Barlamak üçin
OGUZ HAN PYGAMBERMI? II bölüm
Bu taryhy çaklama türk alymlarynyñ hem gatnaşan birnäçe daşary ýurtly arheologlaryñ gatnaşmagynda Hytaýda tapylan bäş müñ ýyllyk taryhy bolan bir piramidada itiñ we Aý-ýyldyzyñ suratlarynyñ tapylmagy bilen hasam güýjedi. Bu suratlary üns bilen derñän alymlar Aý-ýyldyzyñ we it simwolynyñ birleşdirilip çekilendigini anykladylar. Taryhy tapyndylar arkeologlary hasam höweslendirdi we olar ylmy-barlaglaryny hasam çuñlaşdyrdylar. Netijede nesilbaşymyz Oguz han tarapyndan ýazylan ýazgylara duş geldiler. Ýazgylarda haýran galdyryjy maglumatlar ýüze çykaryldy. Bularyñ iñ täsini bolsa Zulkarneýin aleýhissalam bilen meñzeşlik görkezýän jümleleriñ ulanylmagydy. "Gurhanda" Zulkarneýiniñ Gündogara, Günbatara we Günortadan Demirgazyga aýry-aýry üç ýöriş geçirendigi aýdylýar. Oguz hanyñ bir ýüz ýigrimi alty ýyllyk hökümdarlyk döwründe Turana, Hindistana, Yraga, Şama, Müsüre çenli ýöriş edendigi we ol ýerlere häkim belländen soñra ýurduna dolanandygy bellidir. Bilge Kaganyñ ýazgylarynda bu barada şeýle diýilýär: “Gündogarda Günüñ dogýan ýerine, günortada Günüñ ortalaýan ýerine, Günbatarda Günüñ batýan ýerine, demirgazykda gijäñ ýarymyna (alty aýa çekýän polýar gijeleri) çenli ýurtlarda ýaşaýan hemme halklar maña garaşlydyr. Munça milleti öz agzyma bakdyrdym. Indi bimazalyk ýok. Türk kagany Ötükende oturýarka, ýurt asuda bolar." Bu maglumatlar Zulkarneýin bilen Oguz hanyñ arasynda bire-bir meñzeşligiñ bardygyny görkezýär. Emma ýeke meñzeşlik bu däl. "Halklary tertibe salmak üçin Tañrydan emir aldym. Onuñ ýardamy we rehmeti bilen bu maña kyn düşmedi. Tañrynyñ goldawynyñ bolandygy üçin halkyma göz bilen görüp, gulak bilen eşdip bolmajak ýerleri alyp berdim. Hut Tañrynyñ buýrugy bilen size Kagan boldum. Tañry ýardam berendigi üçin dünýäniñ çar künjeginde ýaşaýan halklary bir agza bakdyrdym". Mälim bolşy ýaly "Gurhanda-da" Zulkarneýiniñ Günüñ dogýan we batýan ýerlerine gidendigi barada aýdylýar. "Kehf" süresiniñ 90-njy aýatynda: "Günüñ dogýan ýerine baranynda, ony bir kowumyñ üstüne dogup durka bardy, olar üçin Güne garşy gorag perdesini örtmändik". Oguz hanyñ ýazgylarynda basyp alan ýerlerimde hiç dile düşünmeýän bir halka sataşandygy aýdylýar. "Kehf" süresinde hem muña meñzeş jümleler aýdylyp geçilýär... Zulkarneýiniñ hem şeýle kowuma duş gelmegi onuñ Oguz handan başga hiç kim däldigine bolan taryhy çaklamany has-da güýçlendirýär. Halk arasynda geçmişde ata-babalarymyzyñ oda çokunandygyna ynanylýan ýerleri az däl. Emma bu pikir Ýewropa çeşmelerinden çykan pikirdir. Şu ýerde bir zady aýdaýyn, aslynda otparazlyk dininde hem oda hudaý hökmünde seredilmeýär, oda mukaddeslik hökmünde seredilýär. Biz çörege, duza nähili mukaddeslik hökmünde garaýan bolsak olar hem oda şol göz bilen garapdyrlar, olar diñe oda däl, suwa, topraga, howa hem mukaddeslik hökmünde garaýardylar. Hut şonuñ üçin ody, suwy, topragy, howany hapalamak külli günä saýylardy. Otparazlykda Ahura Mazda ýeri-gögi ýaradan baş hudaý hasaplanylýar we şeriñ hudaýy Spenta Manýuwa (şeýtan, iblis) garşy haýyr bilen şeriñ barlyşyksyz göreşinden söz açylýar. Elbetde bu din hem yslamdan öñki dinlerde bolşy ýaly wagtyñ synagyndan geçip bilmändi. Megerem bu dini üýtgedenler b.e.