Balkan Daglary, Günbatar Türkmenistanda ýagny Balkan welaýatynda iki dagyň (Uly Balkan we Kiçi Balkan) umumy ady.

Taryhy

düzet

Seljuk türkmenleriniň günbatara ýörişi döwründe Kiçi Aziýanyň daglyk ülkelerine (bolgarça Stara Planina, grekçe Hemus diýen dagyň etegine) göçüp baran türkmenler şol daglaryň özleri üçin düşnüksiz atlaryny öňki öwrenişen milli atlary (Balkan) bilen çalşyrypdyrlar (W. W. Bartold). Şeýlelikde, dünýäde Balkan diýen iki sany dag ady emele gelýär. Soňky dagyň ady Ýewropanyň günortasyndaky uly ýarym adanyň ady hökmünde-de ulanylmaga başlaýar. Ýewropa alymlary, köplenç hem rus ýer ölçeýjileri tarapyndan Türkmenistandaky Balkanyň ady biraz üýtgedilip, ol Balhan, Balhany görnüşinde ulanyldy.