Peçenegler

(Beçene sahypasyndan gönükdirildi)

Peçenegler – Gadymy türk, orta asyr rus we gündogar Ýewropa ýurtlarynyň taryhynda öçmejek yz galdyran kuwwatly türki taýpalaryň biri peçeneglerdir. Türki halklarda beçene, itbeçene görnüşlerinde ulanylan bu etnik adyň gadymy görnüşi Peçenegdir (XI asyr alymy Mahmyt Kaşgary bu ady şeýle ulanypdyr). «Beçene» sözüniň öňüne «it» sözüniň goşulyşyny Abylgazy (XVII asyr) özüniň «Türkmenleriň şejeresi» diýen kitabynda şeýle düşündirýär: «Beçeneler salyrlar bilen tersleşip Toýmadyk hanyň ýolbaşçylygynda olary ýeňýärler. Muny gaty gören salyrlar beçeneleri it bilen deňeşdirip, olara ýigrenç bilen itbeçene diýen ady dakýarlar.» Abylgazynyň bu pikiri bilen ylalaşmak mümkin däl, çünki gadymy türklerde it ýigrenji däl-de, eýsem çuň hormaty bildiren söz bolupdyr, hatda irki ata-babalarymyz iti börüden soňra ikinji orunda goýupdyrlar (bu barada barak, it, ganjyk, köpek etnonimlerine bagyşlanan makalada giňden gürrüň edipdik). Eýsem peçenekler kim? Olaryň asly watany nirede?X一XI asyrlarda Kiýew knýazlaryny uly howsala salan, ady agzalanda Bulgarystan, Hazarystan, Majarystan ýaly uly döwletleriň patyşalarynyň ýüregine dowul düşüren peçenegler öz aslyny VI一VII asyrlarda Beýik Türk kaganatyny (imperiýasyny) emele getiren türki taýpalardan (Gök türklerden) alyp gaýdýar. Şol döwürde Yssyköl we Balkaş etraplarynda ýaşan bu peçeneklere onoklar ýa-da türkeşler hem diýlipdir. Beýik Türk imperiýasy synandan soň, şol döwrüň syýasy wakalary ençeme türki taýpalaryň çar tarapa dagamagyna sebäp bolýar. IX asyryň birinji ýarymynda peçenegleriň uly bölegi Emba, Ural, Wolga, Don etraplaryna ýöriş edýärler. Olar Kiýew knýazlarynyň serhetindäki giň sähralarda orun tutýarlar. IX 一X asyrlarda peçenekler topar-topar göçüp gelip, bu ýerde olaryň sany barha köpelýär. 915一1036-njy ýyllar aralykda, Kiýew knýazlary Igoryň we Swýatoslawyň höküm süren döwürlerinde, peçenegler orus knýazlyklaryna 11 gezek gazaply hüjüm edýärler, hat-da 968-nji ýylda Kiýewi hem gabaýarlar. Çarwa peçenegler öri gözleginde diňe bir Orsýetiň günorta oblastlaryna ýaýraman, eýsem olaryň uly toparlary Majarystan (Wengriýa), Bolgariýa ýaly Ýewropa ýurtlaryna hem göçüp gidýärler. Rus knýazlary birleşip, peçenegleriň garşysyna güýç toplaýarlar. Netijede, orus knýazlary Ýaroslaw Mudryý 1036-njy ýylda peçenegleri Kiýewiň eteginde kül-peýekun edýär. Peçenegler dagaýar, olar kem-kemden üstün çykan halklaryň (oruslaryň, ukrainleriň, bolgarlaryň, majarlaryň arasyna siňip gidýär. XI asyrda «Türki sözler diwany» diýen ajaýyp sözligi ýazan Mahmyt Kaşgary peçenegleri 22 türkmen taýpasynyň arasynda 19-njy, Reşideddin (XVI asyr) beçenäni 24 taýpanyň arasynda 7-nji, Abylgazy hem (XVIII asyr) 14-nji orunda goýýar. Bu orta asyr alymlarynyň eserlerinde peçenegler biragyzdan türkmen saýylýar. Beýik göçe-göçlük eýýamynda (IX一X asyrlar) peçenegleriň ählisi uçdan-tutma Orsyýet sähralaryna göçmän, olaryň belli bir bölegi Yssykköl etraplarynda galypdyrlar we häzirki türkmen, gyrgyz we beýleki halklaryň dürli taýpa-tirelerini emele getiripdirler. Haýsy döwürde we haýsy ýerde ýaşaýandygyna