öñ 600-nji ýyllaryndan we biziñ eýýamymyzyñ 650-nji ýyla çenli otparazlygy resmi dini yglan edip, şol sanda özlerini hudaýyñ nesli hasaplan Pers imperatorlary bolsa gerek. Otparazlyk dini Orta Aziýada 3.500 ýyl mundan öñ dörän dindir we Zaratuşrta Espantaman onuñ pygamberidir. Otparazlyk hut Orta Aziýadan Eýrana we Kawkaz ýurtlaryna ýaýraýar. Diñe "Awesta" ýaly dini we dünýewi meseleleri beýan edýän ensiklipediki eseriñ özi hem aslynda bu diniñ ýekehudaýly ynanja uýan ylahy dindigini subut edýän bolsa gerek. "Awesta" kitaby çuññur öwrenilse biziñ gadymy taryhymyza degişli birgiden maglumatlary ýüze çykaryp bolsa gerek. Gadymy taryhy tapyndylarda Oguz hanyñ halky ýeke-täk Hudaýyñ özüne öwreden zatlaryny halka ündändigi ýazylypdyr. Hatda Ýafesden başlap Oguz hana çenli onuñ şejeresiniñ hem mömin adamlar bolandygyna degişli ýazgylar bar. Ol ýazgylaryñ birinde şeýle sözler bar: Oguz han kowmuna hanyf dinini öwredýärdi. Oguz han Hezreti Ybraýymyñ dini bolan hanyf dinini ýaýradypdy". Ýagny yslamdan öñ 3700 ýyl, jemi alanda bizden 5200 ýyl mundan öñem türki kowumlar hanyf (ýekehudaýlylyk) dinine ynanýarlardylar we olar mömindiler. Oguz hanyñ ýazgylarynda hut şu jümlelere duş gelmek bolýar: "Kowmuma Tañrynyñ Ybraýyma görkezen ýoluny öwretmegim üçin Tañrydan emir aldym". Oguz han sözlerine şeýle dowam edýär: "Rahat durmuşa, baýlyga hytaý ýüpegina aldanma! Halkyma altyn-kümüş peşgeş etdim. Hökmürowanlyk eden halklaryma häkim bolup, magdanlar eretdim we onuñ bilen ullakan bir diwar galdyrdym". Mälim bolşy ýaly "Gurhanda" hem Zulkarneýiniñ magdanlary eredip ullakan bir diwar galdyrandygy aýdylýandyr. Zulkarneýin bilen Oguz hanyñ arasyndaky ýene bir meñzeşlik bar. Olam "Zulkarneýin" arap dilinde "goşa şahly" manysyny berýär. Oguz han hem döwründe kellä geýilýän şahly şlýomlary (başgaplar) ulanar ekeni. Oguz hanyñ ýazgylarynda ýarsy öçürilen ýene bir jümle bar: "Zulkarneýimi kellä geýip, dünýäniñ üç künjegine gidenimde... Yzyny özüñiz pikir ediñ. Eýsem Oguz hana Zulkarneýin ýa-da bir pygamber diýmän näme diýerdiñiz özüñiz?! Hawa, türkmen halkynyñ gadymy taryhy düýpli öwrenilse, edil ýewreýlerdäki ýaly bizde hem ençeme pygamberleriñ bolup geçendigi anyklansa gerek..
Peýdalanylan çeşmeler:
1). "Gorkut ata" eposy, 2). "Oguznama" eposy, 3). Osman Öde "Garaşslyk diwany", 4). Wilgelm Radloff "Türklük we şamanlyk", 5). Mustafa Çewik "Hökümdar", 6). Ahmet Turgut "Türk pygamber Bozgyryñ syry".
Has Türkmen Turanly.