.

1924-nji ýylda Türkmenistan SSSR-iñ düzümindedi. Türkmenistanda ykdysadyýetiñ, maddy we ruhy medeniýetiñ özgerdilip gurluş hadysasy başlandy. Türkmen halkynyñ sungaty, binagärçiligi täze keşbe girdi. 1930-nji ýyldan başlap täze durkly ýaşaýýş jaýlary, mekdepler, ýokary okuw jaýlary, medeni binalar, senagat desgalary, demir ýol we uçar meñzileri guruldy. Jaýlar köp gatly, beton gurluşyk serişdelerinden guruldy. Binagärçilikde türkmen milli alamatlary, howa şertleri göz öñünde tutulmady. Türkmenistanyñ uly şäherleriniñ taslamalary Orsyýetiñ Sankt-Peterburg şäheriniñ gurluşyk taslamalar institutynda düzüldi.

Soñky ýyllarda, has-da Aşgabat ýer titremesinden soñky ýyllarda Türkmenistanyñ çäginde binagärçilik işleri işjeñ alnyp baryldy. 1948-nji ýylda bolan heläkçilikli ýer titremesi Aşgabadyñ önky salnan jaýlarynyñ ýok bolmagyna getirildi. Bu weýrançylygyñ beýany Mukaddes Ruhnamada has aýdyñ beýan edilýär: «1948-nji ýylyñ 6-nji oktýabry gijede Aşgabatda ýer titräp, owadan şäherimiz bir gijede weýran boldy. Paýtagtymyzda ýaşaýan 198 müñ adamdan 176 müñ adam bir gijede şehid boldular» (Mukaddes Ruhnama, 42 sah.).

50-nji ýyllarynda Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabat şäheri täze görnüşde dikeldildi, onuñ keşbi Ýewropa binagärçilik häsiýetinde boldy. Suwarymly ekerançylygy guramagyñ zerurlygy Murgap derýasynyñ boýunda suwaryş desgalaryny gurmaga üns bermäge Rus hökümetini mejbur etdi. XX asyryñ başynda suwaryş üçin Ýolöten, Soltanbent we Hindiguş bentleri desgalandyryldy. Soltanbentde we Hindiguşda suw elektrik desgalary guruldy.

1950-nji ýyllarda Türkmenistanyñ binägärçiliginde iki sany esasy çeperçilik ugur-birinjisi Ýewropa keşpli, ikinjisi taryhy, köplenç Merkezi Aziýa binagärçiliginiñ görnüşlerini we tärlerini peýdalanmak ugry boldy. Her hili maksatlara niýetlenen jaýlaryñ hemmesinde depesi çowly hüjreli, agaç eýwanlarynyñ Ýewropa keşpli sutünleri ýa-da rus binagärçiliginden alnan köp sütünlilik giñden ulanylýardy (mysal, Aşgabatdaky rus drama teatry 1951-1952 ý.ý.).

50-nji ýyllaryñ II ýaryynda beýle Ýewropalaşan binagärçiligiñ gymmat düşmegi bilen onuñ taslamasynyñ we gurmagyñ artykmaç harajatlaryny ýok etmek maksady bilen bir keşpli ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga üns berildi. Şäher köçeleri geçirilip, olara türkmene tanyş bolmadyk rus atlary ýa-da daşary ýurt şaslaryñ atlary dakyldy. Senagatda sada binagärçilik alnyp baryldy.

Taryhy ýadygärlik binalary dikeldildi. Olar taryhy şahslaryñ, taryhy seneleriñ hatyrasyna bagyşlanan binalardyr. Olardan mysal üçin, Aşgabatda we beýleki welaýat merkezlerinde Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watan üçin söweşlerde gurban bolan Türkmenistanyñ urşujylaryna gurlan ýadygärçilikler, olary döredenler heýkeltaraç A.Kazarinow, R.Ahmedow, A. Abramow J.Jumadurdy we beýlekiler.

1970-nji ýylda Aşgabatda Beýik Watançylyk urşunda faşistik Germaniýadan üstün çykylmagynyñ 25-ýyllygy mynasybetli binagärçikler F.Bagirowyñ, A.Gurbanlyýewiñ we heýkeltaraç J.Jumadurdynyñ oýlap tapmaklary bilen döredilen beýikligi 24 metr bolan dört sany göni, ýokary gitdigiçe inçelýän, ýüzi tekiz, gyzyl daşdan edilen minara görnüşli bina merkezinde sönmez ody bolan inedördül ginişligi gabsaýar.

1971-nji ýylda Aşgabatda türkmen edebiýatynyñ nusgawy şahyr Magtymgulynyñ üýşürilen daşlaryñ üstünde oturan gabarasy dikeldildi.

Magtymguly eýýamynda medeni we sungat ýadygärlikleri hem bina edildi. Segilgähler, teatrlar, kitaphanalar we beýleki sungat jaýlary bina edildi.