seretmezden, beçeneleriň (peçenegleriň) tagmalary hem meňzeş: rim sifri V ýaly (Mahmyt Kaşgary ony ýatyryp goýýar 一>, Abylgazy başaşak 一Λ). Diýmek, bu çeşmelerde şol bir taýpa barada gürrüň gidýär. Hatda gyrgyz etnograflary häzirki gyrgyzlaryň düzüminde saklanyp galan itbeçene taýpasyny hem oguz-türkmen elementi hasaplaýarlar. Ýene bir zady şu ýerde ýatlap geçeliň. X asyrda Ýewropa göçen peçenegler 8 sany uly taýpadan ybarat eken. Eýýäm XIII asyrda olaryň sany 13-e ýetýär. Şol taýpalaryň arasynda ertem, gapan, garaja, gögerçi, temir, teber ýaly atlary göterýänleri hem bar. Bu atlar şol durşuna ýa-da biraz üytgän görnüşde türkmen etnonimiýasynda hem duş gelýär. Meselem Darganatadaky Gögerçinli diýen orta asyr galasy beçeneleriň gögerji taýpasynyň wekilleri tarapyndan salnandyr diýip çaklaýarys. Saryklaryň erden, ärsarylaryň gapan, garaja, saryklaryň, ýomutlaryň, çowdurlaryň, salyrlaryň düzümindäki temir, temirli, temirogly, tekeleriň arasyndaky teber diýen tire-taýpa atlary peçeneg etnonimleri bilen ýöne ýerden gabat gelenok, olar peçenegler bilen beýleki türkmen taýpalarynyň arasyndaky gadymy etnik aragatnaşyklardan habar berýärler. Indi peçeneg, beçene diýen adyň manysy barada gürrüň edeliň. Ýatlanan orta asyr alymlarynyň ählisi, şeýle-de Ýazyjy-ogly (XV asyr), Salar baba Gulaly ogly (XVI asyr) dagy bu sözi Oguz hanyň ogly Gökhanyň oglynyň ady hasap edýärler we onuň manysyny «kylguçy», ýagny, «ýerine ýetiriji», «hyjuw bilen iş ediji» diýip düşündirýärler. Akademik S. P. Tolstow peçeneg diýen etnonimi gadymy apasiak ýa-da pasian diýen halk adyna syrykdyrsa, garagalpak alymy D. Aýtmyradow bu ady üç bölege bölüp, onuň biç bölegini hindi-ýewropa dillerinde «gamçy», «örülen ýüp» manysyny aňladan söz, -ýen we -ýeg böleklerini bolsa at ýasaýjy goşulmalar hasaplaýar. Onuň pikiriçe, bu at «depesinde gamçy ýaly örülen saç goýýanlar» diýmekdir, çünki gadymy türki halklaryň erkeklerinde şeýle däp ýörgünli bolupdyr. Bu düşündirişleriň hiç haýsysyna-da ynanasyň gelmeýär. Biziň pikirimizçe, peçeneg sözüniň manysy babatda Krymdaky türki halklar (türkmenler) barada 1929-njy ýylda uly makala ýazan Z. Ş. Nawşirwanowyň pikiri hakykata ýakynyrakdyr. Ol bu ady peçen we ýek diýen iki bölege bölüp, birinji bölegini bijin-piçin-peçen, ýagny «maýmyn» sözüne syrykdyrýar, -ýek bolsa at ýasaýjy goşulmadyr. Şeýlelikde, bu alym peçeneg diýen etnonimi totemden emele gelen at hasaplaýar. Alymyň bu pikiri goldanmaga mynasyp, çünki itbeçene diýen adyň birinji bölegi hut Türkmenleriň eý görýän haýwany, ýagny itiň totem hasaplanmagy bilen baglanyşyklydyr. Her niçik bolsa-da, orus senenamalarynda öwran-öwran atlary tutulýan torklar (türkler), uz (oguz), polowes (gypjak), kuman (gypjak), torkman (türkmen), çernyýe klobuki (garagalpak) ýaly türki taýpalar bilen bir hatarda, oguzlaryň peçeneg diýen gadymy taýpasy türkmen ganyny orus ukraýin, belorus, majar, bolgar, polýak,ýugoslaw gany bilen gatyşdyran, gan-garyndaş eden taýpa hökmünde bellenmäge mynasypdyr.

Çeşme düzet

Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmenleriň nesil daragty) Aşgabat «Turan一1» 1994. sah 71-